Read Işaýa Chapter 23 Online
Read Işaýa Chapter 23 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Işaýa in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Işaýa and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Işaýa 23
Bap 23
1. Sor hakyndaky pygamberlik. Eý, Tarşiş gämileri, Sor weýran boldy, perýat ediň! öýsüz-öwzarsyz galdy ol. Kiprden size habar geldi.
2. Eý, ada ilaty, deňizden geçýänleriň üsti bilen baýan Sidon täjirleri, dymyň!
3. Bol suwlar ýakasynda Şihoryň gallasy, Niliň hasyly girdejiňdi. Milletleriň täjiridi ol.
4. Utan, eý, Sidon, deňiz ýakasyndaky gala, deňiz şeýle diýýär: «Ne burgy tutdy, ne-de dogurdym, ne ýaş ýigitleri kemala getirdim, ne-de ýaş gyzlary ýetişdirdim».
5. Soruň halyna gynanar Müsür, ol barada eşidende.
6. Tarşişe geçiň, eý, adalylar, perýat ediň!
7. Asly owaldan bäri bolan, uzak ülkeleri ýurt edinen şagalaňly şäheriňiz şumy?
8. Täçleri berýän Sora garşy beýle karar çykaran kim? Soruň täjirleri şazadalardy, täjirleri dünýäniň abraýly adamlarydy.
9. Bütin şan-şöhratyň gedemligini ýok etmek üçin, Dünýäniň ähli abraýly adamlaryny biabraý etmek üçin, Hökmürowan Reb şeýle karar çykardy.
10. Eý, Tarşiş gyzy, ýurduňdan Nil kimin geç; indi bökdenç bolmaz.
11. Reb deňiz üstüne elini uzadyp, patyşalyklary titretdi; ýok etmegi buýurdy ol Kengan galalaryny.
12. Ol diýdi: «Eý, Sidonyň ezilen boý gyzy, sen indi şatlanmarsyň. Bar, Kipre git, ol ýerde-de saňa dynçlyk bolmaz».
13. Babyllaryň ýurduna sered-ä, bu halk indi ýok! Wagşy haýwanlaryň eline berdi Aşurlylar ony. Olar gabaw diňlerini dikdiler, galalaryny ýykyp, haraba öwürdiler ony.
14. Perýat ediň, eý, Tarşiş gämileri! Galaňyz weýran boldy.
15. Şol günden başlap, Sor ýetmiş ýyl — bir patyşanyň ömrüçe unudylar. Ýetmiş ýyl soň Soruň başyna bir kemçin hakdaky aýdymda aýdylanlar geler:
16. Eý, unudylan kemçin, şähere aýlan barbat al-da! Barbat çal-da, köp aýdymlar aýt, seni ýatlarlar belki-de.
17. Ýetmiş ýyldan soň, Reb Sory idär. Sor söwdasyna dolanyp, ýer ýüzündäki ähli patyşalyklar bilen zyna eder.
18. Onuň düşewündi, gazanjy Rebbe bagyş ediler. Bular hazynada toplanyp saklanmaz, ýöne ol gazançlar Rebbiň huzurynda ýaşaýanlar üçin bolelin azyga hem gözel eşiklere harç ediler.
About Işaýa Chapter 23
Read Işaýa Chapter 23 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Işaýa in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Işaýa
Chapter: 23
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Işaýa. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Işaýa Chapter 23 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Işaýa Chapter 23?
Işaýa Chapter 23 is part of the Book of Işaýa in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Işaýa Chapter 23 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Isaya
- Isaya Chapter 27
- Isaya Chapter 13
- Isaya Chapter 14
- Isaya Chapter 34
- Isaya Chapter 28
- Isaya Chapter 26
- Isaya Chapter 22
Explore More from Köne Äht
- Ýermeýa Chapter 50
- Hoşeýa Chapter 13
- Ysraýyl serdarlary Chapter 10
- Gelip çykyş Chapter 9
- Sepanýa Chapter 2
- Ezekiýel Chapter 32
- Kanun taglymaty Chapter 19