Read 2 Korintoslylara haty Chapter 1 Online
Read 2 Korintoslylara haty Chapter 1 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 2 Korintoslylara haty in the New Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of 2 Korintoslylara haty and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
2 Korintoslylara haty 1
Bap 1
1. Hudaýyň islegi bilen Isa Mesihiň resuly bolan Pawlusdan we dogan Timoteosdan bütin Ahaýadaky mukaddesleriň baryna, Hudaýyň Korintosdaky ýygnaklaryna salam!
2. Atamyz Hudaý, Reb Isa Mesih size merhemet etsin, parahatlyk bersin!
3. Rebbimiz Isa Mesihiň Hudaýy hem Atasyna alkyş! Ol rehimler Atasy, bütin teselliler Hudaýydyr.
4. Hudaýyň bize berýän tesellisi bilen biz-de her hili muşakgat içindäkilere teselli berer ýaly, Ol her muşakgatymyzda bize teselli berýär.
5. Çünki Mesihiň görgüleriniň bizde artyşy ýaly, biziň tesellimiz hem Mesih arkaly artýar.
6. Muşakgat çekýän bolsak, bu siziň teselli tapyp, gutulmagyňyz üçindir. Bu gutulyş biziň hem görýän görgülerimize döz gelmegiňiz bilen emele gelýändir. Bize teselli berilýän bolsa, bu siziň teselli tapmagyňyz, gutulmagyňyz üçindir.
7. Biziň siz hakdaky umydymyz berkdir, çünki görgülerimize şärik bolşuňyz ýaly, ruhlanmamyza-da şärikdigiňizi bilýäris.
8. Çünki, eý doganlar, Aziýada biziň başymyza gelen muşakgatlardan siziň habarsyz bolmagyňyzy islemeýäris. Biz çendenaşa, çydardan agyr kynçylyga düşüp, diri galmakdan hem umydymyzy üzdük.
9. Ölüm jezasyny içimizde duýduk. Bu özümize däl-de, ölüleri direlden Hudaýa bil baglamagymyz üçin boldy.
10. Ol bizi şeýle uly ölümden gutardy we gutarýar. Biziň üçin edýän dogalaryňyzyň kömegi bilen Onuň bizi ýene-de gutarjagyna umyt baglaýarys.
11. Şeýlelikde, köp adamlaryň dogasy netijesinde, bize berlen merhemetden ötri köpler biz babatda Hudaýa şükür eder.
12. Çünki biziň buýsanjymyz bu dünýäde, ylaýta-da, siziň bilen bolan gatnaşygymyzda tebigy akyldarlyk bilen däl-de, Hudaýyň merhemeti bilen, Hudaýdan bolan mukaddeslik we janypkeşlik bilen gezenligimize ynsabymyzyň güwäligidir.
13. Çünki biz size okaýanlaryňyzdan, düşünýänleriňizden başga hiç bir zady ýazmaýarys.
14. Bölekleýin düşünişiňiz, Rebbimiz Isa Mesihiň gününde biziň buýsanjymyz bolşuňyz ýaly, biziň hem siziň buýsanjyňyz bolmagymyz üçin, muňa soňuna çenli düşünersiňiz diýen umydym bar.
15. Bu ynam bilen, bähbidiňiz iki esse bolar ýaly, öňürti size barsam,
16. siziň üstüňiz bilen Makedoniýa geçip, Makedoniýadan ýene size gelip, Ýahuda siz ýola salarsyňyz diýen niýetim bardy.
17. Men şeýle niýet edip, durnuksyzlyk etdimmi? Ýa mende hem «hawa, hawa» hem-de «ýok, ýok» bolar ýaly, niýet edýänlerimi adam pikiri boýunça niýet edýärinmi?
18. Biziň size gowşuran sözümiziň hem «hawa», hem «ýok» däldigine Hudaýyň ynamdarlygyndan ant içýärin.
19. Çünki Silwanus we Timoteos dagymyz tarapdan siziň araňyzda wagyz edilen Hudaýyň Ogly Isa Mesih «hawa» we «ýok» bolman, Onda hemişe «hawa» bolandyr.
20. Hudaýyň ähli wadalary Mesihde «hawadyr». Şonuň üçin, biz arkaly Hudaýa şöhrat bolar ýaly, omyn Ol arkaly aýdylýandyr.
21. Bizi siz bilen birlikde Mesihde berkiden, wezipä bellän Hudaýdyr.
22. Ol bize möhür basyp, Mukaddes Ruhy ýüreklerimizde girew goýdy.
23. Hudaýy janyma güwä tutýaryn, şu çaka çenli Korintosa gelmedigimiň sebäbi sizi aýamakdy.
24. Bu biz siziň imanyňyzyň üstünden höküm sürýäris diýmek däldir, biz şatlygyňyz üçin siziň işdeşleriňizdiris. Çünki siz imanda berk dursuňyz.
About 2 Korintoslylara haty Chapter 1
Read 2 Korintoslylara haty Chapter 1 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 2 Korintoslylara haty in the New Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: 2 Korintoslylara haty
Chapter: 1
Testament: New Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading 2 Korintoslylara haty. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading 2 Korintoslylara haty Chapter 1 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is 2 Korintoslylara haty Chapter 1?
2 Korintoslylara haty Chapter 1 is part of the Book of 2 Korintoslylara haty in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete 2 Korintoslylara haty Chapter 1 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from 2-korintoslylara-haty
- 2 Korintoslylara haty Chapter 2
- 2 Korintoslylara haty Chapter 5
- 2 Korintoslylara haty Chapter 4
- 2 Korintoslylara haty Chapter 6
- 2 Korintoslylara haty Chapter 3
- 2 Korintoslylara haty Chapter 8
- 2 Korintoslylara haty Chapter 10
Explore More from Täze Äht
- Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 20
- Ýewreýlere haty Chapter 5
- Markusyň Hoş Habary Chapter 6
- Petrusyň birinji haty Chapter 5
- Efeslilere haty Chapter 1
- Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 12
- Galatýalylara haty Chapter 1