Markusyň Hoş Habary Chapter 15

For English

Read Markusyň Hoş Habary Chapter 15 Online

Read Markusyň Hoş Habary Chapter 15 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Markusyň Hoş Habary in the New Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Markusyň Hoş Habary and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Markusyň Hoş Habary 15

Bap 15

1. Ertir irden baş ruhanylar, ýaşulular, kanunçylar we bütin mejlis maslahat geçirip, Isany daňyp, Pilatusa eltip tabşyrdylar.

2. Pilatus Ondan: «Sen ýehudylaryň patyşasymy?» diýip sorady. Ol jogap berdi: «Seniň aýdyşyň ýalydyr» diýip jogap berdi.

3. Baş ruhanylar Ony köp zatlarda aýypladylar.

4. Pilatus ýene-de Oňa: «Sen hiç hili jogap berjek dälmi? Gör, näçe zatlarda Seni aýyplaýarlar» diýdi.

5. Emma Isa başga hiç hili jogap bermedi. Pilatus geň galdy.

6. Pilatus her Pesah baýramynda halkyň dilän tussagyny boşadardy.

7. Pitnede adam öldüren gozgalaňçylar bilen bile tussaga salnan Barabbas atly biri bardy.

8. Halk Pilatusdan hemişeki edýän zadyny özleri üçin ýerine ýetirmegini gygyryşyp haýyş etdi.

9. Pilatus bolsa olara: «Ýehudylaryň patyşasyny boşatmagymy isleýärsiňizmi?» diýdi.

10. Çünki ol baş ruhanylaryň Ony göriplikden tabşyrandyklaryny bilýärdi.

11. Emma Munuň ýerine Barabbasy boşatmagyny talap ediň diýip, baş ruhanylar halky dürtgülediler.

12. Pilatus ýene olara: «Onda, men siziň ýehudylaryň patyşasy diýýän Adamyňyzy näme edeýin?» diýdi.

13. Olar bolsa: «Ony haça çüýle!» diýip, ýene gygyryşdylar.

14. Pilatus olara: «Ol näme ýaman iş etdi?» diýdi. Emma Olar: «Ony haça çüýle!» diýip, has beter gygyryşdylar.

15. Şonda Pilatus halky kanagatlandyrma kararyna gelip, Barabbasy boşatdy, Isany bolsa gamçyladyp, haça çüýlemäge berdi.

16. Esgerler Ony Pretorium diýen hökümet köşgüne eltip, bütin goşun bölümlerini çagyrdylar.

17. Onuň egnine gyrmyzy don, başyna hem tikenden täç geýdirdiler.

18. «Salam, eý, ýehudylaryň patyşasy» diýip, Oňa salam beren boldular.

19. Başyna taýak bilen urdular, üstüne tüýkürdiler, öňünde dyza çöküp, Oňa sežde eden boldular.

20. Ony masgaralanlaryndan soň, gyrmyzy dony egninden çykardylar-da, Öz egin-eşigini geýdirip, haça çüýlemäge äkitdiler.

21. Isgender bilen Rufusyň kakasy kireneli Simun meýdandan gelşine, şol ýerden geçip barýardy. Ony Isanyň haçyny götermäge mejbur etdiler.

22. Isany Golgata, ýagny «Kelleçanak» diýen ýere eltdiler.

23. Oňa mür gatylan şerap berdiler, ýöne Ol almady.

24. Ony haça çüýlediler, kim näme alarka diýip bije atyşyp, Onuň egin-eşigini özara paýlaşdylar.

25. Ony haça çüýlänlerinde günortan bolmaga üç sagat wagt galypdy.

26. Depesindäki etmiş ýazgysynda bolsa: «ÝeHUDYLARYŇ PATYŞASY» diýip ýazylgydy.

27. Isa bilen bile iki garakçyny haça çüýlediler, olaryň biri Onuň sag tarapynda, biri-de çep tarapyndady.

28. Şeýlelik bilen, «ol şer iş edýänlerden saýyldy» diýen Ýazgy berjaý boldy.

29. Geçip barýanlar başlaryny ýaýkap, Oňa sögüp: «Päheý-de welin, ybadathanany ýykyp-da, üç günde saljak Sen,

30. haçdan aşak in-de, Özüňi halas et!» diýişýärdiler.

31. Şonuň ýaly, baş ruhanylar bilen kanunçylar-da Isany masgaralap, biri-birlerine: «Özgeleri halas etdi, ýöne Özüni halas edip bilmeýär.

32. Biz görüp iman eder ýaly, Ysraýylyň Patyşasy Mesih häzir haçdan aşak insin» diýişýärdiler. Onuň bilen bile haça çüýlenenler-de Oňa sögýärdiler.

33. Günortan bütin ýurda garaňky düşüp, üç sagatlap dowam etdi.

34. Öýlän sagat üçde Isa gaty ses bilen gygyryp: «Elohi, Elohi! Lama sabaktani?» ýagny: «Hudaýym, Hudaýym! Näme üçin Meni terk etdiň?» diýdi.

35. Ol ýerde duranlaryň käbiri muny eşidenlerinde: «Ine, Ylýasy çagyrýar» diýişdiler.

36. Biri ylgap, bir gubkany sirkeden dolduryp, gamşyň başyna dakdy-da, içirjek bolup, Isa uzadyp: «Duruň göreliň, Ylýas Ony aşak indermäge gelermikä?» diýdi.

37. Emma Isa gaty gygyryp jan berdi.

38. Ybadathananyň tutusy ýokardan aşaklygyna ýyrtylyp, ikä bölündi.

39. Isanyň garşysynda duran ýüzbaşy Onuň şeýle gygyryp jan berenini görende: «Bu Adam, dogrudan hem, Hudaýyň Ogly eken» diýdi.

40. Ol ýerde uzakdan seredişip duran aýallar hem bardy. Hem magdalaly Merem hem-de kiçi Ýakupdyr Iosesiň ejesi Merem we Salome olaryň arasyndady.

41. Bular Isa Jeliledekä yzyna düşüp, Oňa hyzmat edýärdiler. Ol ýerde Onuň bilen bile Iýerusalime gelen başga köp aýallar hem bardy.

42. Agşam düşende, Taýýarlyk güni, ýagny Sabatdan bir gün öň bolany üçin,

43. Mejlisiň sylanýan agzasy, Hudaýyň Patyşalygyna garaşyp ýören arimatiýaly Ýusup Pilatusyň ýanyna barmaga batyrlyk edip, ondan Isanyň jesedini diledi.

44. Pilatus Onuň eýýäm ölenine geň galdy, ýüzbaşyny çagyryp: «Ölenine köp wagt boldumy?» diýip sorady.

45. Muny ýüzbaşydan bilensoň, jesedi Ýusuba berdi.

46. Ol hem kepen mata satyn aldy, jesedi aşak inderip, kepene dolady-da, gaýada oýulan bir mazarda jaýlap, mazaryň agzyna hem bir daş togalady.

47. Magdalaly Merem bilen Iosesiň ejesi Merem Onuň nirede jaýlananyny gördüler.

About Markusyň Hoş Habary Chapter 15

Read Markusyň Hoş Habary Chapter 15 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Markusyň Hoş Habary in the New Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Markusyň Hoş Habary
Chapter: 15
Testament: New Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Markusyň Hoş Habary. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Markusyň Hoş Habary Chapter 15 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Markusyň Hoş Habary Chapter 15?

Markusyň Hoş Habary Chapter 15 is part of the Book of Markusyň Hoş Habary in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Markusyň Hoş Habary Chapter 15 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from markusyň-hoş-habary

  1. Markusyň Hoş Habary Chapter 7
  2. Markusyň Hoş Habary Chapter 1
  3. Markusyň Hoş Habary Chapter 16
  4. Markusyň Hoş Habary Chapter 6
  5. Markusyň Hoş Habary Chapter 5
  6. Markusyň Hoş Habary Chapter 2
  7. Markusyň Hoş Habary Chapter 12

Explore More from Täze Äht

  1. Resullaryň Işleri Chapter 21
  2. Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 7
  3. Ýahýa gelen ylham Chapter 12
  4. 2 Korintoslylara haty Chapter 2
  5. Mattanyň Hoş Habary Chapter 20
  6. Markusyň Hoş Habary Chapter 14
  7. Resullaryň Işleri Chapter 1

Related Chapters & Readings

  1. Ýermeýa Chapter 30
  2. Eýýup Chapter 6
  3. Zebur Chapter 24
  4. 1 Korintoslylara haty Chapter 12
  5. Zebur Chapter 32
  6. Zebur Chapter 122
  7. Kanun taglymaty Chapter 23
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *