Süleýmanyň pähimleri Chapter 20

For English

Read Süleýmanyň pähimleri Chapter 20 Online

Read Süleýmanyň pähimleri Chapter 20 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Süleýmanyň pähimleri in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Süleýmanyň pähimleri and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Süleýmanyň pähimleri 20

Bap 20

1. Şerap biabraý edýändir, içgi dawa-jenjel turuzýandyr. Oňa aldanýanyň ählisi akylsyzdyr.

2. Patyşanyň gazaby arslanyň nagrasy kimindir, onuň gaharyny getirýän öz janyna töwekgellik edýändir.

3. Dawadan gaçmak adama abraý getirýär, bar akmak jedele taýýar.

4. Ýalta ýer sürmän, orak wagtynda hasyl gözlär, ýöne tapmaz.

5. Ynsanyň ýüregindäki pikir çuň suw kimindir, düşünjeli adam ony çekip çykarar.

6. Köp adam özüne «Men wepaly» diýýändir, ýöne ynamdar birini kim tapyp biler?

7. Dogruçyl sadyklykda ýöreýär, onuň yzynda çagalary nähili bagtly bolar!

8. Hökmürowan tagtynda oturýan patyşa ähli ýamanlygy gözleri bilen saýgarýar.

9. «Ýüregimi tämizledim, günäden päklendim» diýip, kim aýdyp biler?

10. Iki dürli terezi daşynyň, iki dürli ölçegiň ikisi hem Rebbe ýigrenjidir.

11. Hatda çaga hem eden işiniň päkdigini ýa dogrudygyny öz hereketi bilen aýan edýär.

12. Diňleýän gulagy, görýän gözi – ikisinem Reb ýaradandyr.

13. Garyp bolmazyň ýaly, ukyny söýme, gözüňi aç, nanyň bol bolar.

14. Satyn alýan: «Erbet, erbet» diýýändir, aňyrrak baryp bolsa öwýändir.

15. Altyn bar, jöwherem köpdür, ýöne bilimli dil tapylgysyz zatdyr.

16. Nätanşa kepil bolanyň geýimini al, kesekä kepil bolandan girew al.

17. Hile bilen gazanylan nan süýjüdir, soňra agzy çagyldan dolar.

18. Maksatlar maslahat bilen berkarar bolýandyr; sagdyn maslahatlar bilen urşa git.

19. Gybatkeş syry paş edýändir, agzyboş bilen gatnaşyk açma.

20. Ata-enesini näletleýäniň tüm garaňkylykda çyrasy söner.

21. Başda basym alnan miras soňunda bereketli bolmaz.

22. «Ýamanlygy ýerine salaryn» diýme, Rebbe garaş, Ol seni halas eder.

23. Galp terezi daşy Rebbe ýigrenjidir, hileli terezi hem gowy däldir.

24. Adamyň her ätjek ädimi Rebdendir. Şeýle bolansoň, adam öz ýoluna nädip düşünsin?

25. Zadyny pähimsiz bagyş edýän adam duzaga düşer, ol äht edenden soň oýlanar.

26. Akylly patyşa ýaramazlary sowrup, olaryň üstünde döwek döwýär.

27. Adamyň ruhy – Rebbiň çyrasydyr, ol ynsan kalbynyň bütin jümmüşini barlaýar.

28. Sadyklyk we ynamdarlyk patyşany goraýar, onuň tagty sadyklykdan berkarar bolýar.

29. Ýigitlik kuwwaty – olaryň şöhratydyr, çal saçlar bolsa garrylaryň abraýydyr.

30. Yz galdyrýan urgy ýamanlykdan tämizleýär, kötekler bolsa kalbyň jümmüşini päkleýär. ‎

About Süleýmanyň pähimleri Chapter 20

Read Süleýmanyň pähimleri Chapter 20 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Süleýmanyň pähimleri in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Süleýmanyň pähimleri
Chapter: 20
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Süleýmanyň pähimleri. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Süleýmanyň pähimleri Chapter 20 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Süleýmanyň pähimleri Chapter 20?

Süleýmanyň pähimleri Chapter 20 is part of the Book of Süleýmanyň pähimleri in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Süleýmanyň pähimleri Chapter 20 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Köne Äht

  1. Zebur Chapter 130
  2. Hoşeýa Chapter 1
  3. Zebur Chapter 51
  4. Eýýup Chapter 5
  5. Zebur Chapter 49
  6. Gelip çykyş Chapter 18
  7. Zebur Chapter 44

Explore More from süleýmanyň-pähimleri

  1. Süleýmanyň pähimleri Chapter 23
  2. Süleýmanyň pähimleri Chapter 1
  3. Süleýmanyň pähimleri Chapter 18
  4. Süleýmanyň pähimleri Chapter 2
  5. Süleýmanyň pähimleri Chapter 13
  6. Süleýmanyň pähimleri Chapter 15
  7. Süleýmanyň pähimleri Chapter 3

Related Chapters & Readings

  1. Zebur Chapter 24
  2. Lewiler kitaby Chapter 22
  3. Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 7
  4. Zebur Chapter 98
  5. Ezekiýel Chapter 43
  6. Işaýa Chapter 60
  7. Süleýmanyň pähimleri Chapter 25
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *