Hagaý Chapter 1

For English

Read Hagaý Chapter 1 Online

Read Hagaý Chapter 1 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Hagaý in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Hagaý and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Hagaý 1

Bap 1

1. Darýuş patyşanyň şalygynyň ikinji ýylynyň altynjy aýynyň birinji güni Hagaý pygamberiň üsti bilen Ýahudanyň häkimi Şeýaltiýeliň ogly Zerubabyla we Ýehosadagyň ogly baş ruhany Ýeşuwa Rebbiň sözi geldi.

2. Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Bu halk Rebbiň öýüni täzeden gurmagyň entek wagty gelenok diýýär».

3. Onsoň Hagaý pygamberiň üsti bilen Rebbiň şu sözi geldi:

4. «Bu öý haraba bolup ýatyrka, özüňiziň kaşaň jaýlarda ýaşamagyňyzyň wagtymy?

5. Şonuň üçin indi Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Öz ýaşan ýyllaryňyza ser salyp pikir ediň.

6. Siz köp ekip, az hasyl alýarsyňyz, iýip doýmaýarsyňyz, içip ganmaýarsyňyz, geýinýärsiňiz, ýöne ýylynmaýarsyňyz, gazanjyňyz düýbi deşik pul torba düşýär“».

7. Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Öz ýaşan ýyllaryňyza ser salyp pikir ediň.

8. Daglyga gidiň-de, agaç getiriň we Meniň öýümi guruň. Şonda Men hoşal bolaryn, şöhratlanaryn, muny Reb diýýär.

9. Siz köp hasyla garaşýardyňyz, ýöne ol hasyl az bolup çykdy. Ony öýe getireniňizde, Men ony ýele sowurdym. Näme üçin? Meniň öýümiň haraba öwrülip ýatany üçin! Men muny siziň ähliňiziň diňe öz öýleriňiz bilen gümradygyňyz üçin şeýle etdim. Muny Men – Hökmürowan Reb aýdýandyryn.

10. Şonuň üçin-de asman ygaly, ýer hasyly sizden gysganýar.

11. Şeýle hem Men ýurda we onuň daglaryna, galla meýdanlaryna, üzümçiliklerine, zeýtun baglaryna, ýerden önýän ähli önümlere, ynsandyr haýwanlaryň üstüne, çekýän ähli zähmetiňiziň üstüne gurakçylyk jezasyny inderdim».

12. Şeýaltiýeliň ogly Zerubabyl bilen Ýehosadagyň ogly baş ruhany Ýeşuwa we halkyň aman galanlarynyň ählisi Rebden gorkup, özleriniň Hudaýy Rebbiň sözüne we Hagaý pygamberiň aýdanlaryna gulak asdylar. Çünki Hagaý pygamberi Beýik Hudaý iberipdi.

13. Onsoň Rebbiň wekili Hagaý Rebbiň şu habaryny halka ýetirdi. Ol: «Reb: „Men siziň bilendirin“ diýýär» diýdi.

14. Reb Ýahudanyň häkimi Şeýaltiýeliň ogly Zerubabylyň, Ýehosadagyň ogly baş ruhany Ýeşuwanyň we halkyň aman galanlarynyň ählisiniň kalbyny oýardy. Onsoň olar gelip, özleriniň Hudaýy Hökmürowan Rebbiň öýüni gurmaga başladylar.

15. Bu waka patyşa Darýuşyň şalygynyň ikinji ýylynyň altynjy aýynyň ýigrimi dördüne bolup geçdi.

About Hagaý Chapter 1

Read Hagaý Chapter 1 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Hagaý in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Hagaý
Chapter: 1
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Hagaý. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Hagaý Chapter 1 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Hagaý Chapter 1?

Hagaý Chapter 1 is part of the Book of Hagaý in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Hagaý Chapter 1 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from hagay

  1. Hagaý Chapter 2
  2. Hagay Chapter 1
  3. Hagay Chapter 2

Explore More from Köne Äht

  1. Ýermeýanyň agysy Chapter 3
  2. Rut Chapter 1
  3. Ýowel Chapter 1
  4. Zebur Chapter 146
  5. Işaýa Chapter 50
  6. Ýermeýa Chapter 16
  7. Ysraýyl serdarlary Chapter 19

Related Chapters & Readings

  1. Müsürden çykyş Chapter 31
  2. Çölde Chapter 26
  3. Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 11
  4. Zebur Chapter 79
  5. Müsürden çykyş Chapter 10
  6. Gelip çykyş Chapter 29
  7. Resullaryň Işleri Chapter 9
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *