Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 14

For English

Read Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 14 Online

Read Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 14 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Pawlusyň Rimlilere haty in the New Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Pawlusyň Rimlilere haty and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Pawlusyň Rimlilere haty 14

Bap 14

1. Imany gowşagy kabul ediň, ýöne pikirleri hakda onuň bilen jedelleşmäň.

2. Bir kişi ähli zady iýip bilýänine imany bardyr, ýöne imany gowşak adam diňe gök iýýändir.

3. Kim iýýän bolsa, iýmeýäni äsgermezlik etmesin. Kim iýmeýän bolsa, iýýäni ýazgarmasyn, çünki Hudaý ony kabul edendir.

4. Başga biriniň hyzmatkärini ýazgarýan sen kim? Ol öz hojaýynynyň öňünde durar ýa ýykylar, ýöne dikeler, çünki Hudaý ony dikeltmegi başarýandyr.

5. Biri bir güne beýlekiden parh goýýandyr; başga biri bolsa, ähli günleri deň görýändir. Ýöne her kesiň öz garaýşyna ynamy bolsun.

6. Kim güni sylaýan bolsa, ony Reb üçin sylaýandyr. Kim güni sylamaýan bolsa, ony Reb üçin sylaýan däldir. Kim iýýän bolsa, Reb üçin iýýändir, çünki Hudaýa şükür edýändir. Kim iýmeýän bolsa, Reb üçin iýmän, Hudaýa şükür edýändir.

7. Sebäbi hiç birimiz özümiz üçin ýaşaýan däldiris, hiç kim hem özi üçin ölýän däldir.

8. Sebäbi ýaşaýan bolsak, Reb üçin ýaşaýandyrys, ölýän bolsak, Reb üçin ölýändiris. Şoňa görä, ýaşasak-da, ölsek-de Rebbiňkidiris.

9. Sebäbi Mesih hem ölüleriň, hem dirileriň Rebbi bolmak üçin, hem öldi, hem direldi, hem-de ýaşaýşa gowuşdy.

10. Emma sen näme üçin doganyňy ýazgarýarsyň? Ýa-da sen näme üçin doganyňy äsgermezlik edýärsiň? Çünki biziň barymyz Mesihiň höküm kürsüsi öňünde durmalydyrys.

11. «Reb diýýär: Öz diriligimden kasam, her dyz öňümde epiler, her dil Hudaýy ykrar eder» diýip ýazylgydyr.

12. Şeýlelikde, her kişi özi üçin Hudaýa jogap berer.

13. Munuň üçin biri-birimizi ýazgarman, gowusy, bir doganyň öňüne büdreme, taýma daşyny goýmazlygyň pikirini edeliň.

14. Men hiç bir zadyň öz-özünden murdar däldigini bilýärin, muňa Reb Mesihde ynamym bar. Ýöne biri bir zady murdar saýýan bolsa, oňa murdardyr.

15. Çünki doganyň iýýän damagyň üçin gam çekýän bolsa, onda sen entek söýgi ýolundan ýöreýän dälsiň. Damagyň bilen hiç kişini heläk etme, Mesih şolaryň ugrunda janyny pida etdi.

16. Ýagşylygyňyzy ýamanlatmaň.

17. Çünki Hudaýyň patyşalygy iýmek, içmek däl-de, dogrulyk, parahatlyk we Mukaddes Ruhda şatlykdyr.

18. Kim Mesihe şeýle gulluk edýän bolsa, Hudaýyň pisindiniň oturýany we adamlaryň halany şoldur.

19. Şeýlelikde, parahatlyga, biri-birimizi dikeltmäge ýaraýan işler ugrunda dyrjaşalyň.

20. Damak üçin Hudaýyň işini bozma. Hemme zat tämiz, ýöne biriniň büdremegine sebäp bolup iýýän adama erbetdir.

21. Et iýmezlige, şerap içmezlige hem-de doganyňyň büdremegine, günä itilmegine ýa ejizlemegine sebäp bolýan zady etmezlik ýagşydyr.

22. Imanyň barmy? Ony Hudaýyň huzurynda özüň üçin sakla. Gowy görýän zadynda özüni höküm etmeýän bagtlydyr.

23. Emma şübhe edýän iýse, ol höküm ediler, sebäbi ol muny iman bilen edýän däldir. Imansyz edilen zat günädir.

24. Meniň wagyz edýän Hoş Habaryma we Isa Mesihiň wagzyna görä, gadym döwürlerden bäri ýaşyryn galan,

25. ýöne indi aýan bolup, ebedi Hudaýyň buýrugy bilen pygamberleriň ýazgylary arkaly bütin milletlere imana boýun bolmak üçin bildirilen syryň aýan bolmagyna görä sizi berkitmegi başarýan,

26. ýalňyz akyldar Hudaýa Isa Mesih arkaly baky şöhrat bolsun! Omyn.

About Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 14

Read Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 14 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Pawlusyň Rimlilere haty in the New Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Pawlusyň Rimlilere haty
Chapter: 14
Testament: New Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Pawlusyň Rimlilere haty. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 14 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 14?

Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 14 is part of the Book of Pawlusyň Rimlilere haty in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 14 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from pawlusyň-rimlilere-haty

  1. Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 1
  2. Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 6
  3. Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 4
  4. Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 2
  5. Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 15
  6. Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 12
  7. Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 8

Explore More from Täze Äht

  1. Mattanyň Hoş Habary Chapter 2
  2. Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 17
  3. Filipililere haty Chapter 3
  4. 1 Korintoslylara haty Chapter 3
  5. Resullaryň Işleri Chapter 12
  6. Lukanyň Hoş Habary Chapter 23
  7. Ýahýa gelen ylham Chapter 4

Related Chapters & Readings

  1. Ýahýanyň birinji haty Chapter 4
  2. 1 patyşalar Chapter 8
  3. 1 Şamuwel Chapter 22
  4. Zebur Chapter 27
  5. 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 22
  6. Zebur Chapter 105
  7. 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 18
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *