1 Korintoslylara haty Chapter 12

For English

Read 1 Korintoslylara haty Chapter 12 Online

Read 1 Korintoslylara haty Chapter 12 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 1 Korintoslylara haty in the New Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of 1 Korintoslylara haty and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

1 Korintoslylara haty 12

Bap 12

1. Eý doganlar, men ruhy sylaglar barada-da, siziň bihabar galmagyňyzy islemeýärin.

2. Butparazkaňyz, biri sizi çekýän ýaly, dilsiz butlaryň yzyna eýerýärdiňiz.

3. Şonuň üçin size aýdýaryn: Hudaýyň Ruhy bilen gepleýän kişi: «Isa lagnat!» diýmez, hiç kim hem Mukaddes Ruh bilen bolmasa: «Isa Rebdir!» diýip bilmez.

4. Sylaglar dürli-dürli, ýöne Ruh şol bir Ruhdur.

5. Gulluklar-da dürli-dürli, ýöne Reb şol bir Rebdir.

6. Amallar dürli-dürli, ýöne hemmede her zady emele getirýän Hudaý şol bir Hudaýdyr.

7. Ýöne her kişä Ruhuň aýan bolmagy hemmäniň peýdalanmagy üçin berilýär.

8. Çünki Ruh arkaly birine akyldarlyk sözi, ýene birine şol Ruh arkaly bilim sözi,

9. başga birine şol Ruh arkaly iman, beýlekä şol Ruh arkaly şypa sylaglary,

10. birine gudrat görkezme, ýene birine pygamberlik, başga birine ruhlary saýgarma, beýleki birine dürli diller, ýene birine bolsa dilleri düşündirme berilýär.

11. Bularyň hemmesini bolsa şol bir Ruh emele getirýär. Ol her birine Öz halaýşyna görä, aýry-aýry bölüp berýär.

12. Ýöne teniň bir we agzasynyň köp bolşy ýaly, teniň agzasy köp bolsa-da, bir tendir, Mesih-de şeýledir.

13. Çünki ýehudy bolsun ýa grek bolsun, gul bolsun ýa azat bolsun ― biziň hemmämiz bir Ruh arkaly bir tene çokundyryldyk, hemmämize bir Ruhdan içirildi.

14. Ten hem bir agzadan däl-de, köp agzadan ybaratdyr.

15. Aýak: «Men el däldigim üçin, tene degişli däldirin» diýeni bilen, tene degişli bolman bilmez.

16. Gulak: «Men göz däldigim üçin, tene degişli däldirin» diýeni bilen, tene degişli bolman bilmez.

17. Tutuş ten göz bolan bolsa, onda eşidiş nirede bolardy? Bary eşidiş bolan bolsa, onda ysgaýyş nirede bolardy?

18. Emma Hudaý agzanyň her birini tende Öz isleýşine görä goýdy.

19. Hemmesi bir agza bolan bolsa, onda ten nirede bolardy?

20. Şeýlelikde, agza köp, ýöne ten bir.

21. Göz ele: «Sen maňa gerek däl» diýip bilmez. Kelle aýaklara: «Siz maňa gerek däl» diýip bilmez.

22. Tersine, teniň ejiz görünýän agzalary has köp gereklidir.

23. Biz teniň hormatsyzrak görünýän agzasyna has köp hormat goýýarys, owadan däl agzalarymyzyň has köp görki bardyr.

24. Ýöne görkli agzalarymyz muňa mätäç däldir. Emma Hudaý tende hiçbir bölünişik bolman, agzalar deňlik bilen biri-biriniň aladasyny etsin diýip,

25. teni guranda, ähmiýetsiz agzalary has köp hormatlady.

26. Bir agza horluk çekse, ähli agzalar bilelikde horluk çeker. Bir agza şöhratlansa, ähli agzalar bilelikde şatlanar.

27. Siz Mesihiň teni, aýry-aýry agzalarysyňyz.

28. Hudaý ýygnakda birinjileri resul, ikinjileri pygamber, üçünjileri öwrediji edip oturtdy. Ondan soň gudrat görkezmeleri, soňra şypa sylaglaryny, ýardamlary, edaralary, dürli dilleri berdi.

29. Hemmeler resulmydyr? Hemmeler pygambermidir? Hemmeler öwredijimidir? Hemmeler gudrat görkezýänmidir?

30. Hemmeleriň şypa sylagy barmy? Hemmeler dürli dillerde gepleýärmi? Hemmeler dilleri manylandyrýarmy?

31. Siz ulurak sylaglara yhlas ediň, men ýene size mundan hem gowy ýoly görkezeýin.

About 1 Korintoslylara haty Chapter 12

Read 1 Korintoslylara haty Chapter 12 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 1 Korintoslylara haty in the New Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: 1 Korintoslylara haty
Chapter: 12
Testament: New Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading 1 Korintoslylara haty. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading 1 Korintoslylara haty Chapter 12 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is 1 Korintoslylara haty Chapter 12?

1 Korintoslylara haty Chapter 12 is part of the Book of 1 Korintoslylara haty in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete 1 Korintoslylara haty Chapter 12 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from 1 Korintoslylara Haty

  1. 1 Korintoslylara haty Chapter 1
  2. 1 Korintoslylara haty Chapter 15
  3. 1 Korintoslylara haty Chapter 8
  4. 1 Korintoslylara haty Chapter 2
  5. 1 Korintoslylara haty Chapter 16
  6. 1 Korintoslylara haty Chapter 10
  7. 1 Korintoslylara haty Chapter 11

Explore More from Täze Äht

  1. 1 Korintoslylara haty Chapter 2
  2. Ýahýa gelen ylham Chapter 12
  3. 2 Korintoslylara haty Chapter 8
  4. 2 Korintoslylara haty Chapter 2
  5. Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 5
  6. Resullaryň Işleri Chapter 8
  7. Lukanyň Hoş Habary Chapter 6

Related Chapters & Readings

  1. Çölde Chapter 22
  2. Zakarýa Chapter 11
  3. Mattanyň Hoş Habary Chapter 12
  4. 1 Timoteosa haty Chapter 4
  5. Işaýa Chapter 8
  6. Zebur Chapter 122
  7. Nehemýa Chapter 7
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *