Petrusyň birinji haty Chapter 1

For English

Read Petrusyň birinji haty Chapter 1 Online

Read Petrusyň birinji haty Chapter 1 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Petrusyň birinji haty in the New Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Petrusyň birinji haty and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Petrusyň birinji haty 1

Bap 1

1. Isa Mesihiň resuly Petrusdan Pontus, Galatýa, Kappadokiýa, Aziýa we Bitinýadaky ýaýran

2. Ata Hudaýyň öňden bilşine görä, Ruhuň mukaddes etmegi bilen Oňa gulak asyň we Isa Mesihiň ganynyň sepilmegi üçin saýlanan garyplara salam! Size merhemet, parahatlyk eçilsin!

3. Rebbimiz Isa Mesihiň Atasy Hudaýa öwgüler! Ol Öz uly rehimdarlygy bilen Isa Mesihiň ölülerden direlmegi arkaly diri umyda gowuşmak üçin,

4. size Gökde saklanan çüýremez, tegmiltsiz, solmaz mirasy almak üçin, biziň gaýtadan dogulmagymyzy üpjün etdi.

5. Siz ahyrky wagtda aýan bolmaga taýýar duran gutulyş üçin, Hudaýyň güýji bilen iman arkaly goralýarsyňyz.

6. Häzir gerek bolan dürli synaglar üçin gysga wagtlaýyn gaýgyly bolýan siz muňa begeniň.

7. Çünki ot bilen synalýan hem bolsa, pany altyndan gymmatly bolan imanyňyzyň synalmagy Isa Mesih görnende öwgä, şöhrata hem hormata öwrüler.

8. Siz görmedik hem bolsaňyz, Ony söýýärsiňiz; häzir Ony görmeseňiz hem, Oňa iman getirip,

9. imanyňyzyň netijesinde janlaryňyzyň gutulyşyna ýetip, aýdyp bolmaz, şöhratly begenç bilen şatlanýarsyňyz.

10. Size bolan bu merhemeti welilik edip aýdan pygamberler bu gutulyş hakda gözleg, barlag geçirdiler.

11. Olar özlerindäki Mesihiň Ruhy Mesihiň görgülerine we ondan soňky şöhratlara öňünden güwälik berende, haýsy ýa-da nähili wagty görkezýänini barladylar.

12. Ine şonda, Gökden iberilen Mukaddes Ruh arkaly Hoş Habary wagyz edýänler tarapyndan häzir size yglan edilýän zatlar bilen özlerine däl-de, size hyzmat edýändikleri olara äşgär boldy. Bu zatlara perişdeleriň nazar salasy gelýär.

13. Munuň üçin pikiriňiziň bilini guşap, hüşgär bolup, Isa Mesihiň görünmegi bilen özüňize getiriljek merhemete baş-bitin umyt baglaň.

14. Diýen ediji çagalar ýaly nadanlygyňyzdaky ozalky höwesleriňize uýman,

15. eýsem, sizi çagyranyň mukaddes bolşy ýaly, ähli edim-gylymyňyzda mukaddes boluň.

16. Sebäbi: «Mukaddes boluň, çünki Men mukaddesdirin» diýip ýazylgydyr.

17. Ýüz görmän, her kimiň üstünden öz etmişine görä höküm çykarýany «Ata» diýip çagyrýan bolsaňyz, bu dünýädäki mysapyrlyk çagyňyzy gorky bilen geçiriň.

18. Ata-babadan galan biderek ýaşaýşyňyzdan altyn ýa kümüş ýaly pany zatlar bilen däl-de,

19. eýsem, müýnsüz, tegmiltsiz guzy ýaly, Mesihiň gymmatly gany bilen satyn alnandygyňyzy biliň.

20. Ol dünýä gurulmazyndan öň bellense-de, siziň üçin zamanlaryň ahyrynda aýan boldy.

21. Siz Ony ölümden direldip, Oňa şöhrat beren Hudaýa Ol arkaly iman edýärsiňiz, şeýle, iman hem umydyňyz Hudaýa baglydyr.

22. Ruh arkaly hakykata boýun bolmak bilen, janlaryňyzy hilesiz dogan söýgüsi üçin tämizläniňizden soň, birek-biregi ýürekden yhlas bilen söýüň.

23. Sebäbi, siz pany tohumdan däl-de, Hudaýyň diri, müdimi galýan sözi arkaly pany bolmadykdan gaýtadan doglansyňyz.

24. Çünki: «Bütin adamzat ot ýaly we ynsanyň bütin şöhraty otuň güli ýalydyr. Ot gurar, güli hem döküler.

25. Emma Rebbiň sözi ebedi galar». Size wagyz edilen söz budur.

About Petrusyň birinji haty Chapter 1

Read Petrusyň birinji haty Chapter 1 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Petrusyň birinji haty in the New Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Petrusyň birinji haty
Chapter: 1
Testament: New Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Petrusyň birinji haty. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Petrusyň birinji haty Chapter 1 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Petrusyň birinji haty Chapter 1?

Petrusyň birinji haty Chapter 1 is part of the Book of Petrusyň birinji haty in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Petrusyň birinji haty Chapter 1 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from petrusyň-birinji-haty

  1. Petrusyň birinji haty Chapter 3
  2. Petrusyň birinji haty Chapter 5
  3. Petrusyň birinji haty Chapter 2
  4. Petrusyň birinji haty Chapter 4

Explore More from Täze Äht

  1. Ýewreýlere haty Chapter 13
  2. Mattanyň Hoş Habary Chapter 15
  3. Lukanyň Hoş Habary Chapter 15
  4. Resullaryň Işleri Chapter 6
  5. Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 4
  6. Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 15
  7. 2 Korintoslylara haty Chapter 3

Related Chapters & Readings

  1. Müsürden çykyş Chapter 32
  2. 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 28
  3. Zebur Chapter 140
  4. Gelip çykyş Chapter 12
  5. Çölde Chapter 18
  6. Kanun taglymaty Chapter 21
  7. Eýýup Chapter 20
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *