Read Mattanyň Hoş Habary Chapter 11 Online
Read Mattanyň Hoş Habary Chapter 11 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Mattanyň Hoş Habary in the New Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Mattanyň Hoş Habary and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Mattanyň Hoş Habary 11
Bap 11
1. Isa on iki şägirdine öwüt-nesihat berip bolanyndan soň, ol ýerden olaryň şäherlerine sapak bermäge, wagyz etmäge gitdi.
2. Ýahýa hem Mesihiň işlerini zyndanda eşidip, şägirtlerini iberdi.
3. «Sen şol geljek Mesihmi ýa-da biz başga birine garaşmalymy?» diýip, olara soratdy.
4. Isa şeýle jogap berdi: «Gidiň-de, görüp-eşidenleriňizi Ýahýa habar beriň.
5. Körler görýär, agsaklar ýöreýär, heýwere keselliler tämizlenýär, kerler eşidýär, ölüler direlýär, garyplara Hoş Habar wagyz edilýär.
6. Men sebäpli büdremedik bagtlydyr».
7. Olar gidende, Isa Ýahýa hakda halaýyga gürrüň bermäge durdy: «Çöle näme görmäge gitdiňiz? Ýeliň yraýan gamşynymy?
8. Eýsem, näme görmäge gitdiňiz? Nepis eşikler geýnen bir adamymy? Nepis eşikler geýnenler patyşalaryň köşklerindedir.
9. Eýsem, näme görmäge gitdiňiz? Bir pygamberimi? Hawa, size aýdýaryn, ol pygamberden hem artykdyr.
10. Ol hakda: „Ine, Men Öz habarçymy Seniň öňüňden iberýärin, ol öňden gidip, Seniň ýoluňy taýýarlar" diýip ýazylan şoldur.
11. Size dogrusyny aýdýaryn, aýaldan doglanlaryň arasynda Çokundyryjy Ýahýadan ulusy bolan däldir, ýöne Hudaýyň Patyşalygynda iň kiçi hem ondan uludyr.
12. Çokundyryjy Ýahýanyň günlerinden tä şu wagta çenli Gögüň Patyşalygy güýç-gaýrat bilen gazanylýar, ony güýç-gaýratlylar ele salýarlar.
13. Bütin pygamberler we kanun Ýahýa çenli welilik etdi.
14. Ony kabul etmek isleýän bolsaňyz, gelmegine garaşylýan Ylýas oldur.
15. Gulagy barlar eşitsin!
16. Men bu nesli kime meňzedeýin? Olar bazar ýerinde oturyp, öz ýoldaşlaryna:
17. „Size tüýdük çaldyk, tans etmediňiz; agy etdik, aglamadyňyz" diýip gygyrýan çagalara meňzeýärler.
18. Çünki Ýahýa geldi, ol iýenogam, içenogam. Olar bolsa, onuň jyny bar diýýärler.
19. Ynsan Ogly geldi, hem iýýär, hem içýär we olar: „Ine, horan, arakhor, salgytçy we günäkärleriň dosty" diýýärler. Ýöne akyldarlyk öz işleri bilen tassyklanar».
20. Onsoň, Isa mugjyzalarynyň köp ýüze çykan şäherlerine käýemäge durdy, çünki olar toba etmändiler.
21. Waý saňa, eý Horazin! Waý saňa, eý Beýtsaýda! Sizde ýüze çykan mugjyzalar Sur we Saýdada ýüze çykan bolsady, onda, olar eýýäm jul hem külüň içinde toba ederdiler.
22. Men size diýýärin, magşar güni Sur we Saýdanyň ýagdaýy siziň ýagdaýyňyzdan has ýeňil bolar.
23. Eý, arşa göterilen Kapernaum! Sen dowzaha çenli aşak taşlanarsyň, çünki sende ýüze çykan mugjyzalar Sodomda ýüze çykan bolsady, onda ol şu güne çenli galardy.
24. Saňa diýýärin, magşar güni Sodomyň ýagdaýy seniň ýagdaýyňdan has ýeňil bolar».
25. Şol wagt Isa sözüni dowam edip diýdi: «Saňa şükür edýärin, eý, Ýeriň-Gögüň Rebbi Atam! Çünki Sen bu zatlary akyldarlardan, düşünjelilerden gizläp, şu kiçijik çagalara aýan etdiň.
26. Hawa, eý Atam, Seniň islegiň şeýledi.
27. Atam ähli zady Maňa tabşyrdy. Ogly Atadan başga hiç kim tanaýan däldir, Atany-da Oguldan we Ogluň äşgär etmek isleýän adamlaryndan başga hiç kim tanaýan däldir.
28. Eý argynlar, agyr ýüklüler, Meniň ýanyma geliň, Men size dynçlyk bereýin.
29. Meniň boýuntyrygymy dakynyň-da, Menden öwreniň, çünki Men mylaýym hem pes göwünlidirin, janlaryňyz dynçlyk tapar.
30. Çünki Meniň boýuntyrygym ýumşakdyr, ýüküm ýeňildir».
About Mattanyň Hoş Habary Chapter 11
Read Mattanyň Hoş Habary Chapter 11 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Mattanyň Hoş Habary in the New Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Mattanyň Hoş Habary
Chapter: 11
Testament: New Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Mattanyň Hoş Habary. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Mattanyň Hoş Habary Chapter 11 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Mattanyň Hoş Habary Chapter 11?
Mattanyň Hoş Habary Chapter 11 is part of the Book of Mattanyň Hoş Habary in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Mattanyň Hoş Habary Chapter 11 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from mattanyň-hoş-habary
- Mattanyň Hoş Habary Chapter 23
- Mattanyň Hoş Habary Chapter 24
- Mattanyň Hoş Habary Chapter 26
- Mattanyň Hoş Habary Chapter 16
- Mattanyň Hoş Habary Chapter 8
- Mattanyň Hoş Habary Chapter 28
- Mattanyň Hoş Habary Chapter 18
Explore More from Täze Äht
- Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 8
- Lukanyň Hoş Habary Chapter 8
- Mattanyň Hoş Habary Chapter 1
- Ýahýa gelen ylham Chapter 11
- Ýewreýlere haty Chapter 4
- 2 Korintoslylara haty Chapter 10
- Mattanyň Hoş Habary Chapter 21