Ezekiýel Chapter 33

For English

Read Ezekiýel Chapter 33 Online

Read Ezekiýel Chapter 33 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ezekiýel in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Ezekiýel and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Ezekiýel 33

Bap 33

1. Maňa Rebbiň sözi geldi:

2. «Eý, ynsan ogly! Men bir ýurduň üstünden gylyç inderenimde, ol ýurduň halky öz arasyndan bir adamy saýlap, özlerine gözegçi goýjakdygyny halkyňa aýt.

3. Gözegçi ýurduň üstüne gylyjyň gelýändigini görende, halka duýduryş bermek üçin surnaý çalar.

4. Şonda kim surnaý sesini eşidibem, ägä bolmasa we gylyç gelip, ony öldürse, onuň gany öz boýnuna bolar.

5. Ol surnaý sesini eşidibem, ägä bolmady; onuň gany öz boýnuna bolar; ýöne ägä bolan öz janyny halas eder.

6. Gözegçi gylyjyň gelýändigini görübem, surnaý çalmasa, halka duýduryş bermese we gylyç gelip, olardan biriniň janyny alsa, bu adam öz etmişi üçin öldüriler. Emma onuň gany üçin Men gözegçi bilen haklaşaryn.

7. Eý, ynsan ogly! Men seni ysraýyl halkyna gözegçi goýdum; sen Menden söz eşidip, olara Meniň tarapdan duýduryş berersiň.

8. Men erbet adama: „Eý, erbet adam, sen hökman ölersiň!“ diýenimde, öz ýolundan ägä bolar ýaly, erbede duýdurmasaň we erbet adam öz etmişi üçin ölse, onuň gany üçin Men seniň bilen haklaşaryn.

9. Dogry ýola düşer ýaly, erbet adamy öz ýolundan habardar etseň, emma ol şonda-da öz ýolundan dönmese, ol etmişi sebäpli öler, emma sen öz janyňy halas edersiň.

10. Eý, ynsan ogly! Ysraýyl halkyna: „Siz: Jenaýatlarymyz we günälerimiz bizi çökerýär, olardan ýaňa eräp ýok bolup barýarys. Bu ýagdaýda biz nähili diri galarys? diýýärsiňiz“ diý.

11. Olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Öz barlygymdan ant içýärin. Men erbet adamyň ölüminden däl-de, onuň erbet ýolundan dönüp, diri galmagyndan hoşal bolýaryn. Dönüň! Erbet ýollaryňyzdan dönüň! Eýsem, sen näme üçin öljek, eý, ysraýyl halky?“.

12. Eý, ynsan ogly, öz halkyňa şeýle diý: „Günä eden güni dogruçyl adamyň dogruçyllygy ony halas etmez we erbetliginden dönen güni erbet adamyň erbetligi onuň heläk bolmagyna sebäp bolmaz. Dogruçyl adam günä eden güni öňki dogruçyllygy sebäpli diri galmaz“.

13. Men dogruçyl adam hakda „Elbetde, ol diri galar“ diýenimde, ol öz dogruçyllygyna bil baglap, erbetlik etse, onuň ähli dogry işleri ýatlanman, gaýtam ol öz eden erbetliginde öler.

14. Men erbet adama „Sen hökman ölersiň“ diýenimde, ol öz günäsinden dönüp, adalaty we dogruçyllygy ýerine ýetirse,

15. girewi yzyna berse, ogurlan zadyny tölese we erbetlik etmän, ýaşaýşyň düzgünlerinde ýörese, ol hökman ýaşar, ölmez.

16. Eden günäleriniň hiç biri ýatlanylmaz; ol adalaty we dogruçyllygy ýerine ýetirendir, ol hökman diri galar.

17. Ýöne seniň halkyň „Taňrynyň ýoly dogry däl“ diýýär; olaryň öz ýollary dogry däl.

18. Dogruçyl adam dogruçyllygyndan dönüp, erbetlik etse, munuň üçin ol öler.

19. Erbet adam erbetliginden dönüp, adalaty we dogruçyllygy ýerine ýetirse, olar arkaly diri galar.

20. Eý, ysraýyl halky, siz „Taňrynyň ýoly dogry däl“ diýýärsiňiz. Munuň üçin, eý, ysraýyl halky, Men siziň her biriňizi öz tutan ýoluňyza görä höküm etjekdirin!».

21. Sürgünde bolýan wagtymyzyň on ikinji ýylynyň onunjy aýynyň bäşine Iýerusalimden gaçyp gutulan bir adam meniň ýanyma gelip: «Şäher basylyp alyndy» diýdi.

22. Ýaňky adam gelmezinden öň, agşam Rebbiň eli meniň üstümdedi. Ertesi irden ýaňky adam ýanyma gelmänkä, Reb maňa dil bitirdi. Dilim açyldy, indi men lal däldim.

23. Maňa Rebbiň sözi geldi:

24. «Eý, ynsan ogly! Ysraýyl ýurdundaky harabaçylyklarda ýaşaýan ilat: „Ybraýym ýeke adamdy, ol bu ýurdy miras aldy; emma biz köp; indi bu ýurt mülk hökmünde bize berlendir“ diýýärler».

25. Şonuň üçin olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Siz eti gany bilen iýýärsiňiz, gözleriňizi butlaryňyza dikýärsiňiz, gan dökýärsiňiz; onsoň ýurdy siz miras alarmysyňyz?

26. Siz gylyjyňyza daýanýarsyňyz, nejis işler edýärsiňiz, her kes öz goňşusynyň aýalyny haram edýär; onsoň ýurdy siz miras alarmysyňyz?»

27. Olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Öz barlygymdan ant içýärin, harabalykdakylar gylyçdan heläk bolarlar; çöldäkileri iýmit bolar ýaly, ýyrtyjy haýwanlara bererin; galadakylar we gowakdakylar bolsa mergiden ölerler.

28. Men ýurdy harabaçylyga öwrerin we weýran ederin, onuň kuwwatynyň buýsanjy tamam bolar; Ysraýylyň daglary çolaryp galar, olardan geçen bolmaz.

29. Eden nejis işleri sebäpli ýurdy weýran edenimden we harabaçylyga öwrenimden soň, olar Meniň Rebdigimi bilerler».

30. «Sen, eý, ynsan ogly, diwarlaryň gapdalynda, öýleriň gapysynda halkyň sen barada gürrüň edýär we biri-birine, her kim öz doganyna: „Gel, Rebden gelen sözüň nämedigini eşideli!“ diýýär.

31. Halk üýşüp, seniň ýanyňa gelýär. Meniň halkym huzuryňda oturýar, sözleriňi diňleýär, emma ony berjaý etmeýär; olaryň dillerinde söýgi aýdymy bolsa-da, ýürekleri haram gazançlarynyň yzyna eýerýär.

32. Ine, sen olar üçin oňat saz çalyp, mahmal owazyň bilen söýgi aýdymlaryny aýdýan bagşysyň. Olar seniň sözleriňi diňleýärler, emma olary berjaý etmeýärler.

33. Ine, bu sözler dogry çykanda dogry çykyp hem gelýär olar öz aralarynda bir pygamberiň bolandygyny bilerler».

About Ezekiýel Chapter 33

Read Ezekiýel Chapter 33 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ezekiýel in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Ezekiýel
Chapter: 33
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Ezekiýel. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Ezekiýel Chapter 33 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Ezekiýel Chapter 33?

Ezekiýel Chapter 33 is part of the Book of Ezekiýel in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Ezekiýel Chapter 33 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Ezekiýel

  1. Ezekiýel Chapter 18
  2. Ezekiýel Chapter 9
  3. Ezekiýel Chapter 10
  4. Ezekiýel Chapter 46
  5. Ezekiýel Chapter 16
  6. Ezekiýel Chapter 6
  7. Ezekiýel Chapter 2

Explore More from Köne Äht

  1. 1 patyşalar Chapter 17
  2. Işaýa Chapter 25
  3. Eýýup Chapter 31
  4. Müsürden çykyş Chapter 3
  5. Ýeşuwa Chapter 1
  6. Danyýel Chapter 11
  7. Ezekiýel Chapter 29

Related Chapters & Readings

  1. Resullaryň Işleri Chapter 4
  2. Markusyň Hoş Habary Chapter 9
  3. 2 patyşalar Chapter 5
  4. Amos Chapter 7
  5. Işaýa Chapter 64
  6. Zebur Chapter 136
  7. Ýermeýa Chapter 33
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *