2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 1

For English

Read 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 1 Online

Read 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 1 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby 1

Bap 1

1. Dawudyň ogly Süleýman öz patyşalygyny berkitdi. Hudaýy Reb onuň bilen bolup, ony juda beýgeltdi.

2. Süleýman tutuş Ysraýyly–müňbaşylary, ýüzbaşylary, häkimleri, Ysraýylyň ähli baştutanlaryny we urugbaşylary çagyrdy.

3. Onsoň Süleýman ýanyndaky bütin jemagat bilen Gibgondaky sežde edilýän ýere gitdiler. Rebbiň guly Musanyň çölde guran Hudaýa ýüz tutulýan çadyry şol ýerdedi.

4. Dawut Hudaýyň sandygyny Kiriýatýegarymdan Iýerusalime onuň üçin taýýarlan çadyryna getiripdi.

5. Huruň agtygy, Urynyň ogly Besaleliň bürünçden ýasan gurbanlyk sypasy bolsa Gibgonda Rebbiň mukaddes çadyrynyň öňündedi. Şoňa görä Süleýman bilen jemagat ol ýere Rebden maslahat soramaga gitdiler.

6. Süleýman ol ýerde Rebbiň huzurynda mukaddes çadyrdaky bürünçden bolan gurbanlyk sypasyna gelip, onda müň sany ýakma gurbanlygyny hödürledi.

7. Şol gije Hudaý Süleýmana görnüp, oňa: «Dile, dilän zadyňy bereýin» diýdi.

8. Süleýman Hudaýa şeýle jogap berdi: «Sen meniň kakam Dawuda beýik, sadyk söýgiňi görkezip, meni onuň ýerine patyşa etdiň.

9. Ýa Beýik Hudaý, goý, indi kakam Dawuda beren wadaň amala aşsyn, çünki Sen meni ýeriň tozy ýaly san-sajaksyz bolan bir halkyň üstünden patyşa etdiň.

10. Indi şu halky dolandyrmagym üçin maňa danalyk hem bilim ber. Kim Seniň bu beýik halkyňy dolandyryp biler?»

11. Hudaý Süleýmana şeýle diýdi: «Kalbyňda şu islegiň bardygy üçin, özüňe mal-mülk, baýlyk, at-abraý ýa öz duşmanlaryňyň ölümini ýa-da özüň üçin uzak ömür dilemän, eýsem üstünden patyşalyga bellän halkymy dolandyrmaga özüňe pähim-paýhas we düşünje diländigiň üçin, Men saňa paýhas we düşünje berýärin.

12. Şeýle hem Men saňa senden öň hiç kimde bolmadyk we senden soň hem hiç kimde bolmajak baýlyk, mal-mülk we at-abraý bererin».

13. Şeýdip, Süleýman Gibgondaky sežde edilýän ýerden, Rebbiň mukaddes çadyryndan Iýerusalime gelip, Ysraýyla patyşalyk etdi.

14. Süleýman söweş arabalary bilen arabaly goşun toplady. Onuň bir müň dört ýüz söweş arabasy, on iki müň söweş arabaly esgeri bardy. Süleýman olary söweş arabalary saklanýan şäherlerde we patyşanyň ýanynda – Iýerusalimde ýerleşdirdi.

15. Patyşa Iýerusalimde kümüş bilen altyny daş ýaly köpeltdi, kedr agaçlaryny-da günbatar baýyrlykda bitýän ýabany injir agajy ýaly köpeltdi.

16. Süleýmanyň atlary Müsürden we Keweden getirildi; patyşanyň täjirleri olary Keweden belli bir baha satyn aldylar.

17. Süleýmanyň atlary Müsürden getirildi. Bir söweş arabasy, on ýedi gadak töweregi kümşe, bir at bolsa dört gadakdan gowrak kümşe satyn alyndy. Şeýdip, bu söweş arabalary we atlar, Süleýmanyň täjirleriniň üsti bilen hetleriň we Aramyň ähli patyşalaryna satylýardy.

About 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 1

Read 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 1 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Chapter: 1
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 1 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 1?

2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 1 is part of the Book of 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 1 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from 2 ýyl ýazgylarynyň kitaby

  1. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 6
  2. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 2
  3. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 15
  4. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 4
  5. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 5
  6. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 19
  7. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 8

Explore More from Köne Äht

  1. Işaýa Chapter 48
  2. Işaýa Chapter 64
  3. 2 Şamuwel Chapter 9
  4. Işaýa Chapter 14
  5. 1 Şamuwel Chapter 28
  6. Işaýa Chapter 66
  7. Eýýup Chapter 4

Related Chapters & Readings

  1. Ýermeýa Chapter 3
  2. Mattanyň Hoş Habary Chapter 9
  3. Hoşeýa Chapter 4
  4. Zebur Chapter 66
  5. Ýahýa gelen ylham Chapter 1
  6. Markusyň Hoş Habary Chapter 13
  7. Çölde Chapter 35
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *