Ýermeýanyň agysy Chapter 4

For English

Read Ýermeýanyň agysy Chapter 4 Online

Read Ýermeýanyň agysy Chapter 4 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ýermeýanyň agysy in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Ýermeýanyň agysy and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Ýermeýanyň agysy 4

Bap 4

1. Wah, altyn nähili garaldy-la! Sap altyn nähili üýtgedi-le! Mukaddes daşlar çaşyp ýatyr her köçäniň başynda. ב

2. Siýonyň jandan eziz çagalary sap altyndan-da gymmatlydy! Wah, indi küýzegäriň eliniň işi gury bir toýna deň bolup galdy! ג

3. Hatda şagallar-da emjek berip, öz balalaryny emdirýändir, emma eziz halkym çöl düýeguşy kimin çagalaryna rehimsiz boldy. ד

4. Süýt emýän çaganyň dili teşnelikden damagyna ýapyşýar. Çagalar çörek diläp ýalbarýarlar, emma hiç kim hiç zat bermeýär. ה

5. Näzi-nygmatlar iýip ýaşanlar köçelerde açlyk çekýärler. Gyrmyzy don geýip ulalanlar iýmit gözläp, zir-zibili dörýärler. ו

6. Çünki eziz halkymyň jezasy ynsan eli degmezden bir demde ýykylan Sodomyň jezasyndan uludyr. ז

7. Onuň ýolbaşçylary gardan arassa, süýtden akdylar. Bedenleri merjenden gyzyl, daş sypatlary ýakut kimindi. ח

8. Indi ýüzleri kömürden gara, köçelerde tanalmaýarlar. Derileri süňklerine ýapyşyp, gury agaja döndüler. ט

9. Açlykdan öleniňden gylyçdan öleniň gowudyr. Ýeriň hasylyndan mahrum bolup, olaryň ömür tanaplary gyryldy. י

10. Ýuka ýürek aýallar çagalaryny öz elleri bilen özleri bişirdi. Eziz halkymyň heläkçilik gününde çagalary olara iýmit boldy. כ

11. Reb gahar-gazabyny pürkdi, lowlaýan gaharyny saçdy. Siýona garşy tutaşdyran ody onuň düýplerini-de ýandyrdy. ל

12. Dünýädäki patyşalaryň, ynsanlaryň hiçisi Iýerusalimiň derwezelerinden ýagylardyr duşmanlaryň girjegine ynanmazdylar. מ

13. Bularyň bary pygamberleriniň günäsi, ruhanylarynyň etmişi üçin boldy. Çünki olar şäheriň ortasynda dogruçyllaryň ganyny dökdüler. נ

14. Kör kimin köçelerde entediler, gan bilen haram boldular. Muňa görä geýimlerine el degrip bilen bolmady. ס

15. Halk olara: «Ýok boluň, eý, haramlar! Gaçyň! Aýrylyň! Ellemäň!» diýdi. Şeýdip, olar kowlup, sergezdan boldular. Milletler arasynda olara şeýle diýildi: «Bu ýerde mundan artyk galmasynlar!». פ

16. Rebbiň Özi olary dargatdy, Reb indi olara nazar salmaz. Ruhanylaryna hormat goýulmaz, ýaşulularyna rehim edilmez. ע

17. Kömege biderek garaşmakdan gözlerimiz küteldi. Biz sakçylyk diňinde köp garaşdyk, halas etmeýän millete garaşan ekenik. צ

18. Yzymyzy yzarladylar, köçelerimizde gezip bilmedik; ahyrymyz golaý, günlerimiz gutardy, çünki soňumyz ýetip gelipdi. ק

19. Bizi kowalaýanlar gökdäki bürgütlerden ýyndamdy. Olar daglarda bizi yzarladylar, çölde bizi peýläp ýatdylar. ר

20. Dirilik nepesimiz, Rebbiň seçip saýlany olaryň çukuryna gaçdy. Biz ol hakda: «Onuň saýasynda milletler arasynda ýaşarys» diýipdik. ש

21. Eý, Uz ýurdunda ýaşaýan Edom gyzy, şatlan, begen! Ýöne käse gezegi saňa-da ýeter, serhoş bolup ýalaňaçlanarsyň şonda. ת

22. Eý, Siýon gyzy, günäňiň jezasy tamamlandy, Reb indi seni gaýdyp sürgün etmez, emma seniň etmişiňiň jezasyn berip, günäleriňi paş eder Ol, eý, Edom gyzy.

About Ýermeýanyň agysy Chapter 4

Read Ýermeýanyň agysy Chapter 4 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ýermeýanyň agysy in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Ýermeýanyň agysy
Chapter: 4
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Ýermeýanyň agysy. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Ýermeýanyň agysy Chapter 4 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Ýermeýanyň agysy Chapter 4?

Ýermeýanyň agysy Chapter 4 is part of the Book of Ýermeýanyň agysy in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Ýermeýanyň agysy Chapter 4 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Köne Äht

  1. Zebur Chapter 130
  2. Zebur Chapter 2
  3. Zebur Chapter 9
  4. Zebur Chapter 6
  5. Zebur Chapter 24
  6. Zebur Chapter 20
  7. Zebur Chapter 4

Explore More from yeremeyanin-agysy

  1. Ýermeýanyň agysy Chapter 2
  2. Ýermeýanyň agysy Chapter 5
  3. Ýermeýanyň agysy Chapter 1
  4. Ýermeýanyň agysy Chapter 3

Related Chapters & Readings

  1. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 25
  2. Zebur Chapter 103
  3. Müsürden çykyş Chapter 37
  4. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 10
  5. Koloselilere haty Chapter 1
  6. Amos Chapter 6
  7. Zebur Chapter 25
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *