Read Ezekiýel Chapter 35 Online
Read Ezekiýel Chapter 35 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ezekiýel in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Ezekiýel and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Ezekiýel 35
Bap 35
1. Maňa Rebbiň sözi geldi:
2. «Eý, ynsan ogly! Ýüzüňi Segir dagyna tarap öwür-de, onuň garşysyna pygamberlik et.
3. Oňa Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Eý, Segir dagy, Men saňa garşydyryn; elimi saňa tarap uzadyp, seni weýran edip, harabaçylyga öwrerin.
4. Galalaryňy weýran ederin, sen harabaçylyga öwrülersiň; onsoň sen Meniň Rebdigimi bilersiň.
5. Sende ebedi duşmançylyk bar. Sen ysraýyl halkynyň başyna bela gelen güni, soňky jezasy döwründe olary gylyja tabşyrdyň.
6. Şonuň üçin hem Öz barlygymdan ant içýärin, Hökmürowan Reb diýýär: ganyňy akdyraryn we gan seni kowalar. Gan dökmekligi ýigrenmändigiň üçin, gan seni kowalar.
7. Segir dagyny weýran edip, harabaçylyga öwrerin; ol ýere gelip-gidýäni kesip taşlaryn.
8. Daglaryňy jesetden dolduraryn; gylyçdan geçirilenler seniň depeleriňde, dereleriňde we jülgeleriňde ýatarlar.
9. Seni ebedilik harabaçylyga öwrerin, galalaryň ilatsyz bolar. Onsoň sen Meniň Rebdigimi bilersiň“».
10. «Men-Reb ol ýerde bolsam-da, sen „Bu iki millet, bu iki ýurt biziňki bolar, biz ony eýeläris“ diýdiň.
11. Şonuň üçin hem Hökmürowan Reb şeýle diýýär: Öz barlygymdan ant içýärin, Men hem seniň halkyma bolan ýigrenjiň sebäpli görkezen gahar we göripligiňe laýyk iş keserin. Seniň üstüňden höküm çykaranymda, ysraýyllaryň arasynda Özümi aýan ederin.
12. Şonda sen Meniň Rebdigimi bilersiň. Men seniň Ysraýyl daglaryna: „Harabaçylyk! Bular bize iýmäge berildi!“ diýip aýdan ähli sögünçleriňi eşitdim.
13. Sen diliň bilen Maňa garşy gedemlik etdiň, Meniň garşyma biderek ýaňradyň, Men muny eşitdim».
14. Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Bütin dünýäniň şatlanýan mahaly Men seni harabaçylyga öwrerin.
15. Sen ysraýyl halkynyň mirasy harabaçylyga öwrülende, näçe şatlanan bolsaň, şonça-da ejir çekersiň. Sen, eý, Segir dagy tutuş Edom harabaçylyga öwrülersiň. Şonda sen Meniň Rebdigimi bilersiň».
About Ezekiýel Chapter 35
Read Ezekiýel Chapter 35 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ezekiýel in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Ezekiýel
Chapter: 35
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Ezekiýel. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Ezekiýel Chapter 35 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Ezekiýel Chapter 35?
Ezekiýel Chapter 35 is part of the Book of Ezekiýel in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Ezekiýel Chapter 35 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Ezekiýel
- Ezekiýel Chapter 9
- Ezekiýel Chapter 18
- Ezekiýel Chapter 10
- Ezekiýel Chapter 6
- Ezekiýel Chapter 46
- Ezekiýel Chapter 41
- Ezekiýel Chapter 20
Explore More from Köne Äht
- Amos Chapter 1
- Işaýa Chapter 12
- Ýunus Chapter 1
- Ezekiýel Chapter 32
- Mika Chapter 4
- Zebur Chapter 81
- Wagyz kitaby Chapter 11