Read Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 10 Online
Read Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 10 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Pawlusyň Rimlilere haty in the New Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Pawlusyň Rimlilere haty and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Pawlusyň Rimlilere haty 10
Bap 10
1. Eý doganlar, meniň göwün arzuwym, ysraýyllylar hakda Hudaýa ýalbarmagym olaryň gutulmagy üçindir.
2. Men olaryň Hudaýa yhlaslarynyň barlygyna güwä geçýärin, ýöne bu aňly-düşünjeli yhlas däl.
3. Çünki olar Hudaýyň dogrulygyny bilmän, özleriniňkini gurjak bolup, Onuň dogrulygyna tabyn bolmadylar.
4. Çünki Mesih iman eden her bir adamyň aklanmagy üçin kanunyň soňudyr.
5. Çünki Musa kanundan bolan dogrulyk hakda şeýle ýazýar: «Bu zatlary berjaý eden adam olar arkaly ýaşar».
6. Imandan bolan dogrulyk bolsa şeýle diýýär: «Öz içiňden: Mesihi düşürmek üçin Göge kim çykar?
7. Ýa-da: Mesihi ölümden çykarmak üçin çuňluga kim iner diýme».
8. Gör, näme diýýär? «Hudaýyň sözi saňa ýakyndyr, ol seniň agzyňda, seniň ýüregiňdedir», ýagny wagyz edýän iman sözümiz.
9. Çünki sen agzyň bilen Isany Reb hökmünde ykrar etseň, Hudaýyň Ony ölümden direldendigine ýüregiň bilen ynansaň gutularsyň.
10. Aklanmak üçin ýürek bilen iman getirilýändir, gutulyş üçin agyz bilen ykrar edilýändir.
11. Çünki Mukaddes Ýazgy: «Oňa iman eden kişi utandyrylmaz» diýýär.
12. Ýehudy bilen gregiň arasynda tapawut ýokdur, sebäbi barynyň Rebbi birdir, Ol Özüni çagyrýanlaryň baryna sahydyr.
13. Çünki: «Rebbi çagyran adam gutular».
14. Olar öz iman etmediklerini nähili çagyrarlar? Eşitmediklerine nähili iman ederler? Wagyzçysyz nähili eşiderler?
15. Iberilmeseler, nähili wagyz ederler? Şeýle hem ýazylgydyr: «Parahatlyk hoş habaryny, ýagşy zatlaryň hoş habaryny wagyz edýänleriň aýaklary ne ajap!»
16. Ýöne Hoş Habara hemme kişi gulak asmady. Çünki Işaýa: «Ýa Reb, kim bizden eşiden habaryna iman etdi?» diýýär.
17. Şeýlelik bilen, iman eşitmek arkaly, eşitmek hem Hudaýyň sözi arkaly bolýandyr.
18. Ýöne men diýýärin: olar eşitmedimi? Elbetde, eşitdi. «Olaryň sesi bütin dünýä, sözleri Ýeriň uçlaryna ýetdi».
19. Emma men diýýärin: Ysraýyl bilmedimi? Ilki bilen Musa diýýär: «Men bir millet bolmadyk halk arkaly siziň gabanjaňlygyňyzy oýandyraryn, bir pähimsiz millet arkaly sizi gaharlandyraryn».
20. Işaýa batyrgaýlyk bilen: «Men özümi agtarmaýanlara tapdyrdym, meni soramaýanlara göründim» diýýär.
21. Ysraýyl hakda bolsa: «Söze gulak asmaz keçjal halka günuzyn ellerimi uzatdym» diýýär.
About Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 10
Read Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 10 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Pawlusyň Rimlilere haty in the New Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Pawlusyň Rimlilere haty
Chapter: 10
Testament: New Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Pawlusyň Rimlilere haty. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 10 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 10?
Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 10 is part of the Book of Pawlusyň Rimlilere haty in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 10 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from pawlusyň-rimlilere-haty
- Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 1
- Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 6
- Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 4
- Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 2
- Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 15
- Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 16
- Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 12
Explore More from Täze Äht
- Ýahýanyň üçünji haty Chapter 1
- Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 1
- Koloselilere haty Chapter 1
- 2 Korintoslylara haty Chapter 7
- Ýahýa gelen ylham Chapter 17
- Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 8
- 1 Korintoslylara haty Chapter 7