Ysraýyl serdarlary Chapter 18

For English

Read Ysraýyl serdarlary Chapter 18 Online

Read Ysraýyl serdarlary Chapter 18 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ysraýyl serdarlary in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Ysraýyl serdarlary and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Ysraýyl serdarlary 18

Bap 18

1. Şol döwürde ysraýyllaryň patyşasy ýokdy. Danlar özlerine ýaşar ýaly ýer gözleýärdiler, sebäbi şol wagta çenli ysraýyllaryň tireleriniň arasynda olaryň mülk paýy heniz paýlanmandy.

2. Danlar öz urugyndan, Sora hem Eştawol galalaryndan bäş sany daýaw erkek adamy ýer gözlemek hem-de maglumat toplamak üçin gizlinlikde ugratdylar. Olara: «Baryň, assyrynlyk bilen ýer gözläň» diýdiler. Olar Efraýym daglygyna, Mikanyň öýüne gelip ýetdiler we gijäni şol ýerde geçirdiler.

3. Mikanyň öýünde bolanda, olar lewi ýigidini onuň sesinden tanadylar-da, içerik girdiler we ondan: «Seni bu ýere kim getirdi? Bu ýerde sen näme işleýärsiň? Näme sebäpden sen bu ýerde?» diýip soradylar.

4. Bu ýigit olara Mikanyň özüne edenlerini aýtdy. «Men hakyna işe durdum, men onuň ruhanysy» diýdi.

5. Olar ruhana: «Sen Hudaýdan sorap, bize bilip ber, biz özümiziň ýolumyzyň şowly boljagyna-bolmajagyna göz ýetireli» diýdiler.

6. Ruhany olara: «Arkaýyn gidiberiň, siziň ýoluňyz Rebbiň nazarynda» diýdi.

7. Bu bäş adam ol ýerden gaýdyp, Laýyşa geldi. Onuň ilatynyň sidonlylar ýaly parahat we asuda ýaşaýandygyny, olary sidonlaryň dolandyrýandygyny gördüler. Olaryň hemme zady bardy. Olar asuda we aladasyz ýaşaýardylar. Olar sidonlardan uzakda ýaşaýardylar we hiç kim bilen aragatnaşyk saklamaýardylar.

8. Soňra olar Sora hem-de Eştawola öz tiredeşleriniň ýanyna gaýdyp geldiler; tiredeşleri olardan: «Gurtmy, tilki?» diýip soradylar.

9. Olar: «Biz bir ýer gördük, topragy juda gowy. Siz näme beýle pikire batdyňyz, ikirjiňlenmäň-de, baryp, ol ýeri eýeläň.

10. Siz ol ýerde hiç bir aladasy bolmadyk halky görersiňiz. Olaryň ýeri-de örän giň. Hudaý olary siziň eliňize berendir. Ol ýerde asyl ýetmezçilik edýän zat ýok» diýdiler.

11. Danlardan bolan alty ýüz sany erkek adam ýaraglaryny dakynyp, Soradan we Eştawoldan çykyp ugradylar.

12. Olar baryp, Ýahudadaky Kyrýategarymda düşelge gurdular. Şoňa görä ol ýer henize çenli Mahanadan diýlip atlandyrylýar, bu Kyrýategarymyň günbatarydyr.

13. Olar bu ýerden efraýymlaryň ýaşaýan daglygyna tarap gitdiler we Mikanyň öýüniň ýanyna geldiler.

14. Laýyşy gözden geçirmäge öň gelip giden bäş adam öz doganlaryna: «Şu öýleriň birinde efot, oýma hem guýma but we başga butlar bar, siz şony bilýärsiňizmi? Indi näme etmelidigiňizi özüňiz biliň» diýdiler.

15. Bular ol ýere bardylar. Mikanyň topar bolup duran öýleriniň birinde bolýan lewi ýigidiniňkä girdiler, onuň bilen salamlaşdylar.

16. Ýaraglaryny dakynan alty ýüz sany dan adamlary derwezäniň agzynda durdular.

17. Ýer görmäge öňki gelen bäş adam öýe girip, efoty, oýma hem guýma buty we başga butlary aldylar. Ruhany derwezäniň agzynda ýaraglaryny dakynan alty ýüz adamyň ýanynda durdy.

18. Mikanyň öýüne girip, efoty, oýma hem guýma buty we başga butlary alanlarynda, ruhany olara: «Näme edýärsiňiz?» diýdi.

19. Olar ruhana: «Sem bol! Ýör biziň bilen git, bize ýaşululyk hem ruhanylyk edersiň. Diňe bir adama ruhanylyk etmek gowumy ýa-da Ysraýylyň tutuş bir tiresi bilen urugyna?» diýdiler.

20. Ruhany begenip, efoty, oýma hem guýma buty we başga butlary alyp, ýaňky gelen adamlar bilen gitdi.

21. Olar çagalary, mallary, ähli goşlary öňden goýberip, ýola düşdüler.

22. Olar Mikanyň öýünden uzaklaşyp başlanda, Mika danlar bilen söweşmäge goňşularyny çagyrdy. Olar danlaryň yzyndan kowaladylar,

23. olaryň yzyndan gygyrdylar. Danlar Mika tarap öwrülip: «Saňa näme gerek? Ýa urşasyň gelýärmi?» diýdiler.

24. Mika olara: «Siz meniň ýasadan hudaýlarym bilen ruhanymy alyp gitdiňiz. Hany indi maňa näme galdy? Ýene-de: „Näme gerek?“ diýip soraýarsyňyz» diýdi.

25. Danlar oňa: «Sem bol, ýogsam, biziň gaharymyzy getirersiň, onsoň özüňiň-de, tutuş maşgalaňyň-da janyny jähenneme ibereris» diýdiler.

26. Danlar öz ýollary bilen gidiberdiler, Mika bolsa olaryň özünden güýçlüdiklerini görüp, yzyna dolandy we öýüne gaýdyp geldi.

27. Danlar Mikanyň ýasan sežde edilýän zatlaryny hem-de onuň öýünde ýaşan ruhanyny alyp, Laýyşa tarap gitdiler. Ol ýere baryp parahat we aladasyz ýaşaýan halky gylyçdan geçirip, galany otladylar.

28. Ol ýerdäkilere kömek eden tapylmady, sebäbi olar Sidondan uzakdady, hiç kim bilen aragatnaşyk saklamaýardylar. Ol gala Beýtrehobyň golaýynda ýerleşýärdi, danlar galany täzeden gurdular-da, ol ýerde ýaşap başladylar.

29. Olar Ýakubyň ogly Danyň hatyrasyna ol gala Dan diýen at berdiler; galanyň öňki ady Laýyşdy.

30. Danlar sežde edilýän buty oturtdylar. Musanyň agtygy Gerşomyň ogly bolan Ýonatanyň özi we onuň ogullary tä ýurt ýesirlige alynýança danlara ruhanylyk etdiler.

31. Hudaýyň öýüniň Şiloda bolan wagtynyň bütin dowamynda, Mika tarapyndan ýasalan sežde edilýän but şol ýerde saklandy.

About Ysraýyl serdarlary Chapter 18

Read Ysraýyl serdarlary Chapter 18 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ysraýyl serdarlary in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Ysraýyl serdarlary
Chapter: 18
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Ysraýyl serdarlary. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Ysraýyl serdarlary Chapter 18 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Ysraýyl serdarlary Chapter 18?

Ysraýyl serdarlary Chapter 18 is part of the Book of Ysraýyl serdarlary in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Ysraýyl serdarlary Chapter 18 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Köne Äht

  1. Zebur Chapter 130
  2. Hoşeýa Chapter 1
  3. Zebur Chapter 51
  4. Zebur Chapter 49
  5. Eýýup Chapter 5
  6. Zebur Chapter 9
  7. Gelip çykyş Chapter 18

Explore More from ysraýyl-serdarlary

  1. Ysraýyl serdarlary Chapter 5
  2. Ysraýyl serdarlary Chapter 1
  3. Ysraýyl serdarlary Chapter 12
  4. Ysraýyl serdarlary Chapter 17
  5. Ysraýyl serdarlary Chapter 15
  6. Ysraýyl serdarlary Chapter 4
  7. Ysraýyl serdarlary Chapter 16

Related Chapters & Readings

  1. 1 patyşalar Chapter 1
  2. Markusyň Hoş Habary Chapter 14
  3. Resullaryň Işleri Chapter 10
  4. Süleýmanyň pähimleri Chapter 10
  5. 2 Şamuwel Chapter 4
  6. Ysraýyl serdarlary Chapter 13
  7. Ezekiýel Chapter 45
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *