Resullaryň Işleri Chapter 20

For English

Read Resullaryň Işleri Chapter 20 Online

Read Resullaryň Işleri Chapter 20 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Resullaryň Işleri in the New Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Resullaryň Işleri and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

A+ A A-

Resullaryň Işleri 20

Bap 20

1. Başagaýlyk ýatyşandan soň, Pawlus şägirtleri ýanyna çagyryp, nesihat berdi, olar bilen hoşlaşyp, Makedoniýa gitmek üçin ýola düşdi.

2. Ol etraplary aýlanyp, imanlylara köp sözler bilen nesihat edenden soň, Gresiýa geldi.

3. Ol ýerde üç aýlap galdy. Soň gämili Siriýa gitjek bolup ýörkä, ýehudylar tarapyndan özüne garşy dildüwşük guralandygy zerarly, Makedoniýanyň üsti bilen yzyna dolanmaklygy makul bildi.

4. Pirrosyň ogly weriýaly Sopatros, saloniklilerden Aristarhos, Sekundus, derbeli Gaýus Timoteus we aziýaly Tihikus bilen Trofimos ony Aziýa ugratdylar.

5. Bular öňden gidip, Troasda bize garaşdylar.

6. Biz hem Petir baýramy günlerinden soň, Filipiden gämi bilen bäş günde olaryň ýanyna ― Troasa gelip ýetdik. Ol ýerde ýedi gün bolduk.

7. Hepdäniň ilkinji güni çörek bölmek üçin ýygnanyşdyk. Pawlus ertesi gün ýola düşmekçi bolansoň, olara gürrüň berip, sözüni ýarygijä çekdirdi.

8. Ýygnanyşan balahanamyzda köp çyra bardy.

9. Pawlus ýene-de gürrüň berip durka, penjirede oturan Eftihos atly bir ýaş ýigidi agyr uky basdy. Ol ukudaka üçünji gatdan aşak gaçyp, öli halynda galdyryldy.

10. Pawlus aşak düşdi, ýigidiň üstüne egildi-de, ony gujaklap: «Galmagal etmäň, içinde jany bar» diýdi.

11. Onsoň ýokary çykdy, çörek bölüp iýdi. Olar bilen daň atýança, köp söhbet edeninden soň bolsa ýola düşdi.

12. Olar ýaňky oglany öýlerine diri getirip, köp ynjalyk tapdylar.

13. Biz öňden gämä münüp, Pawlusy Asosadan almak üçin, ol ýere ugradyk, çünki ol pyýada gitmek niýeti bilen bize şeýle tabşyrypdy.

14. Pawlus Asosada bize sataşdy. Ony alyp Midillä geldik.

15. Onsoň ol ýerden gämi bilen ýola düşüp, ertesi Hios garşysyna ýetdik. Bir gün soň bolsa Samosa geçip, Trogilliýada galdyk, ertesi hem Militosa geldik.

16. Pawlus Aziýada wagty biderek geçirmezlik üçin, Efesosyň gapdalyndan geçip gitmegi ýüregine düwüpdi. Ol howlugýardy, sebäbi başartsa, aňrujy Pentikost güni Iýerusalimde bolmakçydy.

17. Pawlus Militosdan Efesosa adam iberip, ýygnagyň ýolbaşçylaryny ýanyna çagyrdy.

18. Gelenlerinde, olara şeýle diýdi: «Meniň Aziýa gelen ilkinji günümden bäri hemişe siziň ýanyňyzda bolanymy özüňiz bilýänsiňiz.

19. Men bütin pes göwünlilikde, gözýaş we ýehudylaryň dildüwşüklerinden alan tejribelerim bilen Rebbe gulluk etdim.

20. Peýdaly bolan zatlaryň hiç birini sizden gaýgyrman, hemmesini size wagyz etdim.

21. Hem ýehudylara, hem greklere Hudaýa toba we Rebbimiz Isa Mesihe iman etmek üçin güwä geçip, aç-açan hem öýme-öý aýlanyp size sapak berdim.

22. Indi hem, ine, ruhumda bent bolup, Iýerusalime barýaryn, ol ýerde başyma näme geljegini bilemok.

23. Ýöne Mukaddes Ruh bentleriň we muşakgatlaryň maňa garaşýanyny şäherme-şäher güwä geçip aýdýar.

24. Men bulary hiç zat hasap etmeýärin, janymy özüm üçin gymmat bilmeýärin; döwrümi, Hudaýyň merhemetiniň Hoş Habaryna güwä geçmek üçin, Reb Isadan alan hyzmatymy bitirsem bolýar.

25. Men araňyzda Hudaýyň Patyşalygyny wagyz edip gezdim, indi bolsa siziň hiç biriňiziň ýüzümi gaýdyp görmejegiňizi bilýärin.

26. Şonuň üçin bu gün size bütin adamlaryň ganyndan tämizdigime güwä geçýärin.

27. Çünki men Hudaýyň bütin islegini wagyz etmegi sizden gaýgyrmadym.

28. Özüňize we Reb Hudaýyň Öz gany bilen edinen ýygnagyny bakmak üçin, Mukaddes Ruhuň sizi içinde gözegçi edip goýan tutuş sürüsine göz-gulak boluň.

29. Men gidenimden soň, azgyn gurtlaryň araňyza girjegini bilýärin, olar sürini aýamaz.

30. Araňyzdan şägirtleri yzlaryna eýertjek bolup, hakykaty ýoýjak adamlar çykar.

31. Şonuň üçin oýa boluň, üç ýyllap gije-gündiz gözýaş bilen siziň her biriňize üznüksiz nesihat edenimi ýatlaň.

32. Indi bolsa sizi Hudaýa, Onuň merhemetiniň sözüne tabşyrýaryn. Ol sizi abatlamagy, size ähli mukaddesleriň arasyndan miras bermegi başarýandyr.

33. Men hiç kimiň kümşüne, gyzylyna ýa eşigine göz diken däldirin.

34. Siz meniň öz zerurlyklaryma we ýanymdakylara bu elleriň hyzmat edenini bilýänsiňiz.

35. Men şeýle işläp, ejizleri goldamalydygyny, Reb Isanyň hut Özüniň: „Bermek almakdan bagtlydyr" diýen sözüni ýatlamalydygyny ähli zatda size görkezdim».

36. Ol muny aýdandan soň dyza çöküp, olaryň bary bilen birlikde doga etdi.

37. Şonda olaryň hemmesi köp agladylar, Pawlusyň boýnundan gujaklap, ony ogşadylar.

38. «Siz meniň ýüzümi gaýdyp görmersiňiz» diýen sözi olary has tukatlandyran zat boldy. Onsoň ony gämä barynça ýola saldylar.

About Resullaryň Işleri Chapter 20

Read Resullaryň Işleri Chapter 20 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Resullaryň Işleri in the New Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Resullaryň Işleri
Chapter: 20
Testament: New Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Resullaryň Işleri. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Resullaryň Işleri Chapter 20 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Resullaryň Işleri Chapter 20?

Resullaryň Işleri Chapter 20 is part of the Book of Resullaryň Işleri in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Resullaryň Işleri Chapter 20 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from resullaryň-işleri

  1. Resullaryň Işleri Chapter 26
  2. Resullaryň Işleri Chapter 23
  3. Resullaryň Işleri Chapter 18
  4. Resullaryň Işleri Chapter 17
  5. Resullaryň Işleri Chapter 27
  6. Resullaryň Işleri Chapter 25
  7. Resullaryň Işleri Chapter 19

Explore More from Täze Äht

  1. Resullaryň Işleri Chapter 5
  2. Ýahýanyň birinji haty Chapter 2
  3. Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 3
  4. Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 10
  5. Galatýalylara haty Chapter 2
  6. Ýakubyň haty Chapter 1
  7. Galatýalylara haty Chapter 1

Related Chapters & Readings

  1. Çölde Chapter 26
  2. Ýermeýa Chapter 25
  3. Işaýa Chapter 56
  4. Zebur Chapter 34
  5. Kanun taglymaty Chapter 12
  6. Danyýel Chapter 10
  7. Gelip çykyş Chapter 42
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *