Read Zakarýa Chapter 14 Online
Read Zakarýa Chapter 14 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Zakarýa in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Zakarýa and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Zakarýa 14
Bap 14
1. Ine, Rebbiň güni gelýär! Eý, Iýerusalim halky, sizden alnan olja öz gözüňiziň alnynda paýlaşylar.
2. Men Iýerusalimiň garşysyna uruşmak üçin ähli halklary ýygnaryn. Şäherler basylyp alnar, öýler talanar, aýallar zorlanar. Şäher halkynyň ýarysy sürgün ediler, ýöne halkyň galan bölegi şäherden çykarylmaz.
3. Onsoň Reb çykyp, söweş günündäki ýaly edip, şol halklaryň garşysyna urşar.
4. Şol gün Onuň aýagy gündogarda – Iýerusalimiň öňündäki Zeýtun dagynda bolar. Bu dag gündogardan günbatara ägirt uly jülge bolup, ikä bölüner; dagyň ýarysy demirgazyga, ýarysy günorta çekiler.
5. Siz Rebbiň dagynyň jülgesiniň içi bilen gaçarsyňyz, sebäbi ol jülge Asele çenli uzalyp gider. Siz şonda Ýahuda patyşasy Uzyýanyň döwründe bolan ýertitremeden gaçyşyňyz ýaly gaçarsyňyz. Şol wagt meniň Hudaýym Reb ähli mukaddesler bilen bile geler.
6. Şol gün yşyk bolmaz, asmandaky yşyk çeşmeleri doňar.
7. Ol diňe Rebbe aýan bolan aýratyn bir gün bolar. Ol ne gündize meňzär, ne-de gijä; agşamyna ýagty bolar.
8. Şol gün Iýerusalimde suw joşar. Suwuň ýarysy gündogardaky deňze, ýarysy günbatardaky deňze akar. Bu gyşyna-da, tomsuna-da şeýle dowam eder.
9. Reb tutuş ýer ýüzüniň şasy bolar. Şol gün Reb ýeke-täk Reb bolar we Onuň ady ýeke-täk at bolar.
10. Gebadan Iýerusalimiň günortasyndaky Rimmona çenli tutuş ýurt düzlüge öwrüler. Emma Iýerusalim Benýamin derwezesinden öňki derwezäniň ýerleşen ýerine, Çüňk derwezesine çenli, ýagny Hananel diňinden patyşanyň üzüm sykylýan ýerine çenli aralykdaky belentlikde galar.
11. Iýerusalimde adamlar ýaşar, ol indiden beýläk ýok edilmez. Şäher howpsuz bolar.
12. Iýerusalimiň garşysyna urşan halklary Reb şu belalar bilen jezalandyrar: Heniz aýak üstünde gezip ýörkäler – tenleri, hanasyndaka – gözleri, agyzlaryndaka – dilleri çüýrär.
13. Şol gün olary Reb uly aljyraňňylyga salar, her kim öz gapdalyndakynyň elinden tutar, biri-birine ýumruk salarlar.
14. Hatda ýahudalar-da Iýerusalimde urşarlar. Daş-töwerekdäki ähli halklaryň baýlygy: uly möçberde altyn-kümşi, geýimleri ýygnalar.
15. Atlardyr gatyrlara, düýelerdir eşeklere hem-de olaryň düşelgelerinde bolan beýleki ähli haýwanlara-da şunuň ýaly belalar bilen jeza berler.
16. Iýerusalimiň üstüne çozan halklardan aman galanlary Patyşa, ýagny Hökmürowan Rebbe ybadat etmek hem-de Çatma baýramyny bellemek üçin ýylyň-ýylyna Iýerusalime giderler.
17. Patyşa, ýagny Hökmürowan Rebbe ybadat etmek üçin ýer ýüzündäki halklardan Iýerusalime gitmedikler ýagyş garasyny görmez.
18. Eger Müsür nesli hem gidip, şuny berjaý etmese, Reb olara-da Çatma baýramyny bellemäge gitmedik halklaryň başyndan inderen belasyny inderer.
19. Müsüriň hem-de Çatma baýramyny bellemäge gitmedik halklaryň ählisiniň jezasy şeýle bolar.
20. Şol gün hatda atlaryň jaňjagazlaryna-da «Rebbe bagyş edilen» diýip ýazylar; Rebbiň ybadathanasyndaky gazanlar hem gurbanlyk sypasynyň öňündäki jamlar ýaly bolar.
21. Iýerusalimdäki hem-de Ýahudadaky her bir gazan Hökmürowan Rebbe bagyş ediler. Gurbanlyk bermäge gelenler olary gurbanlyk etini bişirmek üçin ulanarlar. Şol günden beýläk Hökmürowan Rebbiň ybadathanasynda ýekeje-de söwdagär bolmaz.
About Zakarýa Chapter 14
Read Zakarýa Chapter 14 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Zakarýa in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Zakarýa
Chapter: 14
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Zakarýa. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Zakarýa Chapter 14 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Zakarýa Chapter 14?
Zakarýa Chapter 14 is part of the Book of Zakarýa in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Zakarýa Chapter 14 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Köne Äht
- Zebur Chapter 130
- Hoşeýa Chapter 1
- Zebur Chapter 51
- Zebur Chapter 49
- Eýýup Chapter 5
- Gelip çykyş Chapter 18
- Zebur Chapter 44
Explore More from zakarýa
- Zakarýa Chapter 4
- Zakarýa Chapter 2
- Zakarýa Chapter 10
- Zakarýa Chapter 5
- Zakarýa Chapter 1
- Zakarýa Chapter 9
- Zakarýa Chapter 7