Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 3

For English

Read Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 3 Online

Read Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 3 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Pawlusyň Rimlilere haty in the New Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Pawlusyň Rimlilere haty and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Pawlusyň Rimlilere haty 3

Bap 3

1. Şeýlelikde, ýehudynyň näme artykmaçlygy bar? Sünnetliligiň peýdasy näme?

2. Ähli babatda köp. Çünki Hudaýyň sözleri ilki ýehudylara ynanyldy.

3. Onda näme? Käbirleri iman etmände, olaryň imansyzlygy Hudaýyň ynamdarlygyny ýok edermi?

4. Asla etmez! Ýöne: «Sen Öz sözleriňde dogry çykyp, üstüňden höküm çykarylanda, ýeňer ýaly» diýip ýazylyşy kimin, bütin adamlar ýalançy bolsa-da, Hudaý dogruçyldyr.

5. Biziň nädogrulygymyz Hudaýyň dogrulygyny görkezýän bolsa, onda näme diýeris? Adamlaryň pikir edişine görä aýdýaryn, gazap edýän Hudaý adalatsyzmydyr?

6. Ýok! Beýle bolsa, Hudaý dünýäniň üstünden nähili höküm çykaryp biler?

7. Sebäbi meniň ýalanym bilen Hudaýyň hakykaty Onuň şöhratyny artdyrýan bolsa, näme üçin ýene men günäli hökmünde höküm edilýärin?

8. Käbirleriniň bize töhmet atyp, şeýle gürleýşimizi aýdyşy ýaly, näme üçin: «Ýagşylyk geler ýaly, ýamanlyk edeliň» diýmäli? Olaryň hökümi dogrudyr.

9. Indi näme? Biziň artykmaçlygymyz barmy? Asla ýokdur, çünki biz bary günä astyndadyr diýip, öň hem ýehudylary, hem-de grekleri günäkär etdik.

10. Hiç dogry adam ýok, biri-de ýok.

11. Düşünýän ýok, Hudaýy agtarýan ýok.

12. Hemmesi ýoldan çykdy, olaryň ählisi dereksiz boldy. Ýagşylyk edýän ýok, biri-de ýok.

13. Olaryň bogazy açyk gabyrdyr. Olar dilleri bilen aldaýarlar, dodaklarynda gömülgeniň zäheri bar.

14. Olaryň agzy gargyşdan, ajylykdan doludyr.

15. Olaryň aýagy gan dökmäge ýorga.

16. Olaryň ugran ugry weýrançylyk bilen zorlukdyr.

17. Olar parahatlyk ýoluny bilmediler,

18. gözleriniň öňünde Hudaýdan gorkma ýok» diýlip ýazylandyr.

19. Ýöne her agyz baglanyp, bütin dünýä Hudaýyň hökümine sezewar bolar ýaly, Mukaddes Kanunyň aýdýanlarynyň baryny kanun astyndakylara aýdýandygyny bilýäris.

20. Munuň üçin, Onuň huzurynda hiç kim kanun işlerini etmek bilen aklanmaz, çünki günäni bilmek kanun arkaly döreýändir.

21. Kanun we pygamberler tarapyndan güwä geçilen Hudaýyň dogrulygy,

22. ýagny Isa Mesihe iman arkaly iman edenleriň ählisine we ählisiniň üstünde bolan Hudaýyň dogrulygy şu wagt kanunsyz aýan boldy.

23. Çünki hiç bir parh ýok, sebäbi bary günä edip, Hudaýyň şöhratyndan mahrum boldy.

24. Olar Isa Mesihde bolan gutulyş arkaly Onuň merhemeti bilen mugt aklanar.

25. Hudaý Mesihi ganyna iman arkaly merhemet kürsüsi edip goýdy. Ol muny ozal Öz sabry astynda ýüze çykan günäleriň ötülmegine degişli adalatyny görkezmek üçin,

26. Özi adyl bolup, Mesihe iman edeni aklar ýaly, Özüniň häzirki zaman adalatyny görkezmek üçin etdi.

27. Onda öwünme nirede? Ol daşarda. Haýsy kanun bilen? Işleriňki bilenmi? Ýok, iman kanuny bilen.

28. Çünki biz adam kanun işlerinden üzňelikde, iman arkaly aklanar diýip hasap edýäris.

29. Eýsem, Hudaý diňe ýehudylaryň Hudaýymy? Özge milletleriňki hem dälmi? Ol, elbetde, olaryň hem Hudaýy.

30. Sebäbi sünnetlileri-de öz imanlary arkaly, sünnetsizleri-de öz imanlary arkaly aklajak Hudaý ýalňyz Hudaýdyr.

31. Onda biz iman arkaly kanuny ýatyrýarysmy? Ýok, ony berkarar edýäris.

About Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 3

Read Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 3 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Pawlusyň Rimlilere haty in the New Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Pawlusyň Rimlilere haty
Chapter: 3
Testament: New Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Pawlusyň Rimlilere haty. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 3 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 3?

Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 3 is part of the Book of Pawlusyň Rimlilere haty in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 3 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from pawlusyň-rimlilere-haty

  1. Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 4
  2. Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 1
  3. Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 15
  4. Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 13
  5. Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 2
  6. Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 16
  7. Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 9

Explore More from Täze Äht

  1. Ýahýa gelen ylham Chapter 2
  2. Ýewreýlere haty Chapter 3
  3. Lukanyň Hoş Habary Chapter 21
  4. 2 Korintoslylara haty Chapter 13
  5. Mattanyň Hoş Habary Chapter 26
  6. Mattanyň Hoş Habary Chapter 12
  7. Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 7

Related Chapters & Readings

  1. Ýermeýa Chapter 30
  2. Lewiler kitaby Chapter 16
  3. 2 Timoteosa haty Chapter 1
  4. Petrusyň ikinji haty Chapter 2
  5. Markusyň Hoş Habary Chapter 6
  6. Zebur Chapter 74
  7. Markusyň Hoş Habary Chapter 14
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *