Petrusyň birinji haty Chapter 2

For English

Read Petrusyň birinji haty Chapter 2 Online

Read Petrusyň birinji haty Chapter 2 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Petrusyň birinji haty in the New Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Petrusyň birinji haty and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Petrusyň birinji haty 2

Bap 2

1. Şeýlelikde, ähli erbetligi, ähli aldawy, ikiýüzlüligi, içigaralygy, her hili gep-gybaty goýup,

2. gutulyş üçin ol arkaly öser ýaly, ýaňy dogan çagalar kimin ruhy, hilesiz süýdi küýsäň.

3. Sebäbi, siz Rebbiň mährini dadansyňyz.

4. Oňa, ynsanlar tarapyndan taşlanan, Hudaýyň ýanynda bolsa saýlanan, gymmatly diri Daşa ýakynlap,

5. siz-de Isa Mesih arkaly Hudaýyň halaýan ruhy gurbanlaryny hödürlemek üçin, diri daşlar kimin ruhy öý, mukaddes ruhanylyk hökmünde bina edilýärsiňiz.

6. Çünki Mukaddes Ýazgyda: «Ine, Sionda saýlantgy, gymmatly burç daşyny goýýaryn, Oňa iman eden asla utandyrylmaz» diýilýär.

7. Bu gymmat zat siz ― iman edenler üçindir, ýöne iman etmedikler üçin «Ussalaryň taşlan daşy burç daşy»,

8. «Büdreme daşy, taýma gaýasy boldy». Olar söze boýun bolman büdreýärler; olar munuň üçin hem niýetlenendir.

9. Emma siz özüňizi tümlükden ajaýyp nuruna çagyran Hudaýyň şöhratly işlerini yglan etmäge saýlanan nesil, Patyşanyň ruhanylary, mukaddes millet, Hudaýa degişli halksyňyz.

10. Siz bir wagtlar halk däldiňiz, ýöne şindi Hudaýyň halkysyňyz; rehime gowuşmandyňyz, ýöne şindi gowuşdyňyz.

11. Eý söýgüliler, sizden haýyş edýärin, jana garşy söweş edýän günäli höweslerden garyplar, mysapyrlar hökmünde gaça duruň.

12. Bet iş edýänler hökmünde sizi ýamanlan zatlarynda oňat işleriňizi görüp, Rebbiň bize gelen güni Hudaýy şöhratlandyrmalary üçin milletler arasynda oňat edim-gylymly boluň.

13. Baş häkim bolany üçin patyşa bolsun,

14. ýa onuň bet iş edýänleri jezalandyrmaga, ýagşylyk edýänleri öwmäge iberen häkimleri bolsun, Rebbiň hatyrasyna, bütin adamzat düzgünine tabyn boluň.

15. Çünki Hudaýyň islegi siziň ýagşylyk edip, pähimsiz adamlaryň nadanlygyny bes etdirmegiňizdir.

16. Azatlar ýaly, öz azatlygyny erbetlige örtgi edinenler ýaly däl-de, Hudaýyň bendeleri ýaly geziň.

17. Hemmeleri sylaň, doganlary söýüň, Hudaýdan gorkuň, patyşany sylaň.

18. Eý hyzmatçylar! Diňe bir ýagşy we mylaýym baýarlaryňyza däl, eýsem, hyrsyzlara-da bütin gorky bilen boýun boluň.

19. Çünki kim nähak görgi görüp, Hudaýyň öňündäki wyždanyndan ötri azaplara döz gelýän bolsa, bu sogapdyr.

20. Çünki günä edip-de, ýenjileniňiz-de çydaýan bolsaňyz, bu size nähili abraý bolar? Emma ýagşylyk edip, görgi görüp, çydam etseňiz, bu Hudaýyň ýanynda sogapdyr.

21. Çünki siz şeýle bolmaga çagyryldyňyz, sebäbi Mesih hem Öz yzyny alyp götermegiňiz üçin görgi görüp, size bir nusga galdyrdy.

22. Ol günä etmedi, agzyndan hileli söz çykmady.

23. Sögülende sögmän, görgi görende gorky salman, Özüni adyl höküm çykarýan Hudaýa tabşyrdy.

24. Günälere ölüp, dogrulykda ýaşamagymyz üçin, Ol biziň günälerimizi Öz bedeninde haça äkitdi. Siz Onuň ýaralary arkaly şypa tapdyňyz.

25. Siz goýunlar kimin azaşypdyňyz, ýöne şindi janlaryňyzyň Çopanyna hem Gözegçisine tarap yza öwrüldiňiz.

About Petrusyň birinji haty Chapter 2

Read Petrusyň birinji haty Chapter 2 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Petrusyň birinji haty in the New Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Petrusyň birinji haty
Chapter: 2
Testament: New Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Petrusyň birinji haty. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Petrusyň birinji haty Chapter 2 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Petrusyň birinji haty Chapter 2?

Petrusyň birinji haty Chapter 2 is part of the Book of Petrusyň birinji haty in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Petrusyň birinji haty Chapter 2 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from 1-petrusyn-birinji-haty

  1. Petrusyň birinji haty Chapter 3
  2. Petrusyň birinji haty Chapter 1
  3. Petrusyň birinji haty Chapter 5
  4. Petrusyň birinji haty Chapter 4

Explore More from Täze Äht

  1. 1 Timoteosa haty Chapter 6
  2. Lukanyň Hoş Habary Chapter 10
  3. Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 2
  4. 1 Korintoslylara haty Chapter 3
  5. Markusyň Hoş Habary Chapter 7
  6. Koloselilere haty Chapter 2
  7. Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 15

Related Chapters & Readings

  1. 2 patyşalar Chapter 8
  2. 2 Timoteosa haty Chapter 3
  3. Filipililere haty Chapter 4
  4. Gelip çykyş Chapter 27
  5. Süleýmanyň pähimleri Chapter 4
  6. Zebur Chapter 7
  7. Işaýa Chapter 40
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *