Mattanyň Hoş Habary Chapter 8

For English

Read Mattanyň Hoş Habary Chapter 8 Online

Read Mattanyň Hoş Habary Chapter 8 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Mattanyň Hoş Habary in the New Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Mattanyň Hoş Habary and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Mattanyň Hoş Habary 8

Bap 8

1. Isa dagdan inende, uly märeke Onuň yzyna eýerdi.

2. Ine, heýwere keselli bir adam gelip: «Ýa Reb, eger isleseň, meni tämiz edip bilersiň» diýip, Oňa sežde etdi.

3. Isa hem elini uzadyp, oňa degirdi-de: «Isleýärin, tämiz bol!» diýdi. Ol hem şol bada heýwere keselinden tämiz boldy.

4. Isa oňa şeýle diýdi: «Ägä bol, muny hiç kime aýtma, ýöne git-de, özüňi ruhana görkez, hemmelere güwälik bolar ýaly, Musanyň tabşyran gurbanyny bagyş et».

5. Isa Kapernauma girende, bir ýüzbaşy Onuň ýanyna gelip:

6. «Reb, meniň hyzmatkärim öýde ysmaz bolup ýatyr, gaty yza çekýär» diýip, Oňa ýalbardy.

7. Isa oňa: «Baryp, ony sagaldaryn» diýdi.

8. Ýüzbaşy şeýle jogap berdi: «Ýa Reb, Seniň öýüme gelmegiňe men mynasyp däl, diňe birje söz aýt, hyzmatkärim sagalar.

9. Çünki men-de bir gol astyndaky adam, meniň gol astymda hem esgerler bar. Birine „Git" diýsem, gidýär, ýene birine „Gel" diýsem, gelýär, hyzmatkärime „Şuny et" diýsem, edýär».

10. Isa muny eşidende haýran galdy, yzyna düşüp gelýänlere şeýle diýdi: «Size dogrusyny aýdýaryn, Men hatda Ysraýylda hem beýle imany hiç kimde göremok.

11. Size diýýärin, gündogardan, günbatardan köp adamlar gelip, Ybraýym, Yshak we Ýakup bilen birlikde Gögüň Patyşalygynda oturarlar.

12. Patyşalygyň mirasçylary bolsa daşaryk garaňkylyga taşlanar, ol ýerde agy we diş gyjama bolar».

13. Isa ýüzbaşa: «Git, saňa iman edişiň ýaly bolsun» diýdi. Onuň hyzmatkäri şol sagadyň özünde sagaldy.

14. Isa Petrusyň öýüne baranda, onuň gaýynenesiniň gyzzyrma tutup ýatanyny gördi.

15. Onuň eline elini degirdi. Şol bada aýalyň gyzzyrmasy aýryldy, turup, Isa hyzmat etmäge durdy.

16. Agşam düşende, jyn-arwah uran köp adamlary Onuň ýanyna getirdiler. Ol hem bir söz bilen erbet ruhlary çykardy, syrkawlaryň hemmesini sagaltdy.

17. Bularyň hemmesi Işaýa pygamber arkaly aýdylan şu sözüň ýerine ýetmegi üçin boldy: «Biziň ejizliklerimizi Öz üstüne aldy, syrkawlyklarymyzy Öz gerdeninde çekdi».

18. Isa töweregindäki uly märekäni görüp, beýleki kenara geçmekligi buýurdy.

19. Şol wagt bir kanunçy gelip, Oňa: «Mugallym! Sen nirä gitseň, men-de Seniň yzyňa düşjek» diýdi.

20. Isa oňa: «Tilkileriň süreni, Gök guşlarynyň höwürtgesi bardyr, ýöne Ynsan Oglunyň başyny ýassyga goýara-da ýeri ýokdur» diýdi.

21. Başga bir şägirdi Isa: «Ýa Reb! Rugsat et, öňürti gidip kakamy jaýlaýyn» diýdi.

22. Emma Isa oňa: «Meniň yzyma düş, goý, ölüler öz ölülerini jaýlasynlar» diýdi.

23. Isa gaýyga münende, şägirtleri Onuň yzyna eýerdiler.

24. Onsoň kölde bir uly tupan turup, gaýyk tolkunlara büreldi. Isa bolsa ýatyrdy.

25. Şägirtleri baryp, Ony oýaryp: «Bizi halas et, ýa Reb, heläk bolup barýarys» diýdiler.

26. Isa olara: «Eý, imany azlar, näme üçin gorkýarsyňyz?» diýdi. Ol turup, ýele, köle käýänsoň, imi-salalyk boldy.

27. Hemmeler: «Bu nähili adam, ýel-de, köl-de Onuň sözüne gulak asýar!» diýip geňirgenişdiler.

28. Isa beýleki kenara ― gadaralylaryň ýurduna baranda, Oňa mazardan çykan iki sany jynly adam gabat geldi. Bular gaty howpludy, hiç kim bu ýoldan geçip bilmezdi.

29. Olar: «Eý Hudaýyň Ogly Isa, biziň bilen näme işiň bar? Bu ýere wagtyndan öň bizi gynamaga geldiňmi?» diýip gygyryşdylar.

30. Olardan uzagrakda otlap ýören bir doňuz sürüsi bardy.

31. Jynlar Isa: «Bizi kowjak bolsaň, doňuz sürüsine gönder» diýip ýalbardylar.

32. Isa hem olara: «Gidiň» diýdi. Olar hem çykyp doňuzlara girdiler. Onsoň tutuş süri uçutdan kölüň içine paýyrdaşyp, suwda gark boldy.

33. Çopanlar bolsa şähere gaçyp gelip, ähli zady, jynlylaryň başyna düşen işi hem habar berdiler.

34. Onsoň bütin şäher Isany garşylamaga çykdy we Ony görenlerinde, ülkelerini terk etmegi üçin, Oňa ýalbardylar. ‎

About Mattanyň Hoş Habary Chapter 8

Read Mattanyň Hoş Habary Chapter 8 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Mattanyň Hoş Habary in the New Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Mattanyň Hoş Habary
Chapter: 8
Testament: New Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Mattanyň Hoş Habary. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Mattanyň Hoş Habary Chapter 8 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Mattanyň Hoş Habary Chapter 8?

Mattanyň Hoş Habary Chapter 8 is part of the Book of Mattanyň Hoş Habary in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Mattanyň Hoş Habary Chapter 8 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from mattanyň-hoş-habary

  1. Mattanyň Hoş Habary Chapter 24
  2. Mattanyň Hoş Habary Chapter 23
  3. Mattanyň Hoş Habary Chapter 26
  4. Mattanyň Hoş Habary Chapter 16
  5. Mattanyň Hoş Habary Chapter 28
  6. Mattanyň Hoş Habary Chapter 18
  7. Mattanyň Hoş Habary Chapter 13

Explore More from Täze Äht

  1. Galatýalylara haty Chapter 5
  2. Markusyň Hoş Habary Chapter 9
  3. Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 3
  4. Ýahýa gelen ylham Chapter 7
  5. Resullaryň Işleri Chapter 27
  6. 1 Korintoslylara haty Chapter 7
  7. Markusyň Hoş Habary Chapter 12

Related Chapters & Readings

  1. 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 16
  2. Ysraýyl serdarlary Chapter 16
  3. Resullaryň Işleri Chapter 17
  4. Ýewreýlere haty Chapter 10
  5. 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 20
  6. Süleýmanyň pähimleri Chapter 11
  7. Mattanyň Hoş Habary Chapter 7
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *