Müsürden çykyş Chapter 27

For English

Read Müsürden çykyş Chapter 27 Online

Read Müsürden çykyş Chapter 27 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Müsürden çykyş in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Müsürden çykyş and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Müsürden çykyş 27

Bap 27

1. «Akasiýa agajyndan gurbanlyk sypasyny ýasa. Onuň uzynlygy bäş tirsek, ini hem bäş tirsek bolsun. Gurbanlyk sypasy dörtburç şekilinde bolup, beýikligi hem üç tirsek bolsun.

2. Gurbanlyk sypasynyň dört burçy-da ýokary çykyp dursun. Şu burçlar gurbanlyk sypasy bilen bir bitewi bolsun. Ony bürünç bilen gapla.

3. Gurbanlyk sypasy üçin kül gaplary, kül atarlar, legenler, çarşaklar we maňňallar ýasa. Olaryň hemmesi bürünçden bolsun.

4. Gurbanlyk sypasy üçin bürünçden torly gözenek ýasa. Onuň dört burçunyň hersine bürünçden halka ýasa.

5. Halkalary gurbanlyk sypasynyň aşaky gurşawynda ýerleşdir, şonda gözenek gurbanlyk sypasynyň ýarysyndan aşakda bolar.

6. Akasiýa agajyndan syryklar ýasa we olary bürünç bilen gapla.

7. Gurbanlyk sypasyny iki tarapyndan göterip äkider ýaly, syryklary halkalardan geçir.

8. Gurbanlyk sypasynyň daşyny tagtadan ýasap, gutusynyň içini boş goý. Ol saňa edil dagda görkezilişi ýaly ýasalsyn».

9. «Mukaddes çadyryň haýatyny gur. Haýatyň günorta tarapynda ýüz tirsek uzynlykda nepis zygyr matadan perdeler as.

10. Perdeler üçin ýigrimi sany sütün we ýigrimi sany aýak ýasa. Olar diňe bürünçden bolsun, emma onuň ildirgiçleri we jähekleri kümüşden bolsun.

11. Demirgazyk tarapy üçin hem şeýle et. Onuň boýuna ýüz tirsek uzynlykda perdeler tut. Perdeler üçin bürünçden ýigrimi sany sütün we ýigrimi sany aýak ýasa, emma onuň ildirgiçleri we jähekleri kümüşden bolsun.

12. Haýatyň günbatar tarapyna elli tirsek uzynlykda perdeler tutulsyn we ol perdeler üçin on sany sütün we on sany aýak ýasa.

13. Haýatyň öň tarapy bolan gündogar tarapynyň giňligi elli tirsek bolsun.

14. Onuň bir tarapyna uzynlygy on bäş tirsek bolan perdeler tut. Olaryň hem üç sütüni we üç aýagy bolsun.

15. Beýleki tarapyna hem on bäş tirsek uzynlykda perdeler tut, onuň-da üç sütüni we üç aýagy bolsun.

16. Haýatyň girelgesine gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan uzynlygy ýigrimi tirsek bolan perdeler tut we olary nagyşlar bilen keşdele. Onuň dört sütüni we dört aýagy bolsun.

17. Haýatyň töweregindäki ähli sütünler kümüş bilen jäheklensin. Onuň ildirgiçleri kümüşden, aýaklary bürünçden bolsun.

18. Haýatyň uzynlygy ýüz tirsek, ini elli tirsek, beýikligi bäş tirsek bolsun. Onuň nepis zygyr matadan perdeleri we bürünçden aýaklary bolsun.

19. Mukaddes çadyrda ulanylýan ähli esbaplar, onuň ähli gazyklary we onuň haýatynyň ähli gazyklary bürünçden bolsun».

20. «Ysraýyllara aýt, çyra hemişe ýanyp durar ýaly, goý, olar saňa çyra üçin sap zeýtun ýagyny getirsinler.

21. Çyra Rebbe ýüz tutulýan çadyrda, Äht sandygynyň öňündäki tutynyň daş ýüzünde ýanyp dursun. Harun we onuň ogullary çyrany Rebbiň huzurynda ertirden agşama çenli ýaksynlar. Bu ysraýyllar üçin nesilme-nesil dowam etjek ebedilik kanun bolsun». ‎

About Müsürden çykyş Chapter 27

Read Müsürden çykyş Chapter 27 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Müsürden çykyş in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Müsürden çykyş
Chapter: 27
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Müsürden çykyş. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Müsürden çykyş Chapter 27 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Müsürden çykyş Chapter 27?

Müsürden çykyş Chapter 27 is part of the Book of Müsürden çykyş in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Müsürden çykyş Chapter 27 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Köne Äht

  1. Zebur Chapter 130
  2. Hoşeýa Chapter 1
  3. Zebur Chapter 51
  4. Eýýup Chapter 5
  5. Zebur Chapter 49
  6. Gelip çykyş Chapter 18
  7. Zebur Chapter 44

Explore More from müsürden çykyş

  1. Müsürden çykyş Chapter 9
  2. Müsürden çykyş Chapter 30
  3. Müsürden çykyş Chapter 5
  4. Müsürden çykyş Chapter 33
  5. Müsürden çykyş Chapter 2
  6. Müsürden çykyş Chapter 31
  7. Müsürden çykyş Chapter 17

Related Chapters & Readings

  1. Işaýa Chapter 7
  2. Müsürden çykyş Chapter 22
  3. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 19
  4. Işaýa Chapter 12
  5. Çölde Chapter 18
  6. Müsürden çykyş Chapter 18
  7. Işaýa Chapter 36
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *