Read Ezekiýel Chapter 25 Online
Read Ezekiýel Chapter 25 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ezekiýel in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Ezekiýel and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Ezekiýel 25
Bap 25
1. Maňa Rebbiň sözi geldi:
2. «Eý, ynsan ogly! Ýüzüňi ammonlara tarap öwür-de, olaryň garşysyna pygamberlik et.
3. Hökmürowan Rebbiň sözüni eşidiň! Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Meniň mukaddes öýümi harlanlarynda, Ysraýyl ýurduny weýran edenlerinde we ýahuda halkyny sürgün edenlerinde, siz olar barada: ‘Pah-pah! Ne ajap!’ diýşip begendiňiz.
4. Şonuň üçin, ine, Men sizi mülk hökmünde gündogar halklarynyň eline bererin. Olar düşelgelerini siziň araňyzda gurarlar, çadyrlaryny sizde dikerler, olar siziň miweleriňizi iýerler, süýdüňizi içerler.
5. Raba galasyny düýeleriň örüsine we Ammon ýurdyny dowarlaryň ýatagyna öwrerin. Onsoň siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz“».
6. Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Siz elleriňizi çarpyp, tans etdiňiz, Ysraýyl ýurduna bolan ýigrenjiňiz bilen ýürekden şatlandyňyz.
7. Şonuň üçin hem, ine, Men elimi siziň garşyňyza uzatdym. Sizi milletlere olja edip bererin. Men sizi halklaryň arasyndan sogrup zyňaryn, ýurtlaryň arasyndan süpürip taşlaryn, sizi ýok ederin. Onsoň siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz».
8. Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Mowap bilen Segir: „Ýahuda halky hem beýleki milletler ýalydyr“ diýdiler.
9. Şonuň üçin Men Mowabyň bir gapdalyny böwsüp, ýurduň şöhraty bolan serhet şäherlerine Beýtýeşimota, Bagalmegona we Kirýataýyma zarba uraryn.
10. Men Mowaby ammonlar bilen birlikde gündogar halklarynyň eline mülk edip bererin. Şeýdip, ammonlar milletler arasynda hiç haçan ýatlanylmaz.
11. Mowaba hökümler çykararyn, şonda olar Meniň Rebdigimi bilerler».
12. Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Edom öç almak bilen ýahuda halkynyň garşysyna hereket etdi, olardan öç alyp, agyr günä batdy.
13. Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men elimi Edomyň garşysyna uzadyp, ondan ynsany-da, haýwany-da sogrup taşlaryn we ony harabaçylyga öwrerin. Olar Teýmandan Dedana çenli aralykda gylyçdan heläk bolarlar.
14. Men Edomdan halkym Ysraýylyň eli bilen öç alaryn. Olar Edomda Meniň gahar-gazabym boýunça hereket ederler, onsoň olar Meniň öjümiň nämedigini bilerler“». Muny Hökmürowan Reb aýdýar.
15. Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ebedi duşmançylygy bolan piliştliler ýahudalardan ar aldylar, ýüreklerindäki ýigrenç zerarly olary ýer bilen ýegsan edip öç aldylar.
16. Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Ine, Men elimi piliştlileriň garşysyna uzadyp, olardan keretlileri sogrup taşlaryn, deňiz ýakasynda galanlaryny ýok ederin.
17. Gazaply jezalar bilen olardan agyr öç alaryn. Şonda olar Meniň Rebdigimi bilerler“».
About Ezekiýel Chapter 25
Read Ezekiýel Chapter 25 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ezekiýel in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Ezekiýel
Chapter: 25
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Ezekiýel. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Ezekiýel Chapter 25 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Ezekiýel Chapter 25?
Ezekiýel Chapter 25 is part of the Book of Ezekiýel in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Ezekiýel Chapter 25 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Ezekiýel
- Ezekiýel Chapter 2
- Ezekiýel Chapter 11
- Ezekiýel Chapter 6
- Ezekiýel Chapter 1
- Ezekiýel Chapter 34
- Ezekiýel Chapter 9
- Ezekiýel Chapter 18
Explore More from Köne Äht
- Ýeşuwa Chapter 15
- Ysraýyl serdarlary Chapter 15
- Nahum Chapter 2
- Ezekiýel Chapter 11
- Zebur Chapter 64
- 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 9
- Müsürden çykyş Chapter 12