Işaýa Chapter 45

For English

Read Işaýa Chapter 45 Online

Read Işaýa Chapter 45 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Işaýa in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Işaýa and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Işaýa 45

Bap 45

1. Reb mesh edenine5, sag elinden tutanyna, Kureşe şeýle diýýär: «Öňüňde milletleri baş egdirerin, patyşalary güýjünden mahrum ederin, gapylary açaryn öňüňde, derwezeler ýapylmaz.

2. Men öňüňden gidip, daglary tekizlärin, bürünç gapylary kül ederin, demir kiltlerini döwerin.

3. Adyňy tutup çagyran Ysraýyl Hudaýy Rebbiň Mendigimi bilmegiň üçin, garaňkylygyň hazynalaryny, gizlin ýerlerdäki baýlyklary saňa bererin.

4. Sen meni tanamasaň-da, bendäm Ýakubyň, saýlanym Ysraýylyň hatyrasyna adyňy tutup çagyryp, hormat goýdum saňa.

5. Men Rebdirin, başgasy ýokdur, Menden başga Hudaý ýokdur. Meni tanamasaň-da, saňa Men güýç bererin.

6. Gündogardan günbatara deňeç Menden başganyň ýokdugyny bilsinler diýip, Men güýç bererin saňa.

7. Nury, garaňkylygy ýaradýan Mendirin, abadançylygy, betbagtçylygy getirýän-de Mendirin; Bularyň hemmesini edýän Men — Rebdir.

8. Eý, gökler, ýokardan ýagdyryň, bulutlar dogrulyk ýagdyrsyn; ýer açylyp, gutulyş miwesini bersin, onuň bilen birlikde dogrulyk bitsin; Bulary Men — Reb ýaratdym».

9. Ýaradany bilen dawalaşýanyň dat gününe! Ýeriň küýze döwükleriniň arasyndaky bir küýze döwügi! Toýun özüni şekillendirýäne: «Näme ýasaýarsyň?» «Ýasan zadyň tutawajy ýok» diýermi ýa?

10. Atasyna: «Näme üçin dünýä inderdiň meni?» Enesine: «Näme üçin dogurdyň meni?» diýýäniň dat gününe!

11. Ysraýylyň Mukaddesi, ony ýaradan Reb şeýle diýýär: «Ogullarymyň geljegi hakda Meni sorag edýäňizmi? Elimiň işi hakda buýruk berýäňizmi Maňa?

12. Men ýeri döretdim, onda ynsanlary ýaratdym; ellerim gökleri gerdi, gögüň goşunlaryna buýruk berdim.

13. Kureşi dogrulyk bilen oýardym, bütin ýollaryny dogrularyn; Meniň şäherimi ol diker, ýesirlerimi tölegsiz, peşgeşsiz azat eder ol». Muny Hökmürowan Reb diýýär.

14. Reb şeýle diýýär: «Müsüriň baýlygy, Efiopiýa söwdasy, uzyn boýly sabalylar saňa gelerler, seniňki bolar. Olar seniň yzyňa eýererler, gandallary ýanyňa gelip, saňa tagzym edip ýalbararlar: „Hudaý diňe seniň bilendir, başgasy ýokdur; Ondan başga hudaý ýokdur"».

15. Hakykatdan-da, Özüni gizleýän Hudaý Sensiň, eý, Ysraýyl Hudaýy, eý, Halasgär!

16. Ähli but ýasaýanlar utandyrylar, ryswa ediler; ählisi bile ryswa bolar olaryň.

17. Emma Ysraýyly Reb halas etdi, Ol baky halas edýär; asyrlar boýy utanja galmarsyňyz, ryswa edilmersiňiz.

18. Gökleri ýaradan, Ol Hudaý, dünýäni ýaradan, oňa şekil beren, ony berkiden, boş bolmasyn, adamly bolsun diýen Reb şeýle diýýär: «Men Rebdirin, Menden başga hiç kim ýokdur».

19. Men gizlinlikde, tümlük mekanynda geplemedim, Ýakubyň nesline: «Meni çola ýerden agtaryň» diýmedim. Men — Rebbiň sözleýäni hakykatdyr, dogrulykdyr beýan edýäni. Butlar Babyly halas edip bilmeýär

20. Eý, milletlerden gaçyp gutulanlar, toplanyň, bir ýere toplanyň, birek-birege ýakynlaşyň! Agaç butlary göterip gezýänler, halas edip bilmeýän hudaýdan dileg edýänleriň bilýän zady ýokdur.

21. Bildiriň, dawaňyzy aýdyň, goý, hemmesi üýşüp maslahatlaşsynlar! Muny owaldan aýdan kim? Geçmişde aýan eden kim? Men — Reb dälmidir? Menden başga hudaý ýokdur, Men adyl Hudaý we Halasgärdirin, Menden başga hiç kim ýokdur.

22. Eý, ýeriň dört künjegindäkiler, Maňa dolanyň-da, halas boluň! Men Hudaýdyryn, Menden başgasy ýokdur.

23. Öz barlygymdan ant içdim, agzymdan çykan söz dogrudyr, ol boş däldir: «Her bir dyz öňümde epiler, her bir dil Menden ant içer».

24. Olar: «Dogrulyk hem kuwwat ýalňyz Rebdedir» diýerler. Oňa gazap bildirenleriň ählisi huzuryna gelip, utanarlar.

25. Ysraýylyň bütin nesli Rebde aklanar, şöhratlanar.

About Işaýa Chapter 45

Read Işaýa Chapter 45 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Işaýa in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Işaýa
Chapter: 45
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Işaýa. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Işaýa Chapter 45 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Işaýa Chapter 45?

Işaýa Chapter 45 is part of the Book of Işaýa in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Işaýa Chapter 45 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Isaya

  1. Isaya Chapter 1
  2. Isaya Chapter 6
  3. Isaya Chapter 2
  4. Isaya Chapter 3
  5. Isaya Chapter 14
  6. Isaya Chapter 7
  7. Isaya Chapter 16

Explore More from Köne Äht

  1. Zebur Chapter 127
  2. Müsürden çykyş Chapter 15
  3. Işaýa Chapter 13
  4. Süleýmanyň pähimleri Chapter 13
  5. Lewiler kitaby Chapter 12
  6. 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 6
  7. Gelip çykyş Chapter 15

Related Chapters & Readings

  1. 1 Korintoslylara haty Chapter 14
  2. Ýermeýa Chapter 50
  3. Markusyň Hoş Habary Chapter 5
  4. Mattanyň Hoş Habary Chapter 21
  5. Müsürden çykyş Chapter 14
  6. 1 Korintoslylara haty Chapter 8
  7. Ysraýyl serdarlary Chapter 4
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *