Read Danyýel Chapter 7 Online
Read Danyýel Chapter 7 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Danyýel in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Danyýel and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Danyýel 7
Bap 7
1. Babyl patyşasy Belşasaryň şalygynyň birinji ýylynda Danyýel ýatyrka düýşünde görnüşler gördi. Soňra ol düýşüniň özenini ýazyp beýan etdi.
2. Ol şeýle gürrüň berdi: «Men gije bir görnüş gördüm, ine, gögüň dört şemalynyň beýik deňze tarap tolkun atýandygyny gördüm.
3. Deňizden biri-birine meňzemeýän dört sany uly haýwan çykdy.
4. Birinjisi ýolbarsa meňzeýärdi we onda bürgüdiň ganatlary bardy. Men seredip durkam, onuň ganatlary goparylyp, ýerden galdy-da, ynsan ýaly iki aýagynyň üstünde durdy. Oňa ynsan ýüregi berildi.
5. Ikinji bir haýwan peýda boldy. Ol aýa meňzeýärdi. Ol bir gapdalyna dikeldi. Onuň agzyndaky dişleriniň arasynda üç sany gapyrga süňki bardy. Oňa: „Hany, tur, köp et iý!“ diýdiler.
6. Mundan soň gaplaňa meňzeş başga bir haýwan gördüm, onuň arkasynda guşuň dört ganaty bardy we ol dört kellelidi. Oňa hökümdarlyk berlendi.
7. Onsoň men gije şol görnüşimde gorkunç, aýylganç we gaty güýçli dördünji bir haýwany gördüm. Onuň äpet uly demir dişleri bardy. Ol parçalap iýýärdi, galan-gaçanlaryny bolsa aýaklary bilen mynjyradýardy. Bu özünden öňki haýwanlaryň hemmesinden tapawutlanýardy. Onuň on sany şahy bardy.
8. Şahlara üns berip durkam, olaryň arasyndan ýene-de başga bir kiçijik şah peýda boldy. Öňki peýda bolan şahlardan üçüsi onuň öňünden köki-damary bilen sogruldy. Bu şahyň ynsanyň gözlerine meňzeş gözleri we tekepbirlik bilen gepleýän agzy bardy.
9. Men seredip durkam tagtlar guruldy. Owaldan Bar Bolan tagtynda oturdy. Onuň geýimleri gar ýaly çuw-akdy, başyndaky saçlary ýüň ýaly ap-akdy. Onuň tagty oduň ýalny kimindi, tigirleri ýanyp duran otdy.
10. Öňünden bir otly çeşme çogup akýardy. Müňlerçe müňler Oňa hyzmat edýärdi. On müňlerçe on müňler huzurynda dik durýardy. Kazyýet mejlisi höküme başlady, kitaplar açyldy.
11. Şahyň agzyndan çykýan tekepbir sözler meniň ünsümi özüne çekdi. Bu haýwan gözümiň alnynda öldürildi we maslygy ýok edilip, ýanyp duran oda taşlandy.
12. Beýleki galan haýwanlaryň hem ellerinden hökümdarlyk alyndy, emma olaryň ömürleriniň möhleti wagtlaýynça uzaldyldy.
13. Gije şol görnüşimde ynsan ogluna meňzeş biriniň gögüň bulutlary bilen gelýändigini gördüm. Ol owaldan Bar Bolanyň ýanyna ýakynlaşyp, Onuň huzuryna getirildi.
14. Ähli halklar, milletler we uruglar oňa gulluk etsinler diýip, oňa hökümdarlyk, şöhrat we patyşalyk berildi. Onuň hökümdarlygy sowulmaz baky hökümdarlykdyr. Patyşalygy hiç wagt ýykylmajak patyşalykdyr».
15. Gören görnüşlerim men Danyýeli böwrüme pyçak sanjylan ýaly howsala saldy.
16. Men ol ýerde duranlaryň birine ýakynlaşyp, ondan bulara degişli ähli hakykaty soradym. Şeýdip, ol maňa bu zatlaryň ýorgudyny aýdyp berdi:
17. «Bu dört uly haýwan ýer ýüzünde dört patyşanyň aýaga galjagydyr.
18. Emma patyşalygy Beýik Hudaýyň mukaddes adamlary alarlar, olar patyşalyga hemişelik, ömür baky we ebedilik eýelik ederler».
19. Soňra men beýleki haýwanlaryň ählisinden tapawutly, örän gorkunç, dişleri demirden, dyrnaklary bürünçden, çeýnäp parçalaýan, galan-gaçanlaryny bolsa aýaklary bilen mynjyradýan dördünji haýwan hakynda hakykaty bilmek isledim.
20. Onuň başyndaky on şahdan soňra çykan bir şahyň hem nämedigini bilesim geldi. Bu şahyň öňünde öňki üç şah ýykyldy. Bu şahyň gözleri we tekepbirlik bilen gepleýän agzy bardy, görnüşi beýlekilerden has uludy.
21. Men seredip durkam, bu şah Hudaýyň mukaddes adamlary bilen uruş etdi we olardan üstün çykdy.
22. Onsoň owaldan Bar Bolan gelip, Özüniň mukaddes adamlarynyň haýryna höküm çykardy. Beýik Hudaýyň mukaddes adamlary üçin patyşalygy eýelemegiň wagty geldi.
23. Meniň söhbetdeşim şeýle diýdi: «Dördünji haýwan ýer ýüzünde dörejek dördünji patyşalykdyr. Ol ähli patyşalyklardan tapawutly bolup, tutuş ýer ýüzüni çeýnär, ony depeläp, bölek-bölek eder.
24. On şah bolsa bu patyşalykdan çykjak on patyşadyr. Bulardan soňra öňkülerden tapawutly başga bir patyşa döräp, öňki üç patyşany ýykyp taşlar.
25. Ol Beýik Hudaýa garşy küpür geplär, Beýik Hudaýyň mukaddes adamlaryny ezer. Baýramçylyk senelerini we kanunyny üýtgetmäge dyrjaşar. Onsoň bular bir wagta, iki wagta, ýarym wagta çenli bu patyşanyň eline berler.
26. Emma kazyýet mejlisi höküm çykarar. Onuň hökümdarlygy elinden alnar, wes-weýran bolup, bütinleý ýok ediler.
27. Patyşalyk, hökümdarlyk, tutuş gögüň astyndaky patyşalyklaryň beýikligi Beýik Hudaýyň mukaddes adamlaryna berler. Bu halkyň patyşalygy ebedi patyşalyk bolar. Ähli hökümdarlar bu halka gulluk edip, boýun egerler».
28. Ynha, şu ýerde gürrüň gutarýar. Pikirlerim men Danyýeli howsala saldy, ýüzümde reňk-pet galmady, emma men bu sözleri ýüregimde sakladym.
About Danyýel Chapter 7
Read Danyýel Chapter 7 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Danyýel in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Danyýel
Chapter: 7
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Danyýel. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Danyýel Chapter 7 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Danyýel Chapter 7?
Danyýel Chapter 7 is part of the Book of Danyýel in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Danyýel Chapter 7 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from danyýel
- Danyýel Chapter 3
- Danyýel Chapter 12
- Danyýel Chapter 4
- Danyýel Chapter 2
- Danyýel Chapter 10
- Danyýel Chapter 9
- Danyýel Chapter 6
Explore More from Köne Äht
- Işaýa Chapter 14
- Kanun taglymaty Chapter 11
- Zebur Chapter 9
- Zebur Chapter 119
- 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 2
- Ýermeýa Chapter 44
- Zakarýa Chapter 6