Müsürden çykyş Chapter 35

For English

Read Müsürden çykyş Chapter 35 Online

Read Müsürden çykyş Chapter 35 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Müsürden çykyş in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Müsürden çykyş and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Müsürden çykyş 35

Bap 35

1. Musa ähli ysraýyl halkyny ýygnap, olara Rebbiň ýerine ýetirmegi buýran zatlaryny aýtdy:

2. «Alty günüň dowamynda ähli işiňizi ediň, emma ýedinji gün Reb üçin mukaddes bolan Sabat güni dynç alyň. Kimde-kim şol gün ýekeje iş etse hem ölüme höküm ediler.

3. Sabat güni ýaşaýan ýeriňiziň hiç bir ýerinde ot ýakmaň».

4. Musa tutuş ysraýyl halkyna şeýle diýdi: «Ine, size Rebbiň buýrugy:

5. Öz araňyzdan Rebbe sadaka ýygnaň. Her kim göwnünden çykaran bolsa, şu zatlary Rebbe sadaka bersin: altyn, kümüş we bürünç;

6. gök, badam, gyrmyzy ýüplük, nepis zygyr mata, geçi ýüňi;

7. goçuň eýlenen derisi, saýlama deri, akasiýa agajy;

8. çyra üçin zeýtun ýagy, mesh ýagy üçin we ýakymly ysly tütetgi üçin hoşboý ysly zatlar;

9. efota we gursakça dakmak üçin hakyk we başga gymmatbaha gaşlar.

10. Araňyzdaky hemme ukyply senetçiler gelip, Rebbiň buýran ähli şu zatlaryny ýasasynlar: mukaddes çadyr,

11. onuň daşky örtügi we ýapynjasy, ildirgiçleri, çarçuwalary, taýaklary, sütünleri we aýaklary;

12. sandyk we onuň syryklary, gapagy, tutusy;

13. hantagta we onuň syryklary, ähli enjamlary we Rebbe hödür çöregi;

14. yşyk üçin şemdan, onuň enjamlary we çyralary, çyra üçin ýag;

15. tütetgi sypasy, onuň syryklary, mesh ýagy we hoşboý ysly zatlar, mukaddes çadyryň girelgesi üçin ýapynja;

16. ýakma gurbanlyk sypasy we onuň bürünçden gözenegi, syryklary, ähli enjamlary, legeni we onuň sütüni;

17. haýatyň perdeleri, onuň sütünleri, aýaklary, haýatyň derwezesi üçin ýapynja;

18. Mukaddes çadyryň we haýatyň gazyklary, olaryň zynjyrlary;

19. Mukaddes otagda hyzmat etmek üçin, owadan tikilen mukaddes lybaslary; ruhany Harunyň we onuň ogullarynyň ruhany bolup hyzmat etmekleri üçin olaryň ýörite geýimleri».

20. Soňra ähli ysraýyl halky Musanyň huzuryndan dagaşdylar.

21. Her kim ýüreginden besläp, göwnünden çykaranyny Rebbe ýüz tutulýan çadyr üçin, onuň hyzmaty üçin we mukaddes lybaslar üçin Rebbe sadaka getirdiler.

22. Şeýlelikde, erkekler hem, aýallar hem birlikde geldiler. Olaryň hemmesi öz göwnünden çykaran bileziklerini, gulakhalkalaryny we möhür basylan ýüzükler, gülýakalar getirdiler. Olaryň hemmesi altyndan ýasalandy. Hemmeler altyndan ýasalan zatlaryny Rebbe sadaka bermek üçin getirdiler.

23. Her kim özünde bar bolan gök, badam, gyrmyzy ýüplügini, nepis zygyr matasyny, geçi ýüňüni, goçuň eýlenen derisini we saýlama deri getirdi.

24. Her kim kümüşden ýa-da bürünçden edilen zadyny Rebbe sadaka getirdi. Şeýle hem, her kim her bir işde ulanyp boljak akasiýa agajyny getirdi.

25. Ähli ukyply çeper elli aýallar gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan öz elleri bilen ören zatlaryny getirdiler.

26. Ýüreklerine salnan ähli başarjaň aýallar geçiniň ýüňünden hem ýüplük ördüler.

27. Ýolbaşçylar efotyň we gursakçanyň gaşlaryny öýjüklerine oturtmak üçin hakyk we başga-da gymmatbaha gaşlar getirdiler.

28. Çyra üçin we mesh üçin, ýakymly ysly tütetgi üçin ýag we ýakymly ysly zatlar getirdiler.

29. Ähli ysraýyl erkekleri we aýallary Rebbiň Musa buýran işi üçin göwnünden çykaran zatlaryny getirdiler. Olar muny Rebbe meýletin sadaka hökmünde getirdiler.

30. Soňra Musa ysraýyllara şeýle diýdi: «Ynha, Reb ýahuda tiresinden Huruň agtygy, Urynyň ogly Besaleli saýlady.

31. Ol ony Öz ruhy bilen dolduryp, oňa dürli hili senetçilik işlerinde ukyp, akyl-paýhas we başarjaňlyk berdi.

32. Ol ökde nakgaş bolup, altyna, kümşe we bürünje dürli nagyşlar saldy.

33. Daşlary oýmakda, agaç ýonmakda, her hili ussaçylyk işinde oňa ukyp berdi.

34. Şeýle hem Reb Besalele we dan tiresinden Ahysamagyň ogly Oholyýaba başga adamlara öwretmek ylhamyny hem berdi.

35. Reb olara dürli hili senetçilik işlerinde ukyp berdi: ussaçylyk ýa-da nakgaşçylyk, ýa-da gök, badam, gyrmyzy ýüplük bilen we nepis zygyr sapak bilen keşde çekmeklik, ýa-da dokmaçylyk berildi. Olaryň hemmesi ökde ussalar we nakgaşlardyr». ‎

About Müsürden çykyş Chapter 35

Read Müsürden çykyş Chapter 35 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Müsürden çykyş in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Müsürden çykyş
Chapter: 35
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Müsürden çykyş. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Müsürden çykyş Chapter 35 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Müsürden çykyş Chapter 35?

Müsürden çykyş Chapter 35 is part of the Book of Müsürden çykyş in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Müsürden çykyş Chapter 35 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Köne Äht

  1. Zebur Chapter 130
  2. Hoşeýa Chapter 1
  3. Zebur Chapter 51
  4. Eýýup Chapter 5
  5. Zebur Chapter 49
  6. Gelip çykyş Chapter 18
  7. Zebur Chapter 44

Explore More from müsürden çykyş

  1. Müsürden çykyş Chapter 14
  2. Müsürden çykyş Chapter 15
  3. Müsürden çykyş Chapter 9
  4. Müsürden çykyş Chapter 23
  5. Müsürden çykyş Chapter 25
  6. Müsürden çykyş Chapter 16
  7. Müsürden çykyş Chapter 18

Related Chapters & Readings

  1. 2 Şamuwel Chapter 9
  2. 2 Korintoslylara haty Chapter 6
  3. Zebur Chapter 51
  4. 1 patyşalar Chapter 13
  5. 2 patyşalar Chapter 22
  6. Zebur Chapter 36
  7. Gelip çykyş Chapter 7
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *