Ýahýa gelen ylham Chapter 11

For English

Read Ýahýa gelen ylham Chapter 11 Online

Read Ýahýa gelen ylham Chapter 11 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ýahýa gelen ylham in the New Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Ýahýa gelen ylham and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Ýahýa gelen ylham 11

Bap 11

1. Maňa taýaga meňzeş bir ölçeg agajyny berip, şeýle diýdiler: «Git-de, Hudaýyň ybadathanasyny, gurbanlyk edilýän ýeri ölçe, ol ýerde sežde edýänleri sana.

2. Ýöne ybadathananyň daşky howlusyny taşla, ony ölçeme. Çünki ol ýer mukaddes şäheri kyrk iki aýlap depelejek milletlere berildi.

3. Men iki güwäme güýç bererin, olar jul geýnip, müň iki ýüz altmyş günläp welilik eder».

4. Dünýäniň Rebbiniň öňünde duran iki zeýtun agajy, iki şemdan bulardyr.

5. Biri olara zyýan ýetirjek bolsa, olaryň agzyndan çykan ot duşmanlaryny iýip soňuna çykar. Olara zelel berjek bolýan adam şeýle öldürilmelidir.

6. Welilik eden günleri ýagyş ýagmaz ýaly, olaryň Gögi baglamaga ygtyýary bolar. Olar suwlary gana öwürmek, näçe isleseler, şonça-da Ýeri her hili bela bilen urmak ygtyýaryna eýedir.

7. Olar güwäliklerini tamamlanlarynda, dowzahdan çykan janawar olar bilen urşup, olary ýeňip öldürer.

8. Maslyklary Sodom we Müsür diýilýän uly şäherleriň köçelerinde alamat hökmünde ýatar. Ol ýerde olaryň Rebbi haça çüýlenipdi.

9. Bütin halklardan, taýpalardan, dillerden we milletlerden bolan ynsanlar üç gün ýarym olaryň maslyklaryna serederler, ýöne maslyklarynyň jaýlanmagyna rugsat bermezler.

10. Ýer ýüzünde ýaşaýanlar olaryň bu ýagdaýyna begenişip, baýram eder, biri-birlerine sowgatlar ýollar. Çünki bu iki pygamber ýer ýüzünde ýaşaýanlara köp sütem etdi.

11. Üç gün ýarymdan soň, Hudaýdan gelen ýaşaýyş demi olaryň bedenine girende, olar aýak üstüne galdylar. Olary görenleriň üstüne uly howp abandy.

12. Iki pygamber Gökden: «Ýokary, bu ýere çykyň!» diýen batly sesi eşitdiler, duşmanlarynyň gözüniň alnynda bulutda ýokaryk Göge çykdylar.

13. Şol sagat bir uly ýertitreme bolup, şäheriň ondan biri ýykyldy. Ýertitremede ýedi müň adam öldi. Galanlar gaty gorkup, Gökdäki Hudaýy şöhratlandyrdylar.

14. Ikinji «Waý» geçdi. Ine, basym üçünji «Waý» gelýär.

15. Ýedinji perişde surnaý çaldy. Gökden batly sesler çykyp, şeýle diýdi: «Dünýä patyşalygy Rebbimiziňki we Onuň Mesihiniňki boldy. Ol hem ebedilik höküm sürer».

16. Hudaýyň öňünde ýykylyp, öz tagtlarynda oturan ýigrimi dört ýaşuly ýüzlerini ýere berdiler-de, Hudaýa sežde edip diýdiler:

17. Eý, hemme zada güýji ýetýän, häzir bar bolan, geçmişde bar bolan we geljek Reb Hudaý! Saňa şükür edýäris. Çünki Sen beýik gudratyňy ele alyp höküm sürmäge başladyň.

18. Milletler gaharlanypdylar. Indi bolsa Seniň gaharyň geldi. Ölüleriň üstünden höküm çykarmak, gullaryň pygamberlere, mukaddeslere, kiçi bolsun, uly bolsun, adyňa hormat goýanlary sylaglamak, ýeri dargadanlary dargatmak wagty geldi».

19. Hudaýyň Gökdäki ybadathanasy açylyp, ybadathanadan Onuň äht sandygy göründi. Şol pursat ýyldyrymlar çakdy, batly sesler, gök gürrüldisi eşidilip, ýer titräp, güýçli doly tupany turdy.

About Ýahýa gelen ylham Chapter 11

Read Ýahýa gelen ylham Chapter 11 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ýahýa gelen ylham in the New Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Ýahýa gelen ylham
Chapter: 11
Testament: New Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Ýahýa gelen ylham. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Ýahýa gelen ylham Chapter 11 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Ýahýa gelen ylham Chapter 11?

Ýahýa gelen ylham Chapter 11 is part of the Book of Ýahýa gelen ylham in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Ýahýa gelen ylham Chapter 11 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Täze Äht

  1. 2 Korintoslylara haty Chapter 2
  2. 2 Korintoslylara haty Chapter 5
  3. 2 Korintoslylara haty Chapter 6
  4. 2 Korintoslylara haty Chapter 4
  5. 2 Korintoslylara haty Chapter 3
  6. 2 Korintoslylara haty Chapter 8
  7. 2 Korintoslylara haty Chapter 1

Explore More from ýahýa-gelen-ylham

  1. Ýahýa gelen ylham Chapter 6
  2. Ýahýa gelen ylham Chapter 19
  3. Ýahýa gelen ylham Chapter 10
  4. Ýahýa gelen ylham Chapter 2
  5. Ýahýa gelen ylham Chapter 22
  6. Ýahýa gelen ylham Chapter 9
  7. Ýahýa gelen ylham Chapter 21

Related Chapters & Readings

  1. Işaýa Chapter 3
  2. Ezekiýel Chapter 13
  3. Hoşeýa Chapter 13
  4. Hoşeýa Chapter 3
  5. Ezekiýel Chapter 4
  6. Rut Chapter 3
  7. Zebur Chapter 104
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *