Ezekiýel Chapter 3

For English

Read Ezekiýel Chapter 3 Online

Read Ezekiýel Chapter 3 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ezekiýel in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Ezekiýel and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Ezekiýel 3

Bap 3

1. Ol maňa: «Eý, ynsan ogly! Özüňe berleni iý, şu kagyzy iýeniňden soň bolsa git-de, ysraýyl halky bilen gepleş» diýdi.

2. Onsoň men agzymy açdym we Ol bu kagyzy maňa iýmäge berdi.

3. Ol maňa: «Eý, ynsan ogly! Garnyňy doýur, bu kagyzdan içiňi doldur; muny saňa berýärin» diýdi. Onsoň men ony iýdim, ol agzymda bal ýaly süýjüdi.

4. Ol maňa şeýle diýdi: «Eý, ynsan ogly! Bar, git-de, ysraýyl halkyna Meniň sözlerimi aýt.

5. Men seni düşnüksiz gepleýän we dili kyn millete däl-de, ysraýyl halkynyň arasyna iberýärin.

6. Hawa, seni düşnüksiz gepleýän, dili kyn we sözlerine düşünip bolmaýan beýleki köp milletleriň arasyna iberemok. Olara ibersedim, olar seni hökman diňlärdiler.

7. Emma ysraýyl halky seni diňlemek islemez, olar hatda Meni-de diňlemek islemeýärler; çünki bütin ysraýyl halky keçjal we doňýürekdir.

8. Seret, Men seni edil olar ýaly keçjal we doňýürek etdim.

9. Seniň maňlaýyňy almaz ýaly çakmakdaşyndan hem gaty etdim. Olar pitneçi halkdyr, olardan gorkma, ýüzlerinden heder etme».

10. Ol maňa ýene-de şulary diýdi: «Eý, ynsan ogly! Meniň saňa aýdýan ähli sözlerime gowuja gulak goý we ýüregiňe ornaşdyr.

11. Onsoň sürgün edilen halkyňyň ýanyna git-de, olara aýt. Isle diňlesinler, isle diňlemesinler, olara: „Hökmürowan Reb şeýle diýýär“ diý».

12. Ruh meni ýokary galdyrdy, men ýeňsämden: «Rebbiň şöhratyna Öz mekanynda alkyş bolsun!» diýen äpet gopgunly sesi eşitdim.

13. Bu jandarlaryň biri-birlerine degýän ganatlarynyň we olaryň gapdallaryndaky tigirleriň äpet gopgunly sesidi.

14. Ruh meni ýokary göterip, bu ýerden alyp gitdi. Rebbiň eli meniň üstümde berk durdy we janym gahardan dolup, men gaýgy-hasratda gitdim.

15. Onsoň men Kebar kanalynyň ýakasyndaky Telabypda ýaşaýan sürgündäkileriň ýanyna bardym. Men olaryň ýaşaýan ýerinde, olaryň arasynda ýedi günläp aňk-taňk bolup oturdym.

16. Ýedi gün geçenden soň, maňa Rebbiň sözi geldi:

17. «Eý, ynsan ogly! Men seni ysraýyl halkyna gözegçi belledim. Meniň her bir aýdýan sözümi diňle-de, Menden olara duýduryş ber.

18. Men erbet adama: „Sen hökman ölersiň“ diýsem, sen hem oňa duýduryş bermeseň ýa-da onuň ömrüni halas etmek üçin erbet ýollaryndan el çekmek barada onuň bilen gepleşmeseň, ol erbet adam öz günäsi zerarly öler, emma onuň gany üçin Men seniň bilen haklaşaryn.

19. Emma sen erbede duýduryş berseň, ol-da erbetlikden el çekmese, ýaramaz gylyklaryny üýtgetmese, ol öz günäsi zerarly öler, emma sen öz janyňy halas edersiň.

20. Eger dogruçyl adam dogruçyllygyndan dönüp, erbetlige ýüz ursa, Men ony agyr güne salaryn, ol hem öler. Sen ol adama duýduryş bermeseň, ol öz günäsi zerarly öler we onuň eden dogry işleri ýatlanmaz. Men onuň ganyny bolsa senden talap ederin.

21. Ýöne dogruçyl adam günä etmez ýaly, oňa duýduryş berseň, ol-da günä etmese, elbetde, ol diri galar, sebäbi oňa duýduryş berildi; sen hem öz janyňy halas edersiň».

22. Ol ýerde Rebbiň eli meniň üstümdedi. Ol maňa: «Tur, düzlüge git, ol ýerde Men seniň bilen gepleşjek» diýdi.

23. Şeýlelikde, men turup, düzlüge gitdim. Ol ýerde Rebbiň şöhraty Kebar kanalynyň ýakasynda gören şöhratym ýalydy, men ýüzin ýykyldym.

24. Ruh içime girip, meni aýak üstüne galdyrdy. Ol meniň bilen gepleşip, şeýle diýdi: «Git-de, öýüňde gapyny içinden gulpla.

25. Ýöne sen, eý, ynsan ogly, boýnuňa tanap atylyp baglanarsyň. Şeýdip, sen halkyň arasyna gidip bilmersiň.

26. Olaryň pitneçi halkdygy üçin Men diliňi damagyňa ýapyşdyraryn, sen lal bolarsyň we olara öwüt berip bilmersiň.

27. Emma Men seniň bilen gepleşip, diliňi açaryn we sen olara: „Hökmürowan Reb şeýle diýýär!“ diýersiň. Goý, diňlän diňlesin, diňlemedik ýüz öwürsin, çünki olar bir pitneçi halkdyr».

About Ezekiýel Chapter 3

Read Ezekiýel Chapter 3 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ezekiýel in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Ezekiýel
Chapter: 3
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Ezekiýel. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Ezekiýel Chapter 3 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Ezekiýel Chapter 3?

Ezekiýel Chapter 3 is part of the Book of Ezekiýel in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Ezekiýel Chapter 3 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Ezekiýel

  1. Ezekiýel Chapter 9
  2. Ezekiýel Chapter 18
  3. Ezekiýel Chapter 10
  4. Ezekiýel Chapter 6
  5. Ezekiýel Chapter 46
  6. Ezekiýel Chapter 41
  7. Ezekiýel Chapter 20

Explore More from Köne Äht

  1. Müsürden çykyş Chapter 39
  2. Ýowel Chapter 1
  3. Gelip çykyş Chapter 48
  4. Işaýa Chapter 56
  5. 2 Şamuwel Chapter 20
  6. Müsürden çykyş Chapter 29
  7. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 30

Related Chapters & Readings

  1. 2 patyşalar Chapter 20
  2. Markusyň Hoş Habary Chapter 16
  3. Işaýa Chapter 53
  4. 2 Korintoslylara haty Chapter 7
  5. Filimuna haty Chapter 1
  6. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 36
  7. Işaýa Chapter 38
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *