Mattanyň Hoş Habary Chapter 25

For English

Read Mattanyň Hoş Habary Chapter 25 Online

Read Mattanyň Hoş Habary Chapter 25 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Mattanyň Hoş Habary in the New Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Mattanyň Hoş Habary and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Mattanyň Hoş Habary 25

Bap 25

1. Şonda Gögüň Patyşalygy çyralaryny alyp, giýewi garşylamaga çykan on gyz ýaly bolar.

2. Olaryň bäşisi akylsyz, bäşisi-de akylly eken.

3. Akylsyzlar çyralaryny alýarlar, ýöne ýanlaryna ýag almaýarlar.

4. Akyllylar çyralary bilen birlikde gaplarda ýag äkidýärler.

5. Giýew gijä galanda, hemmesi irkilip uklaýarlar.

6. Ýarygije: „Ine, giýew gelýär, garşylamaga çykyň!" diýen batly ses eşidilýär.

7. Şonda ýaňky gyzlaryň hemmesi turup, çyralaryny taýýarlaýarlar.

8. Akylsyzlar akyllylara: „Bize ýagyňyzdan biraz beriň, çyralarymyz sönüp barýar" diýýärler.

9. Emma akyllylar jogap berip: „Bize-de, size-de ýetmezlik edäýmesin, gowusy, satyjylara baryň-da, özüňiz üçin alaýyň" diýýärler.

10. Olar ýag satyn almaga gidenlerinde, giýew gelýär, taýýar bolup duranlar onuň bilen toýhana girýärler welin, gapy ýapylýar.

11. Beýleki gyzlar hem soň gelip: „Aga! Aga! Gapyny aç" diýýärler.

12. Emma ol jogap berip: „Size dogrusyny aýdýaryn, men sizi tanamok" diýýär.

13. Şeýlelik bilen, oýa boluň, çünki siz Ynsan Oglunyň ne geljek gününi, ne-de sagadyny bilýärsiňiz».

14. Gögüň Patyşalygy uzak ýola çykmakçy bolup, hyzmatkärlerini ýanyna çagyryp, mal-mülküni olara tabşyran adam ýalydyr.

15. Bu adam her haýsynyň başarnygyna laýyk: birine ― bäş, birine ― iki, birine ― bir talant berip, derrew ýola düşýär.

16. Bäş talant alan gidip, bu pul bilen söwda etmäge girişýär, ýene bäş talant gazanýar.

17. Iki talant alan-da şonuň ýaly, ýene iki talant gazanýar.

18. Bir talant alan bolsa baryp, topragy gazýar-da, agasynyň puluny gizleýär.

19. Köp wagtdan soň bu hyzmatkärleriň agasy gelip, olardan hasabat soraýar.

20. Bäş talant alan gelip, ýene bäş talant getirip: „Eý aga! Sen maňa bäş talant beripdiň, ine, men ýene bäş talant gazandym" diýýär.

21. Agasy oňa: „Berekella, ýagşy, sadyk hyzmatkär! Sen az zatda sadyk bolduň, men saňa köp zatlary ynanaryn, agaň şatlygyna şärik bol" diýýär.

22. Iki talant alan hem gelip: „Eý aga! Sen maňa iki talant beripdiň, ine, men ýene iki talant gazandym" diýýär.

23. Agasy oňa: „Berekella, ýagşy we sadyk hyzmatkär! Sen az zatda sadyk bolduň, men seni köp zatlara bellärin, agaň şatlygyna şärik bol" diýýär.

24. Bir talant alan hem gelip: „Eý aga, men seniň gaty adamdygyňy bilýärdim. Sen ekmedik ýeriňden orýarsyň, sepmedik ýeriňden ýygýarsyň.

25. Şonuň üçin gorkdum, gidip, talantyňy toprakda gizledim, ine, puluňy al!" diýýär.

26. Emma agasy oňa şeýle diýýär: „Erbet hem ýalta hyzmatkär! Sen meniň ekmedik ýerimden orýandygymy, sepmedik ýerimden ýygýandygymy bilýärmidiň?

27. Onda, pulumy pul işledýänlere bermelidiň, men-de gelip, ony peýdasy bilen alardym.

28. Indi bir talanty ondan alyň-da, on talantla beriň.

29. Çünki kimde bar bolsa, oňa berler, ondaky bol bolar, kimde ýok bolsa, onuň elindäki hem alnar.

30. Peýdasyz hyzmatkäri daşaryk garaňkylyga taşlaň. Ol ýerde agy we diş gyjama bolar"».

31. Ynsan Ogly öz şöhraty içinde ähli perişdeler bilen gelip, şöhratly tagtynda oturar.

32. Ähli milletler Onuň öňüne ýygnanar, çopanyň goýunlary geçilerden saýlaýşy ýaly, Ol hem olary biri-birinden saýlar.

33. Goýunlary sagynda, geçileri hem solunda goýar.

34. Onsoň Patyşa sagyndakylara diýer: „Eý, Atamyň gutlanlary! Geliň, dünýä gurlaly beri siziň üçin taýýarlanan patyşalygy miras alyň.

35. Çünki açdym ― iýmäge zat berdiňiz, teşnedim ― suw berdiňiz, ýatdym ― myhman aldyňyz,

36. ýalaňaçdym ― geýindirdiňiz, syrkawdym ― idetdiňiz, zyndandadym ― görmäge geldiňiz".

37. Şonda dogry adamlar Oňa jogap berip diýerler: „Ýa Reb, biz Seni haçan aç görüp, naharladyk ýa haçan teşne görüp, suw berdik?

38. Haçan Seni ýat görüp, myhman aldyk ýa ýalaňaç görüp geýindirdik?

39. Haçan Seni syrkaw ýa-da zyndanda görüp, ýanyňa geldik?"

40. Patyşa jogap berip olara diýer: „Size dogrusyny aýdýaryn, Meniň bu iň kiçi doganlarymdan birine edeniňizi Maňa edensiňiz".

41. Onsoň solundakylara şeýle diýer: „Eý, lagnatlylar, Meniň ýanymdan aýrylyň, iblis bilen onuň perişdelerine taýýarlanan ebedi oda gidiň.

42. Çünki açdym ― iýmäge zat bermediňiz, teşnedim ― suw bermediňiz,

43. ýatdym ― myhman almadyňyz, ýalaňaçdym ― geýindirmediňiz, syrkawdym we zyndandadym ― ýanyma gelmediňiz".

44. Şonda olar şeýle jogap bererler: „Ýa Reb, biz Seni haçan aç, teşne, ýat, ýalaňaç, syrkaw ýa zyndanda görüp-de, Saňa hyzmat etmedik?"

45. Şonda olara şeýle jogap berer: „Size dogrusyny aýdýaryn, bu iň kiçilerden birine etmedigiňizi, Maňa eden dälsiňiz".

46. Bular ebedi jeza, dogry adamlar bolsa ebedi ýaşaýşa giderler».

About Mattanyň Hoş Habary Chapter 25

Read Mattanyň Hoş Habary Chapter 25 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Mattanyň Hoş Habary in the New Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Mattanyň Hoş Habary
Chapter: 25
Testament: New Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Mattanyň Hoş Habary. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Mattanyň Hoş Habary Chapter 25 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Mattanyň Hoş Habary Chapter 25?

Mattanyň Hoş Habary Chapter 25 is part of the Book of Mattanyň Hoş Habary in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Mattanyň Hoş Habary Chapter 25 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from mattanyň-hoş-habary

  1. Mattanyň Hoş Habary Chapter 23
  2. Mattanyň Hoş Habary Chapter 24
  3. Mattanyň Hoş Habary Chapter 26
  4. Mattanyň Hoş Habary Chapter 16
  5. Mattanyň Hoş Habary Chapter 8
  6. Mattanyň Hoş Habary Chapter 28
  7. Mattanyň Hoş Habary Chapter 18

Explore More from Täze Äht

  1. Efeslilere haty Chapter 1
  2. 1 Timoteosa haty Chapter 3
  3. 2 Korintoslylara haty Chapter 2
  4. Ýahýa gelen ylham Chapter 12
  5. Galatýalylara haty Chapter 6
  6. Resullaryň Işleri Chapter 9
  7. Markusyň Hoş Habary Chapter 10

Related Chapters & Readings

  1. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 20
  2. Gelip çykyş Chapter 9
  3. Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 19
  4. Çölde Chapter 6
  5. Kanun taglymaty Chapter 30
  6. Mika Chapter 2
  7. 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 27
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *