Read Zakarýa Chapter 11 Online
Read Zakarýa Chapter 11 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Zakarýa in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Zakarýa and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Zakarýa 11
Bap 11
1. Eý, Liwan, derwezeleriňi aç, goý, ot kedr agaçlaryňy ýakyp ýok etsin!
2. Eý, serwi, bagyr, çünki kedr agajy ýykyldy, şöhratly agaçlar wes-weýran boldy! Eý, Başanyň dublary, uwlaň, çünki sümme tokaý ýer bilen ýegsan boldy!
3. Çopanlaryň bagyryşyna gulak salyň; olaryň şöhraty öçdi. Arslanlaryň arryldysyna gulak goýuň; Iordanyň etegindäki tokaý ýok edildi.
4. Meniň Hudaýym Reb şeýle diýýär: «Soýulýan sürä çopan bol.
5. Sürini satyn alanlar goýunlary soýýarlar, ýöne jezalaryny çekmeýärler. Goýunlary satýan adam olara: „Rebbe alkyş bolsun, sebäbi men baýadym“ diýýär. Çopanlaryň öz goýunlaryna haýpy gelmeýär.
6. Mundan beýläk ýurduň ilatyna haýpym gelmez, muny Reb diýýär. Men olaryň her birini goňşusynyň hem-de patyşasynyň eline bererin. Olar ýurdy weýran ederler. Men ýeke adamy-da olaryň elinden halas etmerin».
7. Şeýlelikde, goýun söwdagärleriniň hatyrasyna men soýulmaly sürä çopan boldum. Elime iki taýak aldym-da, olaryň birini «Merhemet», beýlekisini bolsa «Bitewilik» diýip atlandyrdym. Şeýdip, sürini bakdym.
8. Bir aýda üç çopany başymdan sowdum. Men goýun söwdagärlerini ýigrendim, olar hem meni ýigrendiler.
9. Men olara: «Men siziň üçin çopançylyk etjek däl. Ölen – ölsün, ýumrulan – ýumrulsyn. Aman galanlar bolsa biri-biriniň etini iýsinler» diýdim.
10. Ähli halklar bilen eden ähtimi bozmak üçin «Merhemet» diýip atlandyran taýagymy aldym-da, ony döwdüm.
11. Hut şol günüň özünde äht bozuldy. Jebir çeken goýunlar – olar maňa seredip durdular – munuň Rebbiň sözüdigine göz ýetirdiler.
12. Soňra olara: «Eger muny dogry hasaplasaňyz, onda muzdumy beriň, eger nädogry hasaplasaňyz, muzd gerek däl» diýdim. Şeýlelikde, olar maňa otuz kümüş teňňe çekip berdiler.
13. Reb maňa: «Olaryň Maňa kesen bir şaýa degmeýän bahasyny al-da, küýzegäre taşlap ber» diýdi. Onsoň men otuz kümüş teňňäni aldym-da, Rebbiň ybadathanasyndaky küýzegäre taşladym.
14. Soňra men Ýahuda bilen Ysraýylyň arasyndaky doganlyk gatnaşygyny bozmak üçin «Bitewilik» diýen ikinji taýagymy-da döwdüm.
15. Soňra Reb maňa şeýle diýdi: «Derde ýaramaýan çopanyň gurallaryny ýene-de al.
16. Men şu ýurda bir çopan goýjakdyryn, ol ölüm ýassygynda ýatanyň aladasyny etmez, ýiteni idemez, maýyby bejermez, sag adamyň garnyny doýurmaz. Gaýtam ol semizleriň etini iýip, toýnaklaryny goparar.
17. Sürini taşlaýan, derde ýaramaýan çopanyň dat gününe! Gylyç onuň elini çapsyn, sag gözüni oýsun. Eli bütinleý gurasyn, sag gözi sokur bolsun».
About Zakarýa Chapter 11
Read Zakarýa Chapter 11 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Zakarýa in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Zakarýa
Chapter: 11
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Zakarýa. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Zakarýa Chapter 11 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Zakarýa Chapter 11?
Zakarýa Chapter 11 is part of the Book of Zakarýa in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Zakarýa Chapter 11 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Köne Äht
- Zebur Chapter 7
- Zebur Chapter 4
- Zebur Chapter 8
- Zebur Chapter 6
- Zebur Chapter 26
- Zebur Chapter 3
- Zebur Chapter 28
Explore More from zakarýa
- Zakarýa Chapter 4
- Zakarýa Chapter 8
- Zakarýa Chapter 6
- Zakarýa Chapter 5
- Zakarýa Chapter 3
- Zakarýa Chapter 13
- Zakarýa Chapter 7