Read Ezekiýel Chapter 19 Online
Read Ezekiýel Chapter 19 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ezekiýel in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Ezekiýel and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Ezekiýel 19
Bap 19
1. Sen Ysraýyl ýolbaşçylary üçin şu agyny aýt:
2. «Seniň eneň kimdi? Arslanlar arasynda ene arslandy! Ýaş arslanlar arasynda ýatardy, çagalaryny kemala getirerdi.
3. Çagalaryndan birisi şir arslan bolup ýetişdi, awuny parçalamagy öwrendi, adamlary iýdi.
4. Milletler ol barada eşitldiler. Ony duzagyna düşürdiler, çeňňege ildirip, Müsüre getirdiler.
5. Enesi garaşyp, umydyny üzensoň, çagalaryndan başga birini alyp, ony şir arslan edip ýetişdirdi.
6. Ol arslanlar arasynda gezdi, şir arslan bolup ýetişdi, awuny parçalamagy öwrendi, adamlary iýmäge başlady.
7. Olaryň galalaryny ýykdy, şäherlerini weýran etdi. Ýurt we onuň içindäkiler arryldysyndan ýaňa çolardy.
8. Töweregindäki milletler oňa hüjüm etdiler; torlaryny ýazyp, ony duzaga düşürdiler.
9. Çeňňege ildirip, kapasa saldylar, Babyl şasynyň huzuryna getirdiler. Ysraýyl daglarynyň üstünde gaýdyp sesi eşidilmesin diýip, ony zyndana taşladylar.
10. Eneň bagdaky üzüm agajy kimin suwlaryň boýunda ekilipdi, ol bol suwlardan ýaňa hasylly we gür şahalydy.
11. Hökümdara hasa bolar ýaly güýçli şahalary bardy, boýy belent bulutlara ýetdi; belentligi we bol şahalary bilen göze ilip durardy.
12. Ýöne ony gazap bilen sogrup ýere taşladylar; gündogar ýeli miwesini guratdy, berk şahalary goparylyp soldy, olary ýalynly ot ýakyp ýok etdi.
13. Ol indi çölde, gurak we suwsuz ýurtda ekildi.
14. Onuň şahalarynyň bir çybygyndan ot çykyp, şahasyny hem miwesini ýandyrdy, hökümdarlyk hasasy üçin berk şaha galmady». Bu agydyr we agylygyna-da galar.
About Ezekiýel Chapter 19
Read Ezekiýel Chapter 19 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ezekiýel in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Ezekiýel
Chapter: 19
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Ezekiýel. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Ezekiýel Chapter 19 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Ezekiýel Chapter 19?
Ezekiýel Chapter 19 is part of the Book of Ezekiýel in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Ezekiýel Chapter 19 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Ezekiýel
- Ezekiýel Chapter 1
- Ezekiýel Chapter 46
- Ezekiýel Chapter 45
- Ezekiýel Chapter 34
- Ezekiýel Chapter 32
- Ezekiýel Chapter 11
- Ezekiýel Chapter 4
Explore More from Köne Äht
- Çölde Chapter 21
- Eýýup Chapter 35
- Zebur Chapter 89
- Eýýup Chapter 38
- Çölde Chapter 29
- Gelip çykyş Chapter 48
- 1 Şamuwel Chapter 11