1 Şamuwel Chapter 22

For English

Read 1 Şamuwel Chapter 22 Online

Read 1 Şamuwel Chapter 22 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 1 Şamuwel in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of 1 Şamuwel and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

1 Şamuwel 22

Bap 22

1. Dawut ol ýerden Adullam gowagyna gaçdy. Dawudyň agalary hem onuň atasynyň tutuş maşgalasy muny eşidip, onuň ýanyna geldiler.

2. Ezilýänler, bergi-borja batanlar hem närazylaryň ählisi onuň ýanyna ýygnanyşdylar. Şeýdip, Dawut ýanyna ýygnan dört ýüze golaý adama baştutan boldy.

3. Dawut ol ýerden Mowapdaky Mispä gitdi. Ol Mowap patyşasyna: «Hudaýyň meni näme etjegi belli bolýança, kakam bilen ejemi öz ýanyňyzda saklap bilmezmisiňiz?» diýdi.

4. Şeýdip, Dawut kakasy bilen ejesini Mowap patyşasynyň ýanyna getirdi. Dawudyň gowakda bolan döwründe olar onuň ýanynda boldular.

5. Gat pygamber Dawuda: «Gowagy taşla, Ýahuda ýurduna git» diýdi. Şoňa görä Dawut ol ýerden çykyp, Heret tokaýyna gitdi.

6. Dawudyň we onuň ýanyndakylaryň tapylandygyny Şawul eşitdi. Ol Gibgadaky bir depede, ýylgynyň aşagynda otyrdy; elinde naýzasy bardy, nökerleriniň ählisi onuň daşyny alyp durdular.

7. Şawul ýanyndaky nökerlerine şeýle diýdi: «Eý, benýaminler – tiredeşlerim, indi gulak asyň. Ýyşaýyň ogly siziň her biriňize meýdanlar, üzümçilikler berermikä, ol sizi müňbaşylar hem ýüzbaşylar edermikä?

8. Şonuň üçin meniň garşyma dildüwşük guradyňyzmy? Oglumyň Ýyşaýyň ogly bilen ülpet bolandygyny maňa habar bereniňiz bolmady. Bu günki gün, görşüňiz ýaly, oglum öz nökerimi meniň garşyma duzak gurmaga iteklände, biriňiziň-de maňa nebsiňiz agyrmady, ol hakda maňa dil ýarmadyňyz».

9. Şol wagty Şawulyň nökerleriniň gapdalynda duran edomly Döweg: «Ýyşaýyň oglunyň Ahytubyň ogly Ahymelegiň ýanyna Nop galasyna gelenini gördüm.

10. Ol Dawut üçin Rebbe ýüz tutup, onuň sapary barada sorady we oňa azyk hem-de Jalut piliştliniň gylyjyny berdi» diýdi.

11. Şawul Ahytubyň ogly Ahymelek ruhanyny, onuň tutuş maşgalasyny – Nop galasyndaky ähli ruhanylary getirmek üçin adam iberdi. Olaryň ählisi patyşanyň ýanyna geldiler.

12. Şawul Ahymelege: «Indi maňa gulak as, eý, Ahytubyň ogly» diýdi. Ol: «Gulak asýaryn, hökümdarym» diýdi.

13. Şawul oňa şeýle diýdi: «Näme üçin Ýyşaýyň ogly ikiňiz meniň garşyma dildüwşük guradyňyz? Näme üçin sen oňa çörekdir gylyç berdiň we onuň üçin Hudaýa ýüz tutup, onuň sapary barada soradyň? Görşüň ýaly, şeýdip, ol meniň garşyma duzak gurdy».

14. Ahymelek Şawula şeýle jogap berdi: «Dawut seniň nökerleriňiň iň wepalysy ahyryn. Ol seniň giýewiň, baş janpenaň hem-de seniň köşgüňde iň hormatly adamdyr.

15. Hudaýa ýüz tutup, Dawut barada bu meniň ilkinji gezek soraýşymmy näme? Ýok, meniň özümi-de, meniň atamyň maşgalasyndan kimdir başga birini-de, goý, patyşahym günäkärlemesin. Seniň guluňyň bu işden düýbünden habary ýokdur».

16. Patyşa: «Ahymelek, seniň özüňiň-de, ataňyň maşgalasynyň-da öljegine şek ýokdur» diýdi.

17. Patyşa ýanynda duran janpenasyna: «Bol, Rebbiň ruhanylaryny öldür, sebäbi olaram Dawudy goldaýarlar. Olar onuň gaçyp ýörenini bilibem, maňa habar bermändirler» diýdi. Ýöne patyşanyň nökerleri Rebbiň ruhanylaryna el götermediler.

18. Soňra patyşa ruhanylary öldürmegi Döwege buýurdy. Edomdan bolan Döweg ruhanylary gyrdy. Şol gün ol zygyr matadan tikilen efot geýnen segsen bäş ruhanyny öldürdi.

19. Şawul ruhanylaryň galasy bolan Nop galasyny gylyçdan geçirdi, ol erkekdir aýallary, çaga-çugalary, mal-garalary, eşekleri, dowarlary – hemmesini gylyçdan geçirdi.

20. Ýöne Ahytubyň agtyklarynyň biri, Ahymelegiň ogullarynyň biri bolan Abýatar gaçyp, başyny gutardy we Dawudyň yzyndan gitdi.

21. Abýatar Şawulyň Rebbiň ruhanylaryny gyrgyna berendigini Dawuda habar berdi.

22. Dawut Abýatara şeýle diýdi: «Ol ýerde edomly Döwegi görüp, men onuň Şawula habar berjekdigini şol gün anyk bildim. Seniň ataňyň tutuş maşgalasynyň ölümi üçin men günäkär.

23. Meniň ýanymda gal, özüňem gorkma, çünki meniň kastyma çykanyň, seniň hem kastyňa çykdygydyr, emma sen meniň penamdasyň».

About 1 Şamuwel Chapter 22

Read 1 Şamuwel Chapter 22 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 1 Şamuwel in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: 1 Şamuwel
Chapter: 22
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading 1 Şamuwel. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading 1 Şamuwel Chapter 22 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is 1 Şamuwel Chapter 22?

1 Şamuwel Chapter 22 is part of the Book of 1 Şamuwel in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete 1 Şamuwel Chapter 22 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from 1-şamuwel

  1. 1 Şamuwel Chapter 16
  2. 1 Şamuwel Chapter 13
  3. 1 Şamuwel Chapter 19
  4. 1 Şamuwel Chapter 24
  5. 1 Şamuwel Chapter 1
  6. 1 Şamuwel Chapter 28
  7. 1 Şamuwel Chapter 26

Explore More from Köne Äht

  1. Zebur Chapter 74
  2. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 33
  3. 2 patyşalar Chapter 7
  4. 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 14
  5. Işaýa Chapter 35
  6. Zebur Chapter 70
  7. Ýunus Chapter 2

Related Chapters & Readings

  1. Zebur Chapter 140
  2. Kanun taglymaty Chapter 25
  3. 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 15
  4. 2 Şamuwel Chapter 7
  5. Çölde Chapter 25
  6. Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 10
  7. Müsürden çykyş Chapter 26
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *