1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 10

For English

Read 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 10 Online

Read 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 10 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby 10

Bap 10

1. Piliştliler Ysraýylyň garşysyna söweş etdi. Ysraýyllar piliştlilerden gaçyp, Gilbowa dagynda köpüsi gyryldy.

2. Piliştliler Şawulyň we onuň ogullary Ýonatanyň, Abynadabyň hem-de Malkyşuwanyň yzyndan kowup ýetip, onuň ogullaryny öldürdiler.

3. Şawula garşy söweş güýçlendi, ýaýçylar ony tapdylar we agyr ýaraladylar.

4. Şawul ýaragçy nökerine şeýle diýdi: «Gylyjyňy al-da, meni öldür; sünnetsizleriň elinden ölüp, olara göz bolmaýyn» diýdi. Emma onuň ýaragçy nökeri juda gorkdy we beýle etmek islemedi. Şoňa görä, Şawul öz gylyjyny aldy-da, onuň üstüne özüni oklady.

5. Şawulyň ölendigini gören ýaragçy nökeri-de öz gylyjynyň üstüne özüni oklap öldi.

6. Şeýdip, Şawul, onuň üç ogly – tutuş maşgala bir günde öldi.

7. Deredäki ähli ysraýyllar goşunyň gaçandygyny, Şawulyň we onuň ogullarynyň ölendigini görüp, öz galalaryny taşlap gaçdylar. Piliştliler gelip, galalary eýelediler.

8. Ertesi gün piliştliler öldürilenleri talamak üçin gelenlerinde, Gilbowa dagynda Şawul bilen onuň ogullaryny jesedini tapdylar.

9. Olar Şawulyň kellesini kesip, ýaragyny aldylar we buthanalaryna hem-de halkyna habar bermek üçin, tutuş piliştlileriň ýurduna çaparlar gönderdiler.

10. Şawulyň ýaragyny öz buthanalarynda goýdular, kellesini bolsa Dagonyň buthanasyndan asdylar.

11. Piliştlileriň Şawula edenlerini Gilgatdaky Ýabeşiň ilaty eşidende,

12. onuň gaýduwsyz adamlarynyň ählisi aýaga galdy. Olar Şawul bilen onuň ogullarynyň jesedini alyp, Ýabeşe getirdiler. Olar bularyň süňklerini Ýabeşdäki dub agajynyň astynda jaýlap, ýedi günläp agyz beklediler.

13. Şeýdip, Şawul Hudaýa biwepalyk edendigi üçin öldi. Ol Rebbiň buýrugyny berjaý etmänliginden ötri, jadygöýden maslahat sorapdy.

14. Ol Rebden soramandy. Şonuň üçin hem Reb ony öldürdip, patyşalygyny Ýyşaýyň ogly Dawuda berdi.

About 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 10

Read 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 10 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Chapter: 10
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 10 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 10?

1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 10 is part of the Book of 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 10 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from 1-ýyl-ýazgylarynyň-kitaby

  1. 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 8
  2. 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 5
  3. 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 28
  4. 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 27
  5. 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 25
  6. 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 24
  7. 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 23

Explore More from Köne Äht

  1. Süleýmanyň pähimleri Chapter 19
  2. 2 Şamuwel Chapter 8
  3. Işaýa Chapter 32
  4. Zebur Chapter 96
  5. Müsürden çykyş Chapter 3
  6. Işaýa Chapter 24
  7. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 32

Related Chapters & Readings

  1. Zebur Chapter 51
  2. Zebur Chapter 63
  3. Ezekiýel Chapter 29
  4. Zebur Chapter 12
  5. Gelip çykyş Chapter 17
  6. Eýýup Chapter 3
  7. Müsürden çykyş Chapter 2
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *