Read Nehemýa Chapter 6 Online
Read Nehemýa Chapter 6 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Nehemýa in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Nehemýa and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Nehemýa 6
Bap 6
1. Sanballat, Tobyýa, Geşem arap we beýleki duşmanlarymyz meniň diwary gurup gutardandygymy, onda ýekeje gädigiň hem galmandygyny (derwezeler entek ýerine oturdylmadyk hem bolsa) eşidenlerinde, Sanballat bilen Geşem meniň ýanyma adam iberip:
2. «Gel, Ono düzlügindäki bir owada duşuşaly» diýdiler. Olar maňa kast etmegi ýüreklerine düwüpdiler.
3. Men hem olara çapar ýollap: «Men bu wagt gaty wajyp iş bilen meşgul, şonuň üçin baryp biljek däl. Onsoňam men siziň ýanyňyza baryp gelýänçäm, näme iş dursunmy?» diýdim.
4. Şeýle habar bilen olar meniň ýanyma dört gezek çapar ýolladylar. Men hem olary her gezek şol bir jogap bilen gaýtardym.
5. Bäşinji gezek Sanballat öz hyzmatkäriniň eline açyk hat berip, ony meniň ýanyma iberdi.
6. Ol hatda şeýle ýazylandy: «Milletler arasynda şeýle gürrüň bar, muny Geşem hem tassyklaýar. Sen we ýahudalar pitne turuzjak bolýarmyşyňyz? Diwary-da şonuň üçin gurup ýörmüşiňiz? Aýdyşlaryna görä, sen olara patyşa bolmalymyşyň.
7. „Ýahudanyň patyşasy bar“ diýip, özüň hakda Iýerusalimde wagyz etdirmek üçin pygamberler hem belläpsiň. Aýdyşlaryna görä, bu zatlaryň hemmesini patyşa habar berjekmişler. Şonuň üçinem, gel, bile maslahat edeli.»
8. Onsoň men onuň ýanyna adam iberip: «Seniň bu diýýän zatlaryň hiç biri-de edilenok. Bularyň ählisi seniň öz toslamaň» diýdim.
9. Çünki olaryň hemmesi bizi gorkuzmak isleýärdiler we: «Elleri işden sowap, iş togtar» diýip pikir edýärdiler. Şonuň üçinem men işi dowam etmek üçin güýç-kuwwat diledim.
10. Onsoň men öýünden çykman oturan, Mehetabeliň agtygy Delaýanyň ogly Şemagýanyň öýüne geldim. Ol maňa: «Gel, ikimiz Hudaýyň öýünde, içki otagda duşuşaly. Içki otagyň gapylarynam ýapaly, çünki olar seni öldürmäge gelerler. Olar hökman şu gije seni öldürmäge gelerler» diýdi.
11. Emma men: «Meniň ýaly adam gaçarmy? Heý-de, meniň ýaly adam diri galmak üçin içki otagda gizlenermi? Ýok, men içki otaga girjek däl!» diýdim.
12. Şemagýany Hudaýyň ibermändigine göz ýetirdim. Ol hamala bir pygamber hökmünde maňa şu zatlary diýdi, sebäbi Tobyýa bilen Sanballat ony hakyna tutupdylar.
13. Ol meni gorkuzyp, meniň şeýle hereket edip, günä gazanmagyma itergi bermek maksady bilen hakyna tutulypdy. Men şeýle edäýen bolsam, olar meni biabraý edip kemsidip biljekdiler.
14. Eý, Hudaýym, Tobyýa bilen Sanballatyň bu eden işlerini unutma, şeýle hem, pygamber aýal Nogadýa bilen beýleki meni gorkuzmak islän pygamberleriň edenlerini hem unutma!
15. Elli iki günden soň, Elul aýynyň ýigrimi bäşi güni diwar gurluşygy tamamlandy.
16. Töweregimizdäki milletlerden bolan ähli duşmanlarymyz muny eşidenlerinde, gaty gorkup, muny özlerine kemlik bildiler. Sebäbi olar bu işiň Hudaýymyzyň kömegi bilen edilendigine göz ýetirdiler.
17. Mundan başga-da, şol günler Ýahudanyň begleri Tobyýa köp hat ýolladylar. Tobyýanyň hatlary hem olara geldi.
18. Ýahudada köp adam Tobyýa bilen kasam edişipdi, çünki Tobyýa Araňyň ogly Şekanýanyň giýewsidi. Onuň ogly Ýehohanan hem Berekýanyň ogly Meşullamyň gyzyna öýlenipdi.
19. Şeýle hem olar meniň ýanymda onuň ýagşy işleri hakda gürrüň etdiler. Meniň diýýän sözlerimi hem oňa ýetirdiler. Tobyýa-da meni gorkuzjak bolup, maňa hatlar ýollady.
About Nehemýa Chapter 6
Read Nehemýa Chapter 6 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Nehemýa in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Nehemýa
Chapter: 6
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Nehemýa. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Nehemýa Chapter 6 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Nehemýa Chapter 6?
Nehemýa Chapter 6 is part of the Book of Nehemýa in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Nehemýa Chapter 6 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Köne Äht
- Zebur Chapter 7
- Zebur Chapter 6
- Zebur Chapter 8
- Zebur Chapter 4
- Zebur Chapter 3
- Zebur Chapter 2
- Zebur Chapter 11
Explore More from nehemya
- Nehemýa Chapter 3
- Nehemya Chapter 3
- Nehemýa Chapter 1
- Nehemya Chapter 7
- Nehemýa Chapter 9
- Nehemya Chapter 8
- Nehemýa Chapter 8