Ýahýa gelen ylham Chapter 3

For English

Read Ýahýa gelen ylham Chapter 3 Online

Read Ýahýa gelen ylham Chapter 3 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ýahýa gelen ylham in the New Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Ýahýa gelen ylham and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Ýahýa gelen ylham 3

Bap 3

1. Sardisdäki ýygnagyň perişdesine ýaz: Hudaýyň ýedi ruhuna, ýedi ýyldyza eýe Bolan şeýle diýýär: Men seniň edenleriňi bilýärin. Saňa diri diýýärler, ýöne sen ölüsiň.

2. Oýan! Galan we öljek zatlary güýçlendir. Çünki Men Hudaýyň öňünde işleriňi bitirmäniňi gördüm.

3. Munuň üçin, alanyňy, eşideniňi ýada sal-da, berjaý et, toba gel. Oýanmasaň, bir ogry ýaly gelerin, Meniň haýsy sagatda üstüňe geljegimi-de bilmän galarsyň.

4. Emma Sardisde seniň ýanyňda egin-eşiklerini kirletmedik birnäçe adam bar. Olar Meniň bilen bile ak lybaslar geýip gezer, sebäbi muňa laýykdyrlar.

5. Ýeňen ak egin-eşikler geýer. Men onuň adyny ýaşaýyş kitabyndan öçürmerin, Atamyň hem Onuň perişdeleriniň öňünde adyny ykrar ederin.

6. Gulagy bar adam Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin».

7. Filadelfiýadaky ýygnagyň perişdesine ýaz: Mukaddes hem çyn bolan, Dawut açarynyň eýesi, açanyny hiç kim ýapyp bilmeýän, ýapanyny hiç kim açyp bilmeýän şeýle diýýär:

8. Seniň nämeler edeniňi bilýärin. Ine, öňüňde bir açyk gapy goýdum, hiç kim ony ýapmagy başarmaz. Seniň güýjüň az, muňa garamazdan, Meniň sözümi berjaý etdiň, adymy inkär etmediň.

9. Ine, şeýtanyň sinagogasyndan bolanlary, ýehudy bolmasalar-da, ýalan sözläp, özlerine ýehudy diýýänleri gelip, aýagyňa ýykylmaga mejbur ederin. Olar seni söýýändigimi biler.

10. Sözümi berjaý edip, sabyr bilen çydanyň üçin, ýer ýüzünde ýaşaýanlary synama maksady bilen, bütin dünýäniň üstüne injek synag sagadyndan seni goraryn.

11. Men basym gelerin. Täjiňi hiç kime aldyrmajak bolup, baryňy gaýym sakla.

12. Ýeňeni Hudaýymyň ybadathanasyna direg ederin. Ol, artykmaç, ol ýerden daşary çykmaz. Onuň maňlaýyna Hudaýymyň adyny, Hudaýymyň şäheriniň adyny, ýagny Gökden, Hudaýymyň huzuryndan inen täze Iýerusalimiň adyny, Öz täze adymy ýazaryn.

13. Gulagy bar adam Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin».

14. Laodikiýadaky ýygnagyň perişdesine ýaz: Omyn, dogruçyl, çyn güwä, Hudaýyň ýaradanlarynyň başy şeýle diýýär:

15. Seniň nämeler edeniňi bilýärin. Sen ne sowuk, ne-de gyzgynsyň. Käşgä sowuk ýa gyzgyn bolsadyň!

16. Ne gyzgyn, ne-de sowuk, ýöne ýylylygyň üçin, Men seni agzymdan gusaryn.

17. Sen: „Men baýdyryn, barlydyryn, zada zar däldirin" diýip, biçäre, betbagt, garyp, kör hem ýalaňaçdygyňy bilmeýärsiň.

18. Men saňa baýar ýaly, Menden ot bilen saplanan altyn geýnip, ýalaňaçlygyň aýbyny örter ýaly ak egin-eşik, görer ýaly, gözleriňe çalar ýaly göz dermanyny satyn almagy maslahat berýärin.

19. Men söýýänlerimiň hemmesine käýäp, terbiýe berýändirin. Şonuň üçin, yhlasly bol-da toba et.

20. Ine, Men işikde durun, gapyny kakýaryn. Biri sesimi eşidip, gapyny açsa, içerik girerin. Men onuň bilen, ol-da Meniň bilen bile naharlanar.

21. Men ýeňip, atam bilen bile Onuň tagtynda oturan bolsam, ýeňene-de Meniň bilen bile Öz tagtymda oturmaga ygtyýar bererin.

22. Gulagy bar adam Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin».

About Ýahýa gelen ylham Chapter 3

Read Ýahýa gelen ylham Chapter 3 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ýahýa gelen ylham in the New Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Ýahýa gelen ylham
Chapter: 3
Testament: New Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Ýahýa gelen ylham. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Ýahýa gelen ylham Chapter 3 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Ýahýa gelen ylham Chapter 3?

Ýahýa gelen ylham Chapter 3 is part of the Book of Ýahýa gelen ylham in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Ýahýa gelen ylham Chapter 3 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Täze Äht

  1. Lukanyň Hoş Habary Chapter 1
  2. Mattanyň Hoş Habary Chapter 3
  3. Lukanyň Hoş Habary Chapter 14
  4. Lukanyň Hoş Habary Chapter 13
  5. Lukanyň Hoş Habary Chapter 4
  6. Lukanyň Hoş Habary Chapter 21
  7. Lukanyň Hoş Habary Chapter 3

Explore More from ýahýa-gelen-ylham

  1. Ýahýa gelen ylham Chapter 5
  2. Ýahýa gelen ylham Chapter 20
  3. Ýahýa gelen ylham Chapter 6
  4. Ýahýa gelen ylham Chapter 17
  5. Ýahýa gelen ylham Chapter 15
  6. Ýahýa gelen ylham Chapter 2
  7. Ýahýa gelen ylham Chapter 21

Related Chapters & Readings

  1. 1 Şamuwel Chapter 13
  2. 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 1
  3. Lewiler kitaby Chapter 20
  4. Müsürden çykyş Chapter 8
  5. Lewiler kitaby Chapter 16
  6. 1 patyşalar Chapter 13
  7. 1 Şamuwel Chapter 15
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *