Read Mattanyň Hoş Habary Chapter 16 Online
Read Mattanyň Hoş Habary Chapter 16 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Mattanyň Hoş Habary in the New Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Mattanyň Hoş Habary and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Mattanyň Hoş Habary 16
Bap 16
1. Fariseýler bilen saddukeýler gelip, Isany synamak üçin, Ondan özlerine Gökden bir alamat görkezmegini haýyş etdiler.
2. Ol şeýle jogap berdi: «Agşam bolanda siz: „Howa gowy boljak, çünki asmanyň ýüzi gyzyl" diýýärsiňiz.
3. Ertir hem: „Bu gün gaý turjak, çünki asmanyň ýüzi gyzyl hem tutuk" diýýärsiňiz. Siz asmanyň ýagdaýyny saýgaryp bilýärsiňiz-de, döwrüň alamatlaryny saýgaryp bilmeýärsiňizmi?
4. Erbet we zynahor nesil bir alamat talap edýär, ýöne oňa Ýunusyňkydan başga alamat berilmez». Şeýlelikde, Isa olary taşlap gitdi.
5. Şägirtleri ol tarapa geçenlerinde, çörek almagy unudan ekenler.
6. Isa olara: «Sak boluň, fariseýleriň, saddukeýleriň hamyrmaýasyndan ägä boluň» diýdi.
7. Olar bolsa özara çekişip: «Çörek almandyrys» diýişýärdiler.
8. Emma Isa muny bilip, şeýle diýdi: «Eý imany azlar! Çörek almandyrys diýşip, nämä özara çekişýärsiňiz?
9. Bäş müň adam üçin bäş çörege we näçe sebedi dolduryp ýygnanlygyňyza entek hem düşünmeýärmisiňiz, ol ýadyňyza düşmeýärmi?
10. Dört müň adam üçin ýedi çörek we näçe sebedi dolduryp ýygnanlygyňyz-da ýadyňyza düşmeýärmi?
11. Men size: „Fariseýleriň, saddukeýleriň hamyrmaýasyndan ägä boluň" diýenimde, çörekden gürrüň etmeýänligime näme üçin düşünmeýärsiňiz?»
12. Şägirtler özlerine hamyrmaýa däl-de, fariseýler bilen saddukeýleriň taglymatyndan ägä boluň diýýänine şonda düşündiler.
13. Isa Kaýsariýa-Filipi etrabyna gelende şägirtlerinden: «Maňa ― Ynsan Ogluna adamlar kim diýýärler?» diýip sorady.
14. Olar: «Käbirleri çokundyryjy Ýahýa, käbirleri Ylýas, başgalary-da Ýeremiýa ýa pygamberleriň biri diýýärler» diýdiler.
15. Isa olara: «Siz Maňa kim diýýärsiňiz?» diýdi.
16. Simun Petrus: «Sen diri Hudaýyň Ogly Mesihsiň» diýip jogap berdi.
17. Isa Oňa şeýle diýdi: «Sen bagtlysyň, eý, Ýunus ogly Simun, çünki muny saňa aýan eden ynsan däl-de, Gökdäki Atamdyr.
18. Men saňa diýýärin, sen Petrussyň, Men ýygnagymy bu gaýanyň üstünde guraryn, dowzahyň derwezeleri oňa garşy durup bilmez.
19. Gögüň Patyşalygynyň açarlaryny saňa bererin. Ýer ýüzünde baglan her zadyň Gökde bagly bolar. Ýer ýüzünde açan her zadyň Gökde açyk bolar».
20. Onsoň şägirtlerine Özüniň Isa Mesihdigini hiç kime aýtmazlygy tabşyrdy.
21. Isa şondan beýläk şägirtlerine Özüniň Iýerusalime gitmelidigini, ýaşulularyň, baş ruhanylaryň we kanunçylaryň elinden görgi görmelidigini, öldürilip, üçünji güni direlmelidigini düşündirmäge başlady.
22. Petrus Ony bir çete çekip: «Ýa Reb, Hudaý saklasyn! Seniň başyňa asla beýle iş düşmez!» diýip, Onuň aýdanlaryna garşy çykdy.
23. Ol öwrülip, Petrusa: «Çekil öňümden, şeýtan! Sen Maňa päsgel berýärsiň, çünki sen Hudaý işlerini däl-de, ynsan işlerini oýlanýarsyň» diýdi.
24. Onsoň Isa şägirtlerine şeýle ýüzlendi: «Kim Meniň yzyma eýermek isleýän bolsa, özüni inkär etsin-de, haçyny alyp, yzyma düşsün.
25. Çünki kim janyny halas etmek islese, ony ýitirer, ýöne kim öz janyny Meniň ugrumda ýitirse, ony halas eder.
26. Sebäbi bir adam bütin dünýäni gazanyp, janyny ýogaltsa, oňa näme peýdasy bolar? Ýa-da adam janyna derek näme berip biler?
27. Ynsan Ogly Atasynyň şöhratynda Öz perişdeleri bilen gelende, her kime eden işlerine görä hakyny berer.
28. Size dogrusyny aýdýaryn, bu ýerde duranlaryň arasynda Ynsan Oglunyň Öz Patyşalygynda gelýänini görmezden öň, ölümi datmajak käbir adamlar bar».
About Mattanyň Hoş Habary Chapter 16
Read Mattanyň Hoş Habary Chapter 16 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Mattanyň Hoş Habary in the New Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Mattanyň Hoş Habary
Chapter: 16
Testament: New Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Mattanyň Hoş Habary. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Mattanyň Hoş Habary Chapter 16 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Mattanyň Hoş Habary Chapter 16?
Mattanyň Hoş Habary Chapter 16 is part of the Book of Mattanyň Hoş Habary in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Mattanyň Hoş Habary Chapter 16 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from mattanyň-hoş-habary
- Mattanyň Hoş Habary Chapter 23
- Mattanyň Hoş Habary Chapter 24
- Mattanyň Hoş Habary Chapter 28
- Mattanyň Hoş Habary Chapter 26
- Mattanyň Hoş Habary Chapter 18
- Mattanyň Hoş Habary Chapter 13
- Mattanyň Hoş Habary Chapter 8
Explore More from Täze Äht
- Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 17
- Markusyň Hoş Habary Chapter 4
- Lukanyň Hoş Habary Chapter 7
- Mattanyň Hoş Habary Chapter 3
- Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 2
- 1 Korintoslylara haty Chapter 12
- Ýahýanyň birinji haty Chapter 3