Read Ýermeýa Chapter 10 Online
Read Ýermeýa Chapter 10 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ýermeýa in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Ýermeýa and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Ýermeýa 10
Bap 10
1. Eý, ysraýyl halky, Rebbiň size aýdýan sözüni diňläň.
2. Reb şeýle diýýär: «Gögüň alamatlaryndan gorkmaň, olardan diňe milletler gorkýandyr. Milletleriň ýolundan görelde almaň.
3. Halklaryň däp-dessurlary boşdur, tokaýdan kesilen agaja ussanyň guraly şekil berýär.
4. Ony altyn-kümüş bilen bezäp, gymyldamaz ýaly çekiç bilen çüýläp berkidýärler.
5. Olaryň butlary ekin garantgasy ýaly, gepläp bilýän däldirler. Ýöräp bilmeýändikleri üçin olary göterip äkitmelidir. Olardan gorkmaň: Çünki olar ne ýamanlyk ederler, ne-de ýagşylyk».
6. Saňa meňzeş ýokdur, ýa Reb. Sen beýiksiň, gudratda adyň beýikdir.
7. Senden gorkmajak barmy, eý, milletler Şasy?! Çünki bu diňe Saňa ýaraşýandyr. Milletleriň ähli akyldarlarynyň, bar patyşalyklarynyň arasynda Seniň ýalysy ýokdur.
8. Olaryň bary akmak hem akylsyzdyr. Biderek butlardan tälim alýarlar, olar guran agaçdan ýasalandyr!
9. Tarşyşdan – ýenjilen kümüş, Upazdan altyn getirilýär. Ussanyň hem zergäriň hünäridir butlar, gök hem gyrmyzy eşik geýdirerler olara, barysy hem ökde hünärmentleriň işidir.
10. Emma Reb hakyky Hudaýdyr, Ol diri Hudaý hem baky Patyşadyr. Onuň gaharyndan titreýär tutuş ýer, gazabyna garşy durup bilmez milletler.
11. «Olara şeýle diý: „Gögi hem ýeri ýaratmadyk hudaýlar ýer ýüzünden we gögüň astyndan ýok bolarlar“».
12. Ýeri Öz gudraty bilen ýaradan Rebdir. Ol paýhasy bilen dünýäni berkarar etdi, akyly bilen gökleri ýaýdy.
13. Ol gürlände, şaglaýar gökdäki suwlar, göterilýär ýeriň uçlaryndan bulutlar. Ýagyş üçin ýyldyrymlar çakdyrýar, ammarlaryndan şemal öwüsdirýär.
14. Her bir adam akmak hem akylsyzdyr, her zergär ýasan butlaryndan uýada galar, olar ýasalandyr, olarda jan ýokdur.
15. Bular biderekdir, masgarabazlaň işidir; jezalandyranymda olar ýok bolarlar.
16. Emma Ýakubyň paýy beýle däldir, çünki ähli zatlary ýaradan Hudaýdyr, Ysraýyl tiresi Onuň mirasydyr, Onuň ady Hökmürowan Rebdir.
17. Eý, gabawda oturanlar, şaýyňyzy tutuň!
18. Çünki Reb şeýle diýýär: «Ine, bu gezek Men bu ýurduň ilatyny uzaklara taşlaryn. Görsünler diýip, üstlerine bela indererin».
19. Çekýän hasratymdan ýaňa dat günüme! Ýaram agyr, emma men: «Dogrudanam, bu meniň derdim, muny çekmegim gerek» diýdim.
20. Çadyrym ýykyldy, üzüldi ähli tanaplary. Çagalarym taşlap gitdiler meni, ýok olar indi. Çadyrymy täzeden dikmäge, hiç kim ýok perdelerimi asmaga.
21. Çünki azaşdylar çopanlar aklyndan, Rebbi agtarmadylar. Şonuň üçin bolmady ugruna işleri, dargady ähli sürüleri.
22. Diňläň, bir habar gelýär! Ýahuda şäherlerini harabalyga, şagallar sürenine öwürmek üçin demirgazyk ýurtdan uly gopgun gelýär.
23. Ýa Reb, men ynsanyň ýolunyň öz elinde däldigini, dogry ädim basmagyň ygtyýarynda däldigini bilýärin.
24. Gazabyň bilen däl-de, adalatyň bilen, ýa Reb, meni terbiýele! Ýogsam meni hiç edersiň.
25. Gazabyňy dök Seni tanamaýan milletleriň, adyňy çagyrmaýan halklaryň üstünden. Çünki olar Ýakubyň neslini ýalmadylar, ony ýuwdup, ýok etdiler, mekanyny weýran etdiler.
About Ýermeýa Chapter 10
Read Ýermeýa Chapter 10 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ýermeýa in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Ýermeýa
Chapter: 10
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Ýermeýa. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Ýermeýa Chapter 10 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Ýermeýa Chapter 10?
Ýermeýa Chapter 10 is part of the Book of Ýermeýa in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Ýermeýa Chapter 10 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Köne Äht
- Zebur Chapter 130
- Zebur Chapter 2
- Zebur Chapter 9
- Zebur Chapter 6
- Zebur Chapter 24
- Zebur Chapter 20
- Zebur Chapter 4
Explore More from yeremeya
- Ýermeýa Chapter 28
- Ýermeýa Chapter 40
- Ýermeýa Chapter 50
- Ýermeýa Chapter 21
- Ýermeýa Chapter 46
- Ýermeýa Chapter 5
- Ýermeýa Chapter 18