Çölde Chapter 24

For English

Read Çölde Chapter 24 Online

Read Çölde Chapter 24 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Çölde in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Çölde and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

A+ A A-

Çölde 24

Bap 24

1. Bilgam Rebbiň ysraýyl halkyny ýalkamakdan hoşal bolýandygyny bildi. Şonuň üçin hem ol öňküsi ýaly palçylyk edip ýörmedi-de, göni çöle tarap tutdurdy.

2. Bilgam seredip, ysraýyl halkynyň düşelgede tire-tire bolup oturandygyny gördi. Şol pursat onuň üstüne Hudaýyň ruhy indi.

3. Onsoň ol geljekden söz açyp, şeýle diýdi: «Begor ogly Bilgam sözleýär, Gözi bilen aýdyň görýän diýýär,

4. Hudaýyň sözlerini eşidýän, Gudratygüýçlüden görnüş görýän, Ýere ýüzin düşüp, gözüm bilen aýdyň görýän.

5. Eý, Ýakup, çadyrlaryň ne ajap, Eý, Ysraýyl düşelgeleriň ne gözel!

6. Giň jülgeler kimin uzalýar. Derýa kenaryndaky baglar deý uzalyp, Rebbiň eken aloe agaçlary deý, Edil suw boýunda biten kedrler deý görünýär.

7. Ysraýyl meşiginden suwlar çogar. Tohumlary bol suw bilen suwlanar. Onuň patyşasy Agakdan-da beýik bolar. Patyşalygy bolsa has-da beýgeler.

8. Hudaý olary Müsürden Ýabany öküziň güýji deý güýç bilen çykarýar. Olar duşman milletlerini iýip, Süňklerini çeýnärler, Peýkam bilen ýaralarlar.

9. Ysraýyl edil arslan deý, Ene şir deý ýatar. Kim ony turuzmaga milt eder? Çünki Ysraýyly ýalkan ýalkanar, Näletlän näletlener».

10. Onsoň Ballagyň kalbynda Bilgama garşy gazap ody tutaşdy. Ol ellerini şarpyldadyp, biri-birine urup, Bilgama şeýle diýdi: «Men seni duşmanlaryma nälet okatmak üçin çagyrypdym, sen bolsaň, eýýäm üç gezek olara ak pata berdiň.

11. Indi bu ýerden güm bol-da, öýüňe git! Men seni oňat sylaglajakdym, emma Reb saňa hiç bir sylagy rowa görmedi».

12. Onda Bilgam Ballaga: «Men seniň ýollan adamlaryňa:

13. „Ballak hatda öz öýüni altyn-kümüşden dolduryp berse-de, men Hudaýym Rebbiň emrini bozup, öz erkime oňat iş hem, erbet iş hem edip bilmerin. Reb näme diýse, menem şony gaýtalaryn“ diýip aýtmanmydym?

14. Ynha, indi men öz ilime gaýtmankam, bu ysraýyl halkynyň geljekde seniň halkyňa nämeler etjekdigi bilen seni habardar edeýin» diýdi.

15. Onsoň Bilgam geljekden söz açyp, şeýle diýdi: «Begor ogly Bilgam sözleýär, Gözi bilen aýdyň görýän diýýär.

16. Hudaýyň sözlerini eşidýän, Beýik Alladan bilim alýan, Gudratygüýçlüden görnüş görýän, Ýere ýüzin düşüp, gözüm bilen aýdyň görýän.

17. Men ony görýän, ýöne häzir däl, Oňa bakýan, ýöne ýakyn däl. Ýakubyň neslinden ýyldyz dörär. Ysraýyldan bir şalyk hasasy göterilip, Mowabyň maňlaýyny ýarar, Şisleriň başyny mynjyradar.

18. Edom eýeleniler, Segir öz duşmanlarynyň mülküne öwrüler. Ysraýyl bolsa has kuwwatlanar.

19. Ýakup neslinden bolan biri höküm sürer, Galada diri galanlaryň baryny gyrar».

20. Soňra ol amaleklere seredip, sözüni şeýle dowam etdi: «Amalek milletleriň naýbaşysydy, Emma onuň yzy müdimilik ýiter».

21. Onsoň ol kabyllara bakyp, şeýle diýdi: «Siziň mesgeniňiz howpsuz ýerde, Ol gaýanyň depesindäki höwürtge deý amandyr.

22. Emma, eý Kabyl, aşurlar sizi ýesir alanda, Siz ýanyp ýok bolarsyňyz».

23. Bilgam ýene-de sözüni dowam edip, şeýle diýdi: «Hudaý bulary amal edende, ýaşajak adamlaryň dat gününe!

24. Emma Kitimden gämiler gelip, Aşur bilen Eberi gulçulykda ezerler, Olaryň yzy hem müdimilik ýiter».

25. Şondan soň Bilgam öýüne tarap ýola düşdi. Ballak hem öz ýoly bilen gitdi. ‎

About Çölde Chapter 24

Read Çölde Chapter 24 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Çölde in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Çölde
Chapter: 24
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Çölde. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Çölde Chapter 24 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Çölde Chapter 24?

Çölde Chapter 24 is part of the Book of Çölde in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Çölde Chapter 24 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from çölde

  1. Çölde Chapter 15
  2. Çölde Chapter 11
  3. Çölde Chapter 4
  4. Çölde Chapter 3
  5. Çölde Chapter 26
  6. Çölde Chapter 36
  7. Çölde Chapter 34

Explore More from Köne Äht

  1. Nehemýa Chapter 10
  2. Danyýel Chapter 8
  3. 1 patyşalar Chapter 9
  4. Eýýup Chapter 13
  5. Zebur Chapter 130
  6. Kanun taglymaty Chapter 34
  7. Zakarýa Chapter 12

Related Chapters & Readings

  1. Nehemýa Chapter 3
  2. Zebur Chapter 132
  3. Eýýup Chapter 35
  4. 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 21
  5. Zebur Chapter 42
  6. Koloselilere haty Chapter 2
  7. Süleýmanyň pähimleri Chapter 5
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *