Read 2 Korintoslylara haty Chapter 4 Online
Read 2 Korintoslylara haty Chapter 4 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 2 Korintoslylara haty in the New Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of 2 Korintoslylara haty and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
2 Korintoslylara haty 4
Bap 4
1. Şonuň üçin özümize görkezilen merhemet saýasynda bu hyzmata ýetenimiz üçin, biz ruhdan düşmeýäris.
2. Gizlin, utançly ýollary ret etdik. Biz hile bilen gezmän, Hudaýyň sözüniň saplygyny bozman, hakykaty aýan edip, özümizi Hudaýyň huzurynda ähli adam ynsabyna maslahat berýäris.
3. Biziň Hoş Habarymyz perdeli-de bolsa, heläk bolanlar üçin perdelidir.
4. Hudaýyň keşbi bolan Mesihiň şöhratynyň Hoş Habarynyň nury olary ýagtylandyrmasyn diýip, bu dünýäniň taňrysy imansyzlaryň akyllaryny küteldendir.
5. Çünki biz özümizi däl-de, Mesih Isany Reb diýip, özümizi bolsa Isanyň hatyrasyna siziň gullaryňyz diýip yglan edýäris.
6. Çünki «Tümlükden nur parlasyn» diýen Hudaý Mesihiň ýüzünde Hudaýyň şöhratyny tanamak nuruny bermek üçin biziň ýüregimizi ýagtylandyrdy.
7. Ýöne iň üstün gudratyň bize däl-de, Hudaýa degişlidigi bilinsin diýip, bu genji toprak gaplarda saklap ýörüs.
8. Biz her tarapdan gysylýarys, ýöne owranmaýarys. Biz çäresiz ýagdaýdadyrys, ýöne çykalgasyz däldiris.
9. Kowalanýandyrys, ýöne terk edilen däldiris. Ýere urlandyrys, ýöne ölen däldiris.
10. Isanyň ýaşaýşy tenimizde aýan bolsun diýip, Onuň ölümini hemişe tenimizde göterýäris.
11. Çünki biziň ölümli tenimizde Isanyň ýaşaýşy hem aýan bolsun diýip, biz ― ýaşaýanlar Onuň hatyrasyna ölüme tabşyrylýarys.
12. Şeýlelikde, ölüm bizde, ýaşaýyş bolsa sizde işleýär.
13. «Iman etdim, şonuň üçin gepledim» diýip ýazylyşyna görä, biz-de bu iman ruhuna eýe bolup iman edýäris, şonuň üçin-de gepleýäris.
14. Çünki Reb Isany Direldeniň bizi hem Isa arkaly direldip, siz bilen birlikde Öz öňünde duruzjagyny bilýäris.
15. Sebäbi Hudaýyň merhemeti kän adamlar arkaly köpelip, Hudaýyň şöhratyna şüküri artdyrar ýaly, ähli zat siziň üçindir.
16. Munuň üçin, biz ruhdan düşmeýäris, gaýtam, daşky adamymyz bozulsa-da, içki adamymyz günbe-günden täzelenýär.
17. Sebäbi wagtlaýyn, ýeňil muşakgat biziň üçin juda artykmaç şöhratyň ebedi agramyny emele getirýär.
18. Sebäbi biz görünýän zatlara däl-de, görünmeýänlere seredýäris, çünki görünýänler wagtlaýyn, görünmeýänler ebedidir.
About 2 Korintoslylara haty Chapter 4
Read 2 Korintoslylara haty Chapter 4 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 2 Korintoslylara haty in the New Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: 2 Korintoslylara haty
Chapter: 4
Testament: New Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading 2 Korintoslylara haty. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading 2 Korintoslylara haty Chapter 4 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is 2 Korintoslylara haty Chapter 4?
2 Korintoslylara haty Chapter 4 is part of the Book of 2 Korintoslylara haty in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete 2 Korintoslylara haty Chapter 4 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from 2-korintoslylara-haty
- 2 Korintoslylara haty Chapter 2
- 2 Korintoslylara haty Chapter 5
- 2 Korintoslylara haty Chapter 6
- 2 Korintoslylara haty Chapter 3
- 2 Korintoslylara haty Chapter 8
- 2 Korintoslylara haty Chapter 1
- 2 Korintoslylara haty Chapter 10
Explore More from Täze Äht
- Resullaryň Işleri Chapter 24
- Ýakubyň haty Chapter 3
- Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 13
- Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 4
- Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 1
- Petrusyň ikinji haty Chapter 2
- Lukanyň Hoş Habary Chapter 24