Read Zebur Chapter 74 Online
Read Zebur Chapter 74 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Zebur in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Zebur and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Zebur 74
Bap 74
1. Eý, Hudaý, näme üçin bizi hemişelik taşladyň? Näme üçin öriňdäki goýunlara lowlaýar Seniň gazabyň?
2. Ýatla Sen gadymdan Özüň üçin saýlan halkyňy – Özüňe taýpa edinmek üçin azat edenleriňi, ýatla Sen mesgen tutunan Siýon dagyňy.
3. Müdimi harabalyklara howluk-da, sal sen nazary – duşman weýran etdi mukaddes öýüňdäki ähli zatlary.
4. Ybadat öýünde duşmanlaryň arlap gygyrdy, olar nyşanlaryny şol ýerde dikdi.
5. Olar göýä gür agaçlyga paltalary aýlap salýan kişiniň keşbindediler.
6. Indi bolsa ähli haşamlaryny bir pursatyň içinde palta, çekiç bilen parçaladylar.
7. Mukaddes öýüňi oda ýakdylar, Seniň mesgeniňi haramladylar, ony ýer bilen ýegsan etdiler.
8. Öz-özlerine şeýle diýdiler: «Olaryň baryny tabyn edeliň». Hudaýyň ýurdundaky ähli ybadat öýlerini oda berdiler.
9. Biz görmeýäris gudratly alamatlary, indi hiç bir pygamber hem ýok; haçana çenli şeýle boljagyny bilýän aramyzda ýok.
10. Eý, Hudaý, duşman haçana çenli ýaňsylamaly? Duşman Seniň adyňa ebedilik dil ýetirsinmi?
11. Näme üçin goluňy yza çekýärsiň? Eliňi goltugyňdan çykaryp, olary ýok et!
12. Eý, Hudaý, ezelden bäri Sen Patyşamsyň, ýer ýüzünde halas ediş işlerini berjaý edýärsiň.
13. Gudratyň arkaly Sen deňzi böldüň, deňiz aždarhalarynyň başlaryny suwlarda döwdüň.
14. Liwýatanyň başlaryny kül-owram edip, ony çöl wagşylaryna şam edip berdiň.
15. Gözbaşlar ýardyryp, bulaklary akdyrdyň, haýbatly derýalary gus-gury etdiň.
16. Gündiz Seniňki, gije Seniňki, Sen gögüň yşyklaryny, Güni berkarar etdiň.
17. Ýeriň ähli çäklerini Sen çekdiň, Sen tomsy, gyşy ýaratdyň.
18. Ýa Reb, ýatla duşmanyň ýaňsylaýşyny, akmak halkyň Seniň adyňy har edişini.
19. Wagşy haýwanlara berme Öz gumryň janyny, ebedilik unutma pukaralaryň ýaşaýyşyny.
20. Öz ähtiňi ýatla, çünki ýurduň ähli buky ýerleri zulum öýlerinden ýaňa dos-doly.
21. Ezilenler ryswa bolmasyn, pukaralar, mätäçler adyňy şöhratlandyrsyn.
22. Eý, Hudaý, galk-da, dawaň üçin dawalaş, akmagyň günuzyn Seni ýaňsylaýşyny ýatla.
23. Öz duşmanlaryňyň seslerini unutma; Saňa garşy baş galdyrýanlaryň gohy dyngysyz artýar.
About Zebur Chapter 74
Read Zebur Chapter 74 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Zebur in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Zebur
Chapter: 74
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Zebur. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Zebur Chapter 74 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Zebur Chapter 74?
Zebur Chapter 74 is part of the Book of Zebur in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Zebur Chapter 74 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Köne Äht
- Zebur Chapter 130
- Hoşeýa Chapter 1
- Zebur Chapter 51
- Eýýup Chapter 5
- Zebur Chapter 49
- Gelip çykyş Chapter 18
- Zebur Chapter 44
Explore More from Zebur
- Zebur Chapter 150
- Zebur Chapter 65
- Zebur Chapter 2
- Zebur Chapter 38
- Zebur Chapter 14
- Zebur Chapter 138
- Zebur Chapter 71