Read Çölde Chapter 27 Online
Read Çölde Chapter 27 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Çölde in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Çölde and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Çölde 27
Bap 27
1. Onsoň Selophadyň gyzlary öňe çykdylar. Selophat Heperiň ogly, Gilgadyň agtygy, Makyryň çowlugy, Ýusubyň ogly Manaşeniň ýuwlugydy. Ol Manaşeniň urugyndandy. Onuň gyzlarynyň atlary Mahla, Noga, Hogla, Milka we Tirsady.
2. Olar gelip, Musanyň, ruhany Elgazaryň, baştutanlaryň we bütin halkyň öňünde, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesinde durup:
3. «Biziň atamyz çölde jan berdi. Ol Rebbiň garşysyna baş göteren Koranyň toparyna goşulmady, ol öz günäsi üçin öldi we ondan ogul galmady.
4. Ogly bolmanlygy üçin, kakamyzyň ady öz urugynyň arasyndan ýitip gidäýmelimi? Kakamyzyň dogan-garyndaşlarynyň arasyndan bize-de mülk beriň» diýdiler.
5. Musa bularyň dawasyny Rebbiň dykgatyna ýetirdi.
6. Reb Musa şeýle jogap berdi:
7. «Selophadyň gyzlarynyň diýýäni dogry, sen hökman olara kakalarynyň dogan-garyndaşlarynyň arasyndan mülk ber hem-de kakalarynyň ýer paýyny olara geçir.
8. Ysraýyllara-da aýt, eger bir adam ölse we onuň yzynda ogly galmasa, onda onuň mülki gyzyna geçirilmelidir.
9. Eger onuň gyzy hem bolmasa, onda onuň mülki doganlaryna berilsin.
10. Eger onuň doganlary-da bolmasa, onda mülki atasynyň doganlaryna berilsin.
11. Eger atasynyň doganlary-da bolmasa, onda mülki öz urugyndan oňa iň ýakyn bolan garyndaşyna berilsin. Men Rebbiň Musa buýruşym ýaly, ysraýyllara şeýle düzgün parz bolsun».
12. Reb Musa şeýle diýdi: «Abarym daglarynyň aralygynda ýerleşýän şu dagyň depesine çyk-da, Meniň ysraýyllara berýän ýurduma syn et.
13. Ony synlanyňdan soň, sen hem doganyň Harun ýaly, öz ata-babalaryňa gowşarsyň.
14. Çünki siz ikiňiz Sin çölünde halk Meniň garşyma baş göterende, Meniň emrime garşy çykdyňyz. Çeşmäniň boýunda, olaryň gözüniň alnynda Meniň mukaddesdigimi ykrar etmediňiz». (Bu Sin çölündäki Meriba-kadeş çeşmesidir.)
15. Musa Rebbe:
16. «Reb, ähli adamzadyň gözbaşy bolan Hudaý, goý, halkyň üstünden bir adamy ýolbaşçy bellesin.
17. Ol bellenen adam söweşde baştutan bolup, halkyň öňüne düşsün, goý, Rebbiň jemagaty çopansyz süri ýaly bolmasyn» diýdi.
18. Onda Reb Musa şeýle diýdi: «Depesinde Ruhum bolan Nunuň ogly Ýeşuwany alyp gel we elleriňi onuň üstünde goý.
19. Ony ruhany Elgazaryň we bütin halkyň öňünde duruzyp, olaryň gözüniň alnynda ony halka ýolbaşçy belle.
20. Bütin ysraýyl halky tabyn bolar ýaly, oňa öz ygtyýarlyklaryňdan ber.
21. Emma ol her bir meselede ruhany Elgazara maslahat salsyn. Elgazar bolsa oňa Urymyň kömegi bilen Rebbiň islegini bilip berer. Ýeşuwa we bütin ysraýyl halky hemme ýagdaýda şuňa garap iş tutsun».
22. Musa Rebbiň özüne buýruşy ýaly etdi. Ol Ýeşuwany getirip, ruhany Elgazaryň we bütin halkyň öňünde duruzdy.
23. Onsoň ellerini Ýeşuwanyň depesinde goýup, Rebbiň özüne aýdyşy ýaly, ony halkyň ýolbaşçysy belledi.
About Çölde Chapter 27
Read Çölde Chapter 27 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Çölde in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Çölde
Chapter: 27
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Çölde. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Çölde Chapter 27 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Çölde Chapter 27?
Çölde Chapter 27 is part of the Book of Çölde in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Çölde Chapter 27 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from çölde
- Çölde Chapter 4
- Çölde Chapter 3
- Çölde Chapter 26
- Çölde Chapter 12
- Çölde Chapter 23
- Çölde Chapter 16
- Çölde Chapter 8
Explore More from Köne Äht
- Zebur Chapter 108
- Müsürden çykyş Chapter 28
- 1 Şamuwel Chapter 4
- 2 patyşalar Chapter 24
- Işaýa Chapter 49
- Amos Chapter 1
- Ýermeýa Chapter 44