Mattanyň Hoş Habary Chapter 3

For English

Read Mattanyň Hoş Habary Chapter 3 Online

Read Mattanyň Hoş Habary Chapter 3 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Mattanyň Hoş Habary in the New Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Mattanyň Hoş Habary and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Mattanyň Hoş Habary 3

Bap 3

1. Şol günlerde Ýahudanyň çölünde wagyz edip, çokundyryjy Ýahýa peýda boldy.

2. Ol: «Toba ediň, çünki Gögüň Patyşalygy golaýlady» diýýärdi.

3. Sebäbi ol Işaýa pygamberiň: «Çölde gygyrýanyň sesi: „Rebbiň ýoluny taýýarlaň, Onuň ýodalaryny dogrulaň" diýýär» diýenidir.

4. Ýahýanyň düýe ýüňünden geýimi, bilinde gaýyş guşagy bardy, iýmiti bolsa ýabany bal bilen çekirtgedi.

5. Şonda Iýerusalim, tutuş Ýahuda we bütin Iordan etraby onuň ýanyna eňdi.

6. Olar günälerini boýun alýardylar, Ýahýa hem olary Iordan derýasynda çokundyrýardy.

7. Ýahýa köp fariseýleriň we saddukeýleriň-de çokundyrylmaga gelýändiklerini görüp, olara şeýle diýdi: «Eý, alahöwrenler nesli! Geljek gazapdan gaçmagy size kim salgy berdi?

8. Indi toba mynasyp hasyl beriň.

9. Içiňizden: „Biziň atamyz Ybraýymdyr" diýip oýlanmaň. Çünki men size aýdýaryn, Hudaý bu daşlardan-da Ybraýyma perzent ýaratmagy başarýandyr.

10. Palta eýýäm agaçlaryň düýbünde ýatyr: oňat miwe bermeýän agaç kesilip, oda taşlanar.

11. Men sizi toba üçin suw bilen çokundyrýaryn, ýöne menden soňra Geljek menden has güýçlüdir. Men Onuň çaryklaryny götermäge-de mynasyp däldirin. Ol sizi Mukaddes Ruh hem-de ot bilen çokundyrar.

12. Onuň küregi elindedir. Ol harman ýerini süpürip, bugdaýy Öz ammaryna ýygnap, samany sönmez otda ýakar».

13. Onsoň Isa Ýahýa tarapyndan çokundyrylmak üçin, Jelileden Iordana, Ýahýanyň ýanyna geldi.

14. Emma Ýahýa Ony saklap: «Meni Sen çokundyrmaly welin, Sen meniň ýanyma gelýärsiňmi?» diýdi.

15. Isa oňa: «Häzir, goý, şeýle bolsun, çünki bize hak zady berjaý etmek ýaraşýandyr» diýip jogap berdi.

16. Isa çokundyrylyp, derrew suwdan çykdy. Ine, Gök açyldy, Ol Hudaýyň Ruhunyň kepderi kimin Öz üstüne inip gelýänini gördi.

17. Şonda Gökden bir ses: «Bu Meniň söýgüli Oglum. Men Ondan köp razydyryn» diýdi. ‎

About Mattanyň Hoş Habary Chapter 3

Read Mattanyň Hoş Habary Chapter 3 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Mattanyň Hoş Habary in the New Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Mattanyň Hoş Habary
Chapter: 3
Testament: New Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Mattanyň Hoş Habary. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Mattanyň Hoş Habary Chapter 3 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Mattanyň Hoş Habary Chapter 3?

Mattanyň Hoş Habary Chapter 3 is part of the Book of Mattanyň Hoş Habary in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Mattanyň Hoş Habary Chapter 3 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from mattanyň-hoş-habary

  1. Mattanyň Hoş Habary Chapter 4
  2. Mattanyň Hoş Habary Chapter 8
  3. Mattanyň Hoş Habary Chapter 23
  4. Mattanyň Hoş Habary Chapter 5
  5. Mattanyň Hoş Habary Chapter 2
  6. Mattanyň Hoş Habary Chapter 1
  7. Mattanyň Hoş Habary Chapter 26

Explore More from Täze Äht

  1. 1 Timoteosa haty Chapter 5
  2. Efeslilere haty Chapter 3
  3. Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 11
  4. Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 12
  5. Resullaryň Işleri Chapter 6
  6. Resullaryň Işleri Chapter 12
  7. Galatýalylara haty Chapter 2

Related Chapters & Readings

  1. 1 patyşalar Chapter 6
  2. 2 patyşalar Chapter 14
  3. Ýahýa gelen ylham Chapter 6
  4. Ezra Chapter 3
  5. Çölde Chapter 28
  6. Gelip çykyş Chapter 26
  7. 1 Şamuwel Chapter 30
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *