Işaýa Chapter 8

For English

Read Işaýa Chapter 8 Online

Read Işaýa Chapter 8 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Işaýa in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Işaýa and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Işaýa 8

Bap 8

1. Reb maňa: «Bir uly tagta al-da, aýdyň görünýän harplar bilen onuň ýüzüne „Maher-şalal-haşbaz" diýip ýaz.

2. Men Uryýa ruhany bilen Ýaberekýanyň ogly Zakarýany Özüme ynamly şaýatlar hökmünde çagyraryn» diýdi.

3. Men pygamber aýala ýanaşdym. Ol göwreli bolup, bir ogul dogurdy. Reb maňa: «Adyna Maherşalal- haşbaz dak.

4. Çaga „kaka", „eje" diýmegi öwrenmezden öň, Damaskyň we Samarýanyň baýlygyny Aşur patyşasy olja alar» diýdi.

5. Reb ýene sözüni dowam edip:

6. «Bu halk haýal akýan Şilowa suwuny ret etdi, olaryň Resiniň hem Remalýanyň oglundan köňülleri şat boldy.

7. Şonuň üçin Reb Perat derýasynyň güýçli sil suwlaryny, Aşur patyşasyny we onuň şöhratyny bu halkyň üstüne getirer. Ol onuň ähli jarlaryndan aşyp, bütin kenarlaryna dolar.

8. Ol joşup, Ýahuda geçer we ony-da basar; ýurduň bogazyna ýeter. Ýaýylan ganatlarynyň gerimi ýurduň ähli çäklerine ýeter, eý, Imanuwel».

9. Eý, milletler, gidiň, urşuň ýöne siz gyrylarsyňyz! Gulak goýuň, eý, uzakdaky ähli ýurtlar! Billeriňizi guşaň, ýöne gorkuň! Billeriňizi guşaň, ýöne siz gyrylarsyňyz!

10. Bile maslahat geçirersiňiz, ýöne ol başa barmaz; söz sözlärsiňiz, ýöne ol amala aşmaz, çünki Hudaý biziň bilendir.

11. Rebbiň güýçli eli üstümdekä, Ol maňa bu halkyň ýolundan ýöremezligi duýduryp, şeýle diýdi:

12. «Bu halkyň dildüwşük diýýän her zadyna dildüwşük diýmäň, olaryň gorkýan zatlaryndan gorkmaň, heder etmäň.

13. Hökmürowan Rebbi, diňe Ony mukaddes saýyň; Ondan gorkuň, Ondan heder ediň!

14. Ol mukaddes öý bolar, emma Ol Ysraýylyň iki patyşalygyna büdreme daşy, ýykýan gaýa, Iýerusalimiň ilatyna duzak we tor bolar.

15. Olaryň köpüsi büdräp, ýykylar, ýumrular, duzaga düşürilip, tutular».

16. Şägirtlerimiň arasynda şaýatlygy bagla, kanuny möhürle.

17. Men Ýakubyň nesillerinden ýüzüni gizleýän Rebbe intizar, Oňa umyt baglaryn.

18. Ine, men we Rebbiň maňa beren çagalary, Siýon dagynda mesgen tutýan Hökmürowan Rebbiň Ysraýyldaky alamatlary we nyşanydyr.

19. Halk size şeýle diýse: «Pyşyrdaýan we samyrdaýan ruh çagyrýanlara we jadygöýlere ýüz tutuň;

20. halk öwüt-nesihat üçin öz hudaýlaryna, dirileriň adyndan ölülere ýüz tutmaly dälmi näme?». Şeýle diýýänler daň şapagyny görmezler!

21. Olar muşakgat hem açlyk içinde ýurtda ykmandalyk ederler;

22. aç galanlarynda gazaplanyp, öz patyşalaryny we hudaýlaryny näletlärler. Göge-de, ýurda-da bakarlar, emma diňe hasrat, garaňkylyk we elhenç tümlük görerler. Olar tümlüge kowlarlar.

About Işaýa Chapter 8

Read Işaýa Chapter 8 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Işaýa in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Işaýa
Chapter: 8
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Işaýa. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Işaýa Chapter 8 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Işaýa Chapter 8?

Işaýa Chapter 8 is part of the Book of Işaýa in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Işaýa Chapter 8 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Isaya

  1. Isaya Chapter 1
  2. Isaya Chapter 3
  3. Isaya Chapter 2
  4. Isaya Chapter 6
  5. Isaya Chapter 7
  6. Isaya Chapter 5
  7. Isaya Chapter 14

Explore More from Köne Äht

  1. 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 12
  2. Müsürden çykyş Chapter 25
  3. Gelip çykyş Chapter 33
  4. Zebur Chapter 131
  5. Ysraýyl serdarlary Chapter 1
  6. Ýermeýa Chapter 42
  7. Kanun taglymaty Chapter 34

Related Chapters & Readings

  1. Ýahýa gelen ylham Chapter 2
  2. Zakarýa Chapter 8
  3. Ester Chapter 9
  4. Zebur Chapter 110
  5. Zebur Chapter 115
  6. Çölde Chapter 19
  7. Lewiler kitaby Chapter 9
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *