Mattanyň Hoş Habary Chapter 23

For English

Read Mattanyň Hoş Habary Chapter 23 Online

Read Mattanyň Hoş Habary Chapter 23 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Mattanyň Hoş Habary in the New Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Mattanyň Hoş Habary and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

A+ A A-

Mattanyň Hoş Habary 23

Bap 23

1. Onsoň Isa halka, Öz şägirtlerine şeýle gürrüň berdi:

2. Kanunçylar bilen fariseýler Musanyň ornunda otyrlar.

3. Şonuň üçin olaryň size aýdýanlarynyň baryny ýerine ýetiriň, berjaý ediň, ýöne olaryň edenlerini etmäň, çünki aýdyp-da, özleri edýän däldirler.

4. Olar agyr, götermesi kyn ýükleri baglap, adamlaryň gerşine goýýandyrlar, ýöne özleri bu ýükleri götermek üçin bir barmaklaryny hem gymyldatmak isleýän däldirler.

5. Olar edýän ähli zatlaryny göz üçin edýändirler. Doga gutularyny giňeldip, geýimleriniň pürçügini uzaldýandyrlar.

6. Zyýapatlarda töri, sinagogalarda baş kürsüleri,

7. bazar ýerinde salam almagy, adamlaryň özlerine „mugallym" diýmegini söýýändirler.

8. Siz özüňize „mugallym, mugallym" diýdirmäň, çünki siziň Mugallymyňyz birdir, siziň baryňyz dogansyňyz.

9. Ýer ýüzünde hiç kime „Ata" diýmäň, çünki siziň Ataňyz birdir, Ol Gökdedir.

10. Özüňize „Ýolbaşçy" diýdirmäň, çünki siziň Ýolbaşçyňyz birdir, Ol Mesihdir.

11. Ulyňyz hemmäňize hyzmatkär bolsun.

12. Çünki özüni beýgelden peseler, özüni peselden beýgeler.

13. Waý günüňize, eý, kanunçylar we fariseýler, ikiýüzlüler! Çünki siz Gögüň Patyşalygyny adamlara baglaýarsyňyz, ne özüňiz girýärsiňiz, ne-de girjeklere ýol berýärsiňiz.

14. Waý günüňize, eý, kanunçylar we fariseýler, ikiýüzlüler! Çünki siz dul hatynlaryň öýlerini talap, göz üçin uzyn-uzyn dogalar okan bolýarsyňyz. Şonuň üçin siz has agyr jeza sezewar bolarsyňyz.

15. Waý günüňize, eý, kanunçylar we fariseýler, ikiýüzlüler! Çünki birje adamy öz diniňize girizjek bolup, deňizlere, düzlere aýlanýarsyňyz. Girizeniňizde bolsa, ony özüňizden iki esse dowzah ogly edýärsiňiz.

16. „Biriniň ybadathanadan ant içmegi möhüm däl, ýöne kim ybadathananyň gyzylyndan ant içse, öz antyna daňylgy bolar" diýýän kör ýol görkezijiler, waý günüňize!

17. Eý, akmaklar we körler! Haýsysy uly, gyzylmy ýa gyzyly mukaddes edýän ybadathana?

18. Ýene: „Biriniň gurbanlyk edilýän ýerden ant içmegi möhüm däl, ýöne kim onuň üstündäki gurbandan ant içse, öz antyna daňylgy bolar" diýýärsiňiz.

19. Eý, akmaklar we körler! Haýsysy uly, gurbanmy ýa gurbany mukaddes edýän gurbanlyk ýeri?

20. Gurbanlyk edilýän ýerden ant içýän ondan hem onuň üstündäki zatlaryň hemmesinden ant içýändir.

21. Ybadathanadan ant içýän ondan we onuň içinde mekan tutan Hudaýdan ant içýändir.

22. Gökden ant içýän Hudaýyň tagtyndan we onuň üstünde Oturandan ant içýändir.

23. Waý günüňize, eý, kanunçylar we fariseýler, ikiýüzlüler! Çünki siz narpyzdan, anisden we zireden zekat berip, kanunyň wajybrak işlerini, adyllygy, rehimdarlygy, imany taşladyňyz. Bu zatlary etmeli, beýlekileri-de taşlamaly däldiňiz.

24. Eý çybyny süzüp aýryp, düýäni ýuwudýan kör ýol görkezijiler!

25. Waý günüňize, eý, kanunçylar we fariseýler, ikiýüzlüler! Çünki siz käsedir gap-çanagyň daşyny arassalaýarsyňyz, olaryň içi bolsa ogurlyk hem nebisjeňlikden doly.

26. Eý, kör fariseý! Käsedir gap-çanagyň daşy-da arassa bolar ýaly, öňinçä içini arassala.

27. Waý günüňize, eý, kanunçylar we fariseýler, ikiýüzlüler! Çünki siz agardylyp, daşyndan owadan görünýän, ýöne içi ölüleriň süňkleri we her tüýsli murdarlykdan doly mazarlarsyňyz.

28. Siz hem daşyňyzdan adamlara dogry adam ýaly görünýärsiňiz, ýöne içiňiz ikiýüzlülikden, erbetlikden doly.

29. Waý günüňize, eý, kanunçylar we fariseýler, ikiýüzlüler! Çünki siz pygamberlere mazarlar salyp, dogry adamlaryň ýadygärliklerini bezäp:

30. „Biz atalarymyzyň günlerinde bolan bolsak, pygamberleriň ganyny dökmekde olara şärik bolmazdyk" diýýärsiňiz.

31. Şeýlelik bilen, pygamberleri öldürenleriň ogullarydygyňyza özüňiz güwä geçýärsiňiz.

32. Onda, atalaryňyzyň başlan işlerini tamamlaň!

33. Eý ýylanlar we alahöwrenler nesli! Dowzah höküminden nähili gaçjak?

34. Şoňa görä, ine, Men size pygamberler, akyldarlar we kanunçylar ýollaýaryn. Siz olaryň käbirini öldürersiňiz, haça çüýlärsiňiz, käbirini-de sinagogalaryňyzda ýenjersiňiz, şäherden-şähere kowalarsyňyz.

35. Şeýlelikde, dogry adam bolan Habylyň ganyndan tä ybadathana bilen gurbanlyk edilýän ýer arasynda öldüreniňiz Berekýanyň ogly Zekerýanyň ganyna çenli, her dogry adamyň ýer ýüzünde dökülen ganyna siz jogapkärsiňiz.

36. Size dogrusyny aýdýaryn, bu zatlaryň ählisine şu nesil jogapkärdir.

37. Eý, Iýerusalim! Pygamberleri öldürýän, özüne ýollananlary daşlaýan Iýerusalim! Bir towugyň jüýjelerini ganatlarynyň aşagyna ýygnaýşy ýaly, Men hem ençeme gezek seniň çagalaryňy ýygnajak boldum, emma siz islemediňiz.

38. Ine, öýüňiz size haraba bolup galýar.

39. Çünki size aýdýaryn, siz „Rebbiň adyndan gelen gutly bolsun" diýene deňeç Meni gaýtadan görmersiňiz».

About Mattanyň Hoş Habary Chapter 23

Read Mattanyň Hoş Habary Chapter 23 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Mattanyň Hoş Habary in the New Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Mattanyň Hoş Habary
Chapter: 23
Testament: New Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Mattanyň Hoş Habary. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Mattanyň Hoş Habary Chapter 23 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Mattanyň Hoş Habary Chapter 23?

Mattanyň Hoş Habary Chapter 23 is part of the Book of Mattanyň Hoş Habary in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Mattanyň Hoş Habary Chapter 23 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from mattanyň-hoş-habary

  1. Mattanyň Hoş Habary Chapter 24
  2. Mattanyň Hoş Habary Chapter 26
  3. Mattanyň Hoş Habary Chapter 16
  4. Mattanyň Hoş Habary Chapter 8
  5. Mattanyň Hoş Habary Chapter 28
  6. Mattanyň Hoş Habary Chapter 18
  7. Mattanyň Hoş Habary Chapter 13

Explore More from Täze Äht

  1. Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 20
  2. Lukanyň Hoş Habary Chapter 1
  3. Filipililere haty Chapter 4
  4. Ýewreýlere haty Chapter 9
  5. 1 Korintoslylara haty Chapter 15
  6. Lukanyň Hoş Habary Chapter 23
  7. Resullaryň Işleri Chapter 12

Related Chapters & Readings

  1. Eýýup Chapter 17
  2. Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 12
  3. Markusyň Hoş Habary Chapter 10
  4. 1 Selaniklilere haty Chapter 2
  5. Amos Chapter 9
  6. Işaýa Chapter 61
  7. Ýahýanyň birinji haty Chapter 3
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *