Read Markusyň Hoş Habary Chapter 2 Online
Read Markusyň Hoş Habary Chapter 2 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Markusyň Hoş Habary in the New Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Markusyň Hoş Habary and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Markusyň Hoş Habary 2
Bap 2
1. Bir näçe gün soň ýene Kapernauma gelende, Isanyň öýdedigi eşidildi.
2. Üýşüşen adamlar şeýle bir köpdi welin, gapynyň agzynda-da ýer ýokdy. Isa olara Hudaýyň sözüni aýdyp durdy.
3. Şonda Onuň ýanyna dört adam tarapyndan göterilip getirilen bir ysmazy alyp geldiler.
4. Märeke zerarly Isanyň ýanyna ýakynlaşyp bilmän, Onuň duran jaýynyň üçegini açyp, ysmazy düşegi bilen deşikden aşak düşürdiler.
5. Isa olaryň imanyny görüp, ysmaza: «Oglum, seniň günäleriň ötüldi» diýdi.
6. Ol ýerde oturan kanunçylaryň käbiri bolsa:
7. «Bu Adam näme üçin beýle gepleýär? Ol Hudaýa dil ýetirýär! Günäleri ýalňyz Hudaýdan başga kim ötüp biljek?» diýip, içlerini gepletdiler.
8. Isa derrew beýle oýlanýandyklaryny ruhunda syzyp, olara şeýle diýdi: «Näme içiňizi beýle gepledýärsiňiz?
9. Ysmaza haýsyny aýtmak aňsat: „Günäleriň ötüldi" diýmekmi ýa-da „Tur, düşegiňi al-da ýöre" diýmek?
10. Emma siz Ynsan Oglunyň ýer ýüzünde günäleri ötmäge ygtyýarynyň barlygyny biler ýaly…» diýdi-de, ysmaz bolan adama:
11. «Saňa diýýärin: tur, düşegiňi al-da, öýüňe git» diýdi.
12. Ol hem ýokaryk turdy-da, derrew düşegini alyp, hemmeleriň gözüniň alnynda çykyp gitdi. Bary haýran galyşyp, Hudaýy şöhratlandyryp: «Biz beýle zady asla görmändik» diýişdiler.
13. Isa çykyp, ýene kölüň ýakasyna gitdi. Bütin halaýyk Onuň ýanyna geldi, Ol hem olara sapak berdi.
14. Ol geçip barýarka, gümrükhanada oturan Alfaýyň ogly Lewini görüp oňa: «Meniň yzyma düş!» diýdi. Ol hem turup, Onuň yzyna düşdi.
15. Ol Lewiniň öýünde saçak başynda otyrka, Isa we Onuň şägirtleri bilen birlikde birentek salgytçylar we günäkärler-de otyrdylar. Çünki Onuň yzyna düşüp gidenleriň sany köpdi.
16. Fariseýler we kanunçylar Isanyň günäkärdir salgytçylar bilen bile nahar iýip oturanyny görenlerinde, şägirtlerinden: «Ol näme üçin salgytçylar we günäkärler bilen bile iýip-içýär?» diýip soradylar.
17. Isa muny eşideninde olara: «Tebip saglara däl-de, syrkawlara gerekdir. Men dogry adamlary däl, günäkärleri toba çagyrmaga geldim» diýdi.
18. Ýahýanyň şägirtleriniň we fariseýleriň agyzlary orazaka, käbir adamlar gelip, Oňa: «Näme üçin Ýahýanyň şägirtleri, fariseýleriň şägirtleri oraza tutýarlar-da, Seniň şägirtleriň oraza tutmaýarlar?» diýdiler.
19. Isa olara şu gaýtargyny berdi: «Giýew ýanlarynda barka, toýdakylar oraza tutup bilermi? Giýew ýanlaryndaka, oraza tutup bilmezler.
20. Emma giýewiň olardan alynjak günleri geler, şonda, şol gün olar oraza tutarlar.
21. Hiç kim köne eşige täze matadan ýama salmaz. Ýogsa, täze ýama köne eşikden gopup, ýyrtyk has hem erbet bolar.
22. Hiç kim-de täze şeraby köne meşiklere guýmaz. Ýogsa, şerap meşikleri ýaryp döküler, meşikler-de zaýalanar. Täze şerap täze meşiklere guýulýandyr».
23. Bir Sabat güni Isa bugdaýlygyň arasyndan geçip barýardy. Onuň şägirtleri ýolda barýarkalar, bugdaý başlaryny ýolmaga başladylar.
24. Fariseýler Isa: «Seret, näme üçin Sabat güni etmesiz zady edýärler?» diýdiler.
25. Isa olara şeýle gaýtargy berdi: «Siz özi we ýanyndakylar aç hem mätäç galanlarynda, Dawudyň näme edenini asla okamadyňyzmy?
26. Ol baş ruhany Abiýataryň zamanynda Hudaýyň öýüne bardy, Hudaýa hödürlenen, ruhanylardan başga hiç kimiň iýmeli däl çöreklerini alyp iýdi, ýanyndakylara hem berdi».
27. Ýene olara: «Adam Sabat güni üçin däl, eýsem, Sabat güni adam üçin döredildi.
28. Şonuň üçin, Ynsan Ogly Sabat gününiň-de Rebbidir» diýdi.
About Markusyň Hoş Habary Chapter 2
Read Markusyň Hoş Habary Chapter 2 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Markusyň Hoş Habary in the New Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Markusyň Hoş Habary
Chapter: 2
Testament: New Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Markusyň Hoş Habary. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Markusyň Hoş Habary Chapter 2 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Markusyň Hoş Habary Chapter 2?
Markusyň Hoş Habary Chapter 2 is part of the Book of Markusyň Hoş Habary in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Markusyň Hoş Habary Chapter 2 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from markusyň-hoş-habary
- Markusyň Hoş Habary Chapter 5
- Markusyň Hoş Habary Chapter 7
- Markusyň Hoş Habary Chapter 3
- Markusyň Hoş Habary Chapter 16
- Markusyň Hoş Habary Chapter 1
- Markusyň Hoş Habary Chapter 14
- Markusyň Hoş Habary Chapter 11
Explore More from Täze Äht
- Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 7
- Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 2
- Mattanyň Hoş Habary Chapter 9
- Resullaryň Işleri Chapter 23
- Lukanyň Hoş Habary Chapter 24
- Mattanyň Hoş Habary Chapter 22
- Ýahýa gelen ylham Chapter 11