Read Zakarýa Chapter 9 Online
Read Zakarýa Chapter 9 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Zakarýa in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Zakarýa and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Zakarýa 9
Bap 9
1. Pygamberlik sözi. Bu Rebbiň Hadrak ýurduna degişli sözüdir. Bu Damask şäherinde galar. Rebbe degişlidir Aram şäherleri we ysraýyl tireleri.
2. Hadrak bilen araçäkdeş bolan Hamat hem, juda parasatly Sur bilen Sidon hem Ondadyr.
3. Sur özüne berkitme gurdy, gum kimin kümüş, köçe hapasy ýaly altyn üýşürdi.
4. Emma Reb onuň bar ýygnanjasyny elinden alar indi. Deňizdäki güýjüni ýok eder, şäheri ot ýalmap-ýuwdar.
5. Ony görüp, Aşkelon gorkar, Gaza yzadan ýaňa jebir çeker, umytdan düşen Ekron-da şeýle eder. Gazanyň şasy ýok ediler, Aşkelon ilatsyz galar.
6. Aşdotda dürli milletlerden garyşan halklar ýaşar, Men piliştleriň tekepbirliginiň soňuna çykaryn.
7. Alaryn agyzlaryndan ganly etlerin, dişleriniň arasyndan nejisliklerin. Aman galanlar Hudaýymyza degişli bolar, Ýahudanyň tiresi ýaly bolar, Ekron ýabuslar kimin bolar.
8. Goragçy hökmünde Öz mekanymda düşlärin, ýeke adam hem eýläk-beýläk geçmez. Sütemkär aman galanlara aralaşmaz, çünki indi olara hut Özüm nazar salaryn.
9. Şatlan, eý, Siýon gyz, şatlan! Eý, Iýerusalim gyzy, belent owaz bilen gygyr! Ine, patyşaň saňa tarap gelýär. Adyl hem ýeňijidir Ol! Ol bir eşege, eşegiň-de taýharyna münüp, pes göwünlilik bilen saňa gelýär.
10. Efraýymyň söweş arabalaryny, Iýerusalimiň atlaryny ýok ederin, söweş ýaýlary omrulyp taşlanar. Ol halklara abadançylygy berkarar eder. Hökümdarlygy deňizden-deňze, derýadan ýeriň uçlaryna ýeter.
11. Sizi bolsa gurbanlyk gany bilen baglaşan ähtim üçin, tussagdakylaryňyzy suwsuz çukurdan çykararyn.
12. Eý, umytly ýesirler, öz galaňyza dolanyň! Bu gün size iki esse bereket berjekdigimi jar edýän.
13. Ýahudany ýaý ýaly edip egerin, Efraýymy bolsa şol ýaýyň oky ederin. Eý, Siýon, ogullaryňy greklere garşy galdyraryn! Seni elimde urşujynyň gylyjy dek oýnaryn.
14. Şonda Reb Öz halkynyň üstünde peýda bolar, ýyldyrym deý uçar Onuň peýkamy. Hökmürowan Reb surnaý çalar-da, günortadan harasat turzup, ýola düşer.
15. Hökmürowan Reb halkyny gorap saklar. Halk öz duşmanlaryny ýok edip, sapan bilen uruşýanlary depeläp ýenjerler. Toýda şerap içen ýaly içip gygyryşarlar. Olar gurbanlyk legeni ýaly gandan doly bolup, gurbanlyk sypasynyň burçlary kimin gandan dolarlar.
16. Şol gün olaryň Hudaýy Reb halas eder, çünki olar çopan sürüsi kimindir. Olar täjiň gymmatbaha daşlary ýaly Hudaýyň ýurdunda şöhle saçarlar.
17. Nähili ajaýyp hem gözel bolarlar! Bol bugdaý hem täze şerapdan ýigit-gyzlar gül açarlar.
About Zakarýa Chapter 9
Read Zakarýa Chapter 9 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Zakarýa in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Zakarýa
Chapter: 9
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Zakarýa. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Zakarýa Chapter 9 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Zakarýa Chapter 9?
Zakarýa Chapter 9 is part of the Book of Zakarýa in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Zakarýa Chapter 9 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Köne Äht
- Zebur Chapter 130
- Hoşeýa Chapter 1
- Zebur Chapter 51
- Zebur Chapter 49
- Eýýup Chapter 5
- Gelip çykyş Chapter 18
- Zebur Chapter 44
Explore More from zakarýa
- Zakarýa Chapter 12
- Zakarýa Chapter 13
- Zakarýa Chapter 14
- Zakarýa Chapter 8
- Zakarýa Chapter 7
- Zakarýa Chapter 10
- Zakarýa Chapter 5