Read Ezekiýel Chapter 42 Online
Read Ezekiýel Chapter 42 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ezekiýel in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Ezekiýel and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Ezekiýel 42
Bap 42
1. Onsoň ol adam meni demirgazyk tarapdan daşky howla çykardy. Hudaýyň öýüniň meýdançasynyň we ymaratyň gapdalyndaky demirgazyk otaglara getirdi.
2. Gapysy demirgazyga bakýan bu ymaratyň uzynlygy ýüz tirsek, ini elli tirsekdi.
3. Içki howlynyň ini ýigrimi tirseklik boş aralygynyň we daşky howlynyň daş ýolunyň arasynda üç gatly biri-birinden beýgelýän eýwanlar bardy.
4. Bu iki hatar otaglaryň arasynda gezer ýaly ini on tirsek, uzynlygy ýüz tirsek bolan däliz bardy; onuň gapylary demirgazyga bakýardy.
5. Ýokarky otaglar dardy, sebäbi jaýyň aşaky we ortaky otaglaryna garanda, eýwanlar olardan köpräk ýer tutýardy.
6. Olar üç gatdan ybaratdy, howlynyň sütünleri ýaly sütünleri ýokdy; şonuň üçin ýokarky eýwan aşaky we ortaky eýwandan darrak edilipdi.
7. Otaglaryň öňünde otaglara we daşky howla tarap uzalýan diwar bardy, onuň uzynlygy elli tirsekdi.
8. Daşky howludaky otaglaryň uzynlygy elli tirsekdi; ybadathananyň garşysyndaky gapdal otaglaryň uzynlygy bolsa ýüz tirsekdi.
9. Bu otaglara daşky howludan girjek bolsaň, gündogar tarapdaky aşaky geçelgeden bir girelge bardy.
10. Içki howlynyň gündogar tarapynda meýdança we ymarata bakýan başga otaglar hem bardy.
11. Demirgazyk tarapdaky otaglarda bolşy ýaly, bu otaglaryň hem deňinde bir geçelge bardy. Otaglaryň uzynlygy we ini birmeňzeşdi; olaryň ähli çykalgalary, gurluşy we gapylary edil şolar ýalydy.
12. Şeýdip, günbatardaky otaglara edil demirgazykdaky ýaly diwaryň ýanyndaky gündogar tarapdan uzalýan aşaky geçelgeden girilýärdi.
13. Ol adam maňa şeýle diýdi: «Meýdançanyň demirgazygyndaky we günortasyndaky otaglar mukaddes otaglardyr. Rebbe hyzmat edýän ruhanylar iň mukaddes zatlary ol ýerde iýerler; iň mukaddes zatlary, galla sadakasyny, günä we ýazyk gurbanlyklaryny ol ýerde goýarlar; çünki ol ýer mukaddesdir.
14. Ruhanylar mukaddes ýere girenlerinde, hyzmat edýän wagty geýýän geýimlerini bu otaglarda çykaryp goýmazdan daşky howla çykmasynlar, sebäbi bu geýimler mukaddesdir. Halkyň ýanyna çykmazdan öň, olar başga geýimler geýmelidirler».
15. Ol adam mukaddes ýeri ölçäp bolanyndan soň, meni gündogara tarap bakýan derwezeden çykaryp, diwaryň töwereginiň uzynlygyny ölçedi.
16. Ölçeg taýagy bilen mukaddes ýeriň gündogar tarapyny ölçedi: bu ölçeg taýagy boýunça bäş ýüz tirsek çykdy.
17. Onuň demirgazyk tarapyny ölçedi, ölçeg taýagy boýunça bäş ýüz tirsekdi.
18. Onuň günorta tarapyny ölçedi: ölçeg taýagy boýunça bäş ýüz tirsek çykdy.
19. Onuň günbatar tarapyny ölçedi: ölçeg taýagy boýunça bäş ýüz tirsek çykdy.
20. Ony dört tarapyndan hem ölçedi. Mukaddes zady ýönekeý zatdan aýyrmak üçin onuň daş-töwereginde bir diwar bardy. Onuň uzynlygy-da, ini-de bäş ýüz tirsege deňdi.
About Ezekiýel Chapter 42
Read Ezekiýel Chapter 42 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ezekiýel in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Ezekiýel
Chapter: 42
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Ezekiýel. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Ezekiýel Chapter 42 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Ezekiýel Chapter 42?
Ezekiýel Chapter 42 is part of the Book of Ezekiýel in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Ezekiýel Chapter 42 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Ezekiýel
- Ezekiýel Chapter 1
- Ezekiýel Chapter 45
- Ezekiýel Chapter 2
- Ezekiýel Chapter 46
- Ezekiýel Chapter 34
- Ezekiýel Chapter 32
- Ezekiýel Chapter 11
Explore More from Köne Äht
- Amos Chapter 5
- Nagmalar nagmasy Chapter 4
- Sepanýa Chapter 2
- Kanun taglymaty Chapter 20
- Kanun taglymaty Chapter 32
- 1 patyşalar Chapter 8
- Gelip çykyş Chapter 20