Galatýalylara haty Chapter 1

For English

Read Galatýalylara haty Chapter 1 Online

Read Galatýalylara haty Chapter 1 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Galatýalylara haty in the New Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Galatýalylara haty and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Galatýalylara haty 1

Bap 1

1. Adamlar tarapyndan we adamzat arkaly däl-de, eýsem, Isa Mesih we Ony ölülerden direlden Ata Hudaý arkaly resul bolan Pawlus

2. we meniň bilen bilelikdäki bütin doganlardan Galatýadaky ýygnaklara salam!

3. Atamyz Hudaý, Rebbimiz Isa Mesih size merhemet etsin, parahatlyk bersin.

4. Atamyz hem Hudaýymyzyň islegine görä, bizi häzirki ýaman çagdan gutarjak bolup, Ol Özüni biziň günälerimiz üçin pida etdi.

5. Hudaýa ebedilik şöhrat bolsun! Omyn.

6. Men siziň Mesihiň merhemeti arkaly özüňizi Çagyrany beýle tiz taşlap, başga Hoş Habara öwrülişiňize haýran galýaryn.

7. Dogrudan-da başga Hoş Habar ýok, ýöne sizi bulaşdyrjak, Mesihiň Hoş Habaryny ýoýjak bolýan käbir adamlar bar.

8. Emma biz ýa Gökden inen bir perişde hem size wagyz edenimizden başga bir zady Hoş Habar diýip wagyz etse, oňa lagnat bolsun!

9. Öň aýdyşymyz ýaly, ýene-de aýdýaryn: biri size kabul edeniňizden başga bir zady Hoş Habar diýip wagyz etse, oňa lagnat bolsun!

10. Indi men adamlaryň razyçylygyny gözleýärinmi ýa Hudaýyň razyçylygyny? Ýa-da adamlara ýaranjak bolýarynmy? Men heniz hem adamlara ýaranýan bolsam, Mesihiň guly bolmadygymdyr.

11. Eý doganlar, meniň wagyz eden Hoş Habarymyň adamdan däldigini size aýdýaryn.

12. Çünki men ony bir adamdan alman, bir adamdan öwrenmän, Isa Mesihiň ylhamy arkaly aldym.

13. Çünki siz meniň ýehudylykda geçen ýaşaýşymy eşidensiňiz. Men Hudaýyň ýygnagyna çendenaşa azar berip, ony weýran etdim.

14. Atalarymyň däp-dessuryna biçak yhlasly bolup, halkymda bolan ýaşdaşlarymyň köpüsinden ýehudylykda ozdum.

15. Emma enemiň garnyndakam, meni seçip, Öz merhemeti bilen çagyran Hudaý,

16. milletler arasynda Ony wagyz eder ýaly, Öz Ogluny mende aýan etmäge razy bolanda, men derrew et we gan bilen maslahatlaşman,

17. Iýerusalime menden öň resul bolanlaryň ýanyna gitmän, Arabystana gitdim, soň hem Şama öwrüldim.

18. Üç ýyldan soň Petrus bilen tanyşmak üçin, Iýerusalime baryp, on bäş gün onuň ýanynda boldum.

19. Ýöne Rebbiň dogany Ýakupdan başga resullaryň hiç birini görmedim.

20. Size näme ýazsam, ine Hudaýyň huzurynda ýalan sözlemeýärin.

21. Onsoň Siriýa we Kilikiýa etrabyna gitdim.

22. Emma Ýahudanyň Mesihdäki ýygnaklary meniň özümi tanaman,

23. diňe: «Bize ozallar azar beren adam indi bir wagtlar özüniň weýran eden imanyny wagyz edýär» diýşip,

24. men sebäpli Hudaýy şöhratlandyrýardylar.

About Galatýalylara haty Chapter 1

Read Galatýalylara haty Chapter 1 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Galatýalylara haty in the New Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Galatýalylara haty
Chapter: 1
Testament: New Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Galatýalylara haty. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Galatýalylara haty Chapter 1 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Galatýalylara haty Chapter 1?

Galatýalylara haty Chapter 1 is part of the Book of Galatýalylara haty in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Galatýalylara haty Chapter 1 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from galatýalylara-haty

  1. Galatýalylara haty Chapter 5
  2. Galatýalylara haty Chapter 6
  3. Galatýalylara haty Chapter 4
  4. Galatýalylara haty Chapter 2
  5. Galatýalylara haty Chapter 3

Explore More from Täze Äht

  1. Resullaryň Işleri Chapter 16
  2. Ýahýa gelen ylham Chapter 8
  3. 1 Selaniklilere haty Chapter 3
  4. Markusyň Hoş Habary Chapter 7
  5. Markusyň Hoş Habary Chapter 10
  6. Mattanyň Hoş Habary Chapter 18
  7. Ýakubyň haty Chapter 4

Related Chapters & Readings

  1. 1 Şamuwel Chapter 27
  2. 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 26
  3. Ýermeýa Chapter 48
  4. Müsürden çykyş Chapter 21
  5. Müsürden çykyş Chapter 2
  6. 2 patyşalar Chapter 3
  7. Ýeşuwa Chapter 22
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *