Danyýel Chapter 1

For English

Read Danyýel Chapter 1 Online

Read Danyýel Chapter 1 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Danyýel in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Danyýel and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Danyýel 1

Bap 1

1. Ýahuda patyşasy Ýehoýakymyň patyşalygynyň üçünji ýylynda Babyl patyşasy Nebukadnesar öz goşuny bilen Iýerusalime hüjüm edip, onuň daş-töweregini gabady.

2. Taňry Ýahudanyň patyşasy Ýehoýakymy hem-de Hudaýyň ybadathanasyndaky gap-gaçlaryň bir bölegini onuň golastyna berdi. Nebukadnesar ol zatlary Şingara getirdi. Ol Hudaýyň ybadathanasyndan getirilen gap-gaçlary öz hudaýlarynyň buthanasyndaky gaznasynda goýdy.

3. Soňra Nebukadnesar özüniň baş gözegçisi Aşpenaza ysraýyllaryň arasyndan patyşanyň we han-begleriň maşgalasyndan bolan ýigitleriň birnäçesini getirmegi buýurdy.

4. Bu ýaş ýigitler bedenleri hiç hili şikessiz, görmegeý, her bir ylymdan baş çykarýan, bilimli, öwrenmäge ukyply we patyşanyň köşgünde hyzmat etmäge mynasyp bolmalydylar. Olara babyllylaryň edebiýaty we dili öwredilmelidi.

5. Patyşa öz gündelik köşk saçagyndan olara bir paý nahar we şerap bölüp berdi. Olar üç ýyl okadylyp, üçünji ýylyň ahyrynda patyşanyň huzurynda hyzmat etmäge getirilmelidiler.

6. Saýlananlaryň arasynda ýahuda tiresinden Danyýel, Hananýa, Mişaýyl we Azarýa bardy.

7. Baş gözegçi olaryň adyny üýtgetdi. Danyýele Belteşasar, Hananýa Şadrak, Mişaýyla Meýşak, Azarýa Abednego diýip at goýdy.

8. Danyýel özüni haram etmezligi ýüregine düwdi. Şeýdip, ol baş gözegçiden özüniň patyşanyň saçagyndan bölüp berilýän nahardan, şerapdan saklanmagyny haýyş etdi.

9. Baş gözegçiniň nazarynda Hudaý Danyýele merhemet we rehim-şepagat berdi.

10. Baş gözegçi Danyýele: «Men onuň alyhezretleri patyşadan gorkýaryn. Ol siziň nahar we içgi paýyňyzy bölüp berdi ahyryn. Eger siziň ýüzüňiziň özüňiz bilen deň bolan beýleki ýaş ýigitleriňkiden hordygyny görse, ol janymy jähenneme iberer» diýdi.

11. Soňra Danyýel baş gözegçiniň özüniň, Hananýanyň, Mişaýylyň we Azarýanyň üstünden goýan sakçysyndan haýyş edip, şeýle diýdi:

12. «Öz gullaryňy on gün synap göräý. Goý, bize iýmek üçin gök-önümler, içmek üçin bolsa suw berilsin.

13. Şundan soň sen biziň ýüzümizi köşk saçagyndan iýýän beýleki ýigitleriň ýüzi bilen deňeşdirip bilersiň we öz gullaryňa näme etmegi isleseň, gözel göwnüň».

14. Şeýdip, sakçy bu pikir bilen ylalaşyp, olary on gün synap gördi.

15. On günden soň bu dört ýigit köşk saçagyndan naharlanýanlaryň hemmesinden has görmegeý we daýaw göründiler.

16. Şeýdip, sakçy olaryň köşk saçagyndan iýmeli naharyny, içmeli şerabyny özüne alyp galyp, olara diňe gök-önümler berdi.

17. Hudaý bu dört ýigide edebiýatyň we ylmyň her bir ugruny öwrenmäge bilim bilen ukyp berdi. Danyýel her bir görlen düýşi we görnüşleri ýorup bilýärdi.

18. Patyşanyň olary getirmegi buýran möhleti gelip ýetende, baş gözegçi olary Nebukadnesaryň huzuryna getirdi.

19. Patyşa olaryň ählisi bilen tanyşdy. Olaryň hemmesiniň içinde Danyýel, Hananýa, Mişaýyl we Azarýa dagy bilen deňeşdirer ýalysy tapylmady. Şonuň üçin patyşanyň hyzmatyna olar bellendiler.

20. Patyşa her bir ylym ýa-da düşünje bilen baglanyşykly mesele hakda soranda, öz patyşalygyndaky ähli jadygöýlerdir palçylardan olaryň on esse artykdygyny gördi.

21. Kureş patyşanyň şalygynyň birinji ýylyna çenli Danyýel şol ýerde köşkde hyzmat etdi.

About Danyýel Chapter 1

Read Danyýel Chapter 1 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Danyýel in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Danyýel
Chapter: 1
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Danyýel. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Danyýel Chapter 1 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Danyýel Chapter 1?

Danyýel Chapter 1 is part of the Book of Danyýel in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Danyýel Chapter 1 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from danyýel

  1. Danyýel Chapter 5
  2. Danyýel Chapter 3
  3. Danyýel Chapter 2
  4. Danyýel Chapter 4
  5. Danyýel Chapter 6
  6. Danyýel Chapter 12
  7. Danyýel Chapter 10

Explore More from Köne Äht

  1. Hagaý Chapter 1
  2. Lewiler kitaby Chapter 4
  3. Müsürden çykyş Chapter 2
  4. Zebur Chapter 97
  5. Ýermeýa Chapter 12
  6. Ýunus Chapter 2
  7. Zebur Chapter 69

Related Chapters & Readings

  1. Rut Chapter 2
  2. Zebur Chapter 26
  3. Zebur Chapter 112
  4. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 36
  5. Ezekiýel Chapter 28
  6. 2 patyşalar Chapter 2
  7. Zebur Chapter 79
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *