Ýakubyň haty Chapter 5

For English

Read Ýakubyň haty Chapter 5 Online

Read Ýakubyň haty Chapter 5 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ýakubyň haty in the New Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Ýakubyň haty and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

A+ A A-

Ýakubyň haty 5

Bap 5

1. Eý döwletliler, başyňyza geljek kynçylyklar üçin aglaň, perýat ediň!

2. Baýlygyňyz çüýräp, eşikleriňizi güýe iýendir.

3. Altynyňyz, kümşüňiz poslandyr, olaryň posy size garşy güwä geçip, etiňizi ot kimin iýer. Siz ahyrky günlerde hazyna ýygnadyňyz.

4. Ine, ekinleriňizi oran işçilere bermän saklan hakyňyz gygyrýar, orakçylaryň perýatlary Hökmürowan Rebbiň gulagyna ýetdi.

5. Siz ýer ýüzünde bolçulykda ýaşap, keýp çekdiňiz, damak çalynýan gün üçin ýüregiňizi semretdiňiz.

6. Size garşy durmasa-da, dogry adamy höküm edip öldürdiňiz.

7. Eý doganlar, Reb gelýänçä, sabyrly boluň. Ine, daýhan irki we soňky ýagşy alýança, ýeriň gymmatly hasyly üçin sabyrly garaşýar.

8. Siz hem sabyrly boluň, ýüregiňizi berkidiň, çünki Rebbiň geler wagty golaýdyr.

9. Eý doganlar, özüňiz höküm edilmez ýaly, biri-biriňizden şikaýat etmäň. Ine, höküm ediji gapynyň agzynda dur.

10. Eý doganlar, görgüde hem sabyrda Rebbiň adyndan geplän pygamberleri görelde ediniň.

11. Biz çydamlylyk görkezenlere bagtly diýýäris. Siz Eýýubyň çydamlylygyny eşitdiňiz, Rebbiň işiniň soňuny-da gördüňiz, çünki Reb köp şepagatly hem rehimdardyr.

12. Eý doganlar, her zatdan öň, höküm astyna düşmez ýaly, Gökden, Ýerden ýa başga zatdan kasam içmäň; diňe «hawaňyz» hawa, «ýoguňyz» ýok bolsun.

13. Araňyzda biri görgi görýärmi? Ol doga etsin. Biriniň keýpi kökmi? Mezmur okasyn.

14. Araňyzda biri syrkawmy? Ol ýygnagyň ýolbaşçylaryny ýanyna çagyrsyn, olar hem Rebbiň adyndan oňa ýag çalyp, onuň üçin doga etsin.

15. Iman dogasy syrkawa şypa berer; Reb ony dikelder. Eger ol günä eden bolsa bagyşlanar.

16. Şypa tapar ýaly, günäleriňizi biri-biriňiziň ýanyňyzda boýun alyp, biri-biriňiz üçin doga ediň. Dogry adamyň yhlasly dogasy gaty güýçlüdir.

17. Ylýas biziňki ýaly duýgulary bolan bir adamdy. Ol ýagyş ýagmasyn diýip, çyndan doga etdi. Şeýlelikde, üç ýyl alty aýlap ýer ýüzüne ýagyş ýagmady.

18. Ol ýene doga etdi ― Gök ýagyş berdi, Ýer öz miwesini getirdi.

19. Eý doganlar, araňyzdan biri hakykatdan azaşsa, biri ony öwürse,

20. onda ol muny bilsin: bir günäkäri ýalňyş ýolundan öwren bir jany ölümden gutaryp, köp günäleriň üstüni basyrar.

About Ýakubyň haty Chapter 5

Read Ýakubyň haty Chapter 5 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ýakubyň haty in the New Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Ýakubyň haty
Chapter: 5
Testament: New Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Ýakubyň haty. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Ýakubyň haty Chapter 5 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Ýakubyň haty Chapter 5?

Ýakubyň haty Chapter 5 is part of the Book of Ýakubyň haty in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Ýakubyň haty Chapter 5 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Täze Äht

  1. 2 Korintoslylara haty Chapter 2
  2. 2 Korintoslylara haty Chapter 3
  3. 2 Korintoslylara haty Chapter 6
  4. 2 Korintoslylara haty Chapter 5
  5. 2 Korintoslylara haty Chapter 4
  6. 2 Korintoslylara haty Chapter 10
  7. 2 Korintoslylara haty Chapter 9

Explore More from ýakubyň-haty

  1. Ýakubyň haty Chapter 2
  2. Ýakubyň haty Chapter 3
  3. Ýakubyň haty Chapter 4
  4. Ýakubyň haty Chapter 1

Related Chapters & Readings

  1. Zebur Chapter 119
  2. Gelip çykyş Chapter 1
  3. 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 25
  4. Lukanyň Hoş Habary Chapter 11
  5. Zebur Chapter 39
  6. Lewiler kitaby Chapter 7
  7. 2 Korintoslylara haty Chapter 4
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *