Ester Chapter 2

For English

Read Ester Chapter 2 Online

Read Ester Chapter 2 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ester in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Ester and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Ester 2

Bap 2

1. Şu wakalardan soň Kserks patyşanyň gahary ýatyşyp, ol şa aýaly Waşty, onuň eden işi hem-de oňa garşy çykarylan perman barada pikirlendi.

2. Onsoň patyşanyň emeldarlary oňa şeýle teklip etdiler: «Goý, patyşa üçin görmegeý, ýaş, boý gyzlary tapsynlar.

3. Olary Suza galasynda ýerleşen haremhana getirtmek üçin, patyşa öz patyşalygyndaky bütin welaýatlarda synçylary bellesin. Olar patyşanyň aýallara sakçylyk edýän agtasy Hegaýyň gözegçiligi astynda goýulsynlar; olara owadanlyk serenjamlary berilsin.

4. Patyşanyň göwnüne ýaran gyzlaryň biri şa aýaly Waştynyň deregine şa aýaly bolsun». Bu teklip patyşa ýarap, ol olaryň aýdyşy ýaly hem etdi.

5. Suza galasynda Mordekaý atly bir ýahuda bardy. Ol benýamin tiresinden bolan Kişiň çowlugy, Şimginiň agtygy, Ýaýyryň ogludy.

6. Ýahuda patysasy Ýehoýakyn bilen birlikde Kiş hem Iýerusalimden Babyla ýesir edilipdi. Olary Babyl patysasy Nebukadnesar ýesir edip äkidipdi.

7. Mordekaý daýysynyň gyzy Hadassany, ýagny Esteri özi terbiýeläp kemala getiripdi, çünki ol gyzyň ejesi-de, kakasy-da ýokdy. Ol syratly, görmegeý boý gyzdy. Onuň ejesi, kakasy ölenden soň, Mordekaý ony özüne gyzlyga alypdy.

8. Şeýdip, patyşanyň tabşyrygy we permany yglan edilip, birtopar boý gyzlar Suza galasyna getirilip, Hegaýyň gözegçiligi astynda goýuldy. Ester hem patyşanyň köşgüne getirilip, aýallara sakçylyk edýän Hegaýyň gözegçiligine berildi.

9. Bu gyz Hegaýyň göwnünden turup, onuň merhemetini gazandy. Ol dessine Esteri owadanlyk serenjamlary hem-de iýmitden ýetdik paý bilen üpjün edip, patyşanyň köşgünden ýedi kenizi saýlap, ony kenizler bilen bile haremhananyň iň oňat ýerine geçirdi.

10. Ester öz milleti we maşgalasy barada hiç zat aýtmady, çünki Mordekaý bu barada dil ýarmazlygy oňa tabşyrypdy.

11. Esteriň hal-ýagdaýyny we oňa näme bolýanyny bilmek üçin, Mordekaý her gün haremhananyň howlusynyň öňünde gezmelärdi.

12. Patyşanyň huzuryna barmazdan öň, aýallar düzgüni boýunça gyz on iki aýlyk timar beriş döwrüni geçmelidi. Bu döwürde gyzlara alty aý mür ýagy bilen, alty aý hem atyrlar hem-de owadanlyk serenjamlary bilen timar berilýärdi.

13. Boý gyz patyşanyň huzuryna gidende, oňa haremhanadan özi bilen äkitmäge soran zadyny bererdiler.

14. Ol gyz agşam patyşanyň ýanyna gidip, ertesi patyşanyň gyrnak aýallaryna seredýän agtasy Şagaşgazyň gözegçiligi astyndaky ikinji haremhana gaýdyp gelerdi. Patyşanyň göwnüne ýarap, patyşa adyny tutup çagyrýança, ol ikilenç patyşanyň huzuryna barmazdy.

15. Ester Mordekaýyň gyzlygy, onuň daýysy Abyhaýylyň gyzydy. Patyşanyň huzuryna barmak nobaty ýetende, ol patyşanyň aýallara gözegçilik edýän agtasy Hegaýyň aýdanlaryndan başga hiç zat soramady. Ester özüni görenleriň barynyň göwnünden turdy.

16. Ester Kserksiň patyşalygynyň ýedinji ýylynyň onunjy aýy bolan Tebet aýynda patyşanyň huzuryna äkidildi.

17. Ähli aýallaryň içinden patyşa Esteri saýlady. Ol patyşanyň nazarynda beýleki gyzlaryň ählisinden köp merhemet we mähir gazandy. Şeýdip, ol Esteriň başyna şalyk täjini geýdirip, ony şa aýaly Waştynyň ýerine öz şa aýaly etdi.

18. Soňra patyşa Esteriň hatyrasyna özüniň ähli begleri hem-de köşk emeldarlary üçin meýlis gurady. Ol ähli welaýatlara dynçlyk berdi, hemmelere sahylyk bilen sowgat-serpaýlar etdi.

19. Boý gyzlar ikinji gezek bir ýere toplanylanda, Mordekaý köşk emeldarydy.

20. Ester Mordekaýyň tabşyryşy ýaly özüniň maşgalasy we milleti hakynda olara hiç zat aýtmandy, çünki ol Mordekaýyň tabşyryklaryny özüniň terbiýelenen wagtyndakysy ýaly ýerine ýetirýärdi.

21. Mordekaýyň köşk emeldary bolup işleýän döwründe patyşanyň gapy saklaýan agtalary Bigtan we Tereş gaharlanyp, Kserksi patyşany öldürmegi ýüreklerine düwdüler.

22. Mordekaý muny bilip, şa aýaly Estere habar berdi. Ester hem muny Mordekaýyň adyndan patyşa habar berdi.

23. Bu iş barlanylyp, munuň, hakykatdan-da, şeýledigine göz ýetirilenden soň, olaryň ikisi-de dardan asyldy. Bu waka patyşanyň huzuryndaky ýyl ýazgylaryna ýazyldy.

About Ester Chapter 2

Read Ester Chapter 2 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ester in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Ester
Chapter: 2
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Ester. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Ester Chapter 2 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Ester Chapter 2?

Ester Chapter 2 is part of the Book of Ester in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Ester Chapter 2 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Ester

  1. Ester Chapter 1
  2. Ester Chapter 2
  3. Ester Chapter 4
  4. Ester Chapter 6
  5. Ester Chapter 3
  6. Ester Chapter 9
  7. Ester Chapter 8

Explore More from Köne Äht

  1. Müsürden çykyş Chapter 1
  2. Müsürden çykyş Chapter 33
  3. Eýýup Chapter 22
  4. Zebur Chapter 66
  5. 1 Şamuwel Chapter 11
  6. Kanun taglymaty Chapter 20
  7. 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 28

Related Chapters & Readings

  1. Mattanyň Hoş Habary Chapter 20
  2. Ester Chapter 3
  3. Gelip çykyş Chapter 38
  4. Zakarýa Chapter 6
  5. Işaýa Chapter 63
  6. Wagyz kitaby Chapter 8
  7. Süleýmanyň pähimleri Chapter 30
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *